Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti GDA döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy


28-nji dekabrda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde GDA-nyň döwlet baştutanlaryň resmi däl sammiti geçirildi.
28-nji dekabrda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde GDA-nyň döwlet baştutanlaryň resmi däl sammiti geçirildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşyga Russiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwlet baştutanlary gatnaşdy.

Sammitde 2021-nji ýylyň jemleri we hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda howpsuzlyk we COVID-19 pandemiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Arkalaşygyň ykdysady bähbitlerini onuň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, goňşy ýurtlaryň we sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna goşulmagyň wajypdygyny belledi. Munuň bilen baglylykda, türkmen prezidenti üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmäge üns çekdi diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda öz ýurdunda hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny ýene bir gezek gaýtalady. Ol bu ugurda Russiýa Federasiýasynda öndürilen sanjymlaryň täsirli bolandygyny aýtdy.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli lukmanlara salgylanyp, ýurt boýunça ençeme koronawirus hadysalarynyň anyklanandygyny habar berip gelýärler.

Berdimuhamedow Russiýadan tapawutlylykda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň başga kliniki alamatly arid zolaklarda ýerleşýändigine ünsi çekip, sebitde COVID-19 wirusynyň genomy öwrenilende bu ýagdaýlardan ugur alynmalydygyny aýtdy.

1991-nji ýylyň dekabrynda Sowet Soýuzy resmi taýdan dargandan soňra, onuň binýadynda post-sowet ýurtlarynyň aglabasyny öz içine alýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döredildi.

“Arkalaşygyň döredilmegi, gürrüňsiz, uly ähmiýete eýe boldy” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň sammitde eden çykyşyny sitirledi. Türkmen metbugatyna görä, Putin öz çykyşynda agza ýurtlaryň howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda, ykdysady ulgamda düýpli ýakynlaşandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan guramanyň 1993-nji ýylda kabul edilen hartiýasyny ratifikasiýa etmedi. Hartiýa Russiýany Sowet Soýuzynyň ýeke-täk kanuny yztutary hökmünde ykrar edýär. Ýöne Türkmenistan 2005-nji ýylda Arkalaşygyň assosirlenen agzasy boldy. Gürjüstan 2009-njy ýylda guramany doly terk etdi. Ukraina soňky ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Russiýa bilen aradaky sowuk gatnaşyklaryň fonunda, 2018-nji ýylda Arkalaşygyň düzümlerine gatnaşmagy bes etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG