Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bazarlardaky arzanlaşyk az ýaşady, ataly-ogul adamlary aldamakda aýyplanýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredilen emeli bolçulyk we arzançylyk bir hepdä hem çekmedi; şol bir wagtda prezidentiň wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň sebit bazarlaryna eden iş saparlarynyň netijesini diňläp, baýramçylyk söwdasynda käbir harytlary 50% arzanlatmak barada beren buýrugynyň hem berjaý edilmeýändigi habar berilýär. Ýerli synçylar ýurtda önüm öndürijileriň “el-aýagynyň daňylmagy” we “giň ýaýran korrupsiýa” netijesinde dörän haryt gytçylygynyň indi wezipe basgançaklarynda çalasyn ýokary galdyrylan Serdar Berdimuhamedowy hem gözden düşürýändigini belleýärler.

Käbir harytlary 50%-e çenli arzanlatmak baradaky görkezme Lebabyň bazarlaryna täsir etmeýär, munuň üstesine, 25-nji dekabrda irden arzan et almaga gelen we nobata duran raýatlar, bahasyny görüp, satuwa çykarylan iri mal etlerini alman gaýtdylar diýip, Lebapdaky habarçymyz habar berýär.

Onuň sözlerine görä, 25-nji dekabr güni irden Türkmenabadyň üç bazarynda, hersinde azyndan 300 adamyň nobata duran söwda nokatlarynda birden döwletiň satylýan etiň bahasyny gymmatladandygy barada gürrüň ýaýrady. Emma adamlar ‘mümkin däl’ diýip, nobata durmaklaryny dowam etdirdiler.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň gelip gören Ak bazarynda şol gün ilata satylmaly eti ullakan awtoulagda getirdiler. Nobata duran raýatlaryň ýüzünde şatlyk, gözlerinde begenç görünýärdi. Eti awtoulagdan düşürdiler we tekçeleriň üstünde, 2 kilogramdan paketlere salyp, taýýar edip goýdular. Emma et nobatym ýetende, 2 kilogram et üçin uzadan 70 manadymy alman, onuň her kilogramynyň 70 manat bolandygyny aýtdylar diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjy gürrüň berdi.

Nobata duran 300 töweregi adam täze nyrhy eşidip, goh-galmagal etmäge başlady, adamlar bazarkomdan düşündiriş talap etdiler.

Bazarkom adamlaryň öňüne çykyp, “ýok, siz nädogry düşündiňiz, biz hem 70 manat diýip ýalňyşypdyrys, häzir telegramma geldi, döwlet tarapyndan satylýan etiň her kilogramy 55 manat” diýdi.

“24-nji dekabrda et 37 manatdan satylýardy, bu gün, 25-nji dekabrda etiň kilogramy eýýäm 55 manat boldumy?” diýip, Ak bazara et almaga gelen adamlar nägilelik bildirdi. Emma bazarkom diňe Aşgabatdan gelen nyrhlary aýdandygyny, özüniň hiç bir haryda baha kesmändigini aýtdy; 20 minutda 300 adamly nobat dargap gitdi, awtoulagdaky we tekjelerdäki 2 tonna et alynman galdy, 55 manatdan et almaga howlugan adam bolmady diýip, habarçy aýtdy.

Gahary gelen adamlaryň biri gygyryp, gidip barşyna öz nägileligini bildirdi: “Hususy dükanlarda iri malyň etini 64 manatdan alsaň, islän ýeriňden kesip berýärler, siziň paketiňizde bolsa, içýag, kelle eti hem garylan!..”

Habarçy bu maglumaty Türkmenabadyň 1-nji etrapçasyndaky bazarda, 66 diýilýän bazarda we Ak bazarda şaýat bolan zatlaryna, gürleşen adamlaryna salgylanyp berýär.

Prezidentiň bahalary 50% arzanlatmak barada beren görkezmesine garamazdan, kesgitli bahadan berilýän azyk önümleriniň bahalary paýtagt töwereklerinde hem gymmatlady.

Ösümlik ýagynyň her çüýşesiniň bahasy 35 manat, şekeriň kilogramy 18 manat boldy, olar öň degişlilikde 19 we 9 manat bahalanýardy diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ösümlik ýagy we şeker kesgitli bahadan satylýan önümleriň sanawyndan çykaryldy. Olar häzir dükanlarda erkin bahadan, 35 we 18 manatdan satylýar.

Satyjylaryň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler Täze ýyldan kesgitli nyrhdan önüm satmagy bes etmek kararyna geldiler.

Bazarda 35 manatdan arzan et satmagy bes etdiler, indi etiň her kilogramynyň döwlet bahasy 70 manat boldy, ýöne etiň bu nyrhynyň hem näçe wagt saklanyp biljegi belli däl; adamlar häkimiýetleriň azyk bolçulygy meselesini çözüp biljekdigine ynanmaýar diýip, habarçy aýtdy.

Töwerekdäki obalardan süýt getirip, döwlet dükanlaryna we hususy dükanlara tabşyrýan adamlar bar. Olar 1,5 litr süýdi 10 manatdan berýärler we satyjylar ony 13 manatdan satyp, peýda görýärler.

1,5 litrlik plastik gapda getirilýän süýt önümlerini dükanlar, belki-de wagtlaýyn, edil häzir kabul etmegi bes etdiler. Munuň sebäbi paýtagtdaky dükanlarda Söwda ministrliginiň degişli bölüminiň geçirýän barlaglary we derňewleri bilen düşündirilýär.

Düýn döwlet dükanlarynda bananyň kilogramy 20 manat bolan bolsa, bu gün 24 manat diýip, habarçy 26-njy dekabrda habar berdi.

Orsýetde öndürilen we möhleti geçýän margariniň 250 gramyny 5 manatdan satýarlar; şu gün Teke bazarynda we Gülistan bazarynda et 70 manatdan satyldy diýip, habarçy belledi.

Ozalky suw gurluşyk inženeri we diplomat, Awstriýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, ýurtda haryt bolmasa, önüm öndürijileriň el-aýagy boşadylmasa, ýokardan aýdyp, nyrhlary arzanladyp bolmaz.

“Bazaryň öz kanunlary bar, harydyň bolmasa, bahasy galar. Şonuň üçin ol, sen diý, diýme, özüňi ýalançy edip görkezmekden başga hiç zat däl ahyryn. Özi ilki ýalançy bolup, masgara boldy, indi ogluny ýalançy edip ýör. Halk görüp dur ahyryn” diýip, Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Şeýle-de Hanamow, bazarlarda bolçulyk, arzançylyk bolmagy üçin haryt köpeldilmeli, önüm öndürijler konkurensiýa, bäsleşik şertlerinde işläp bilmeli, şonda prezident hem, onuň ogly-de beýdip ýalançy bolmaly bolmaz diýip, pikir edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG