Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler mekdep ýangyny 'bilkastlaýyn döredildi' diýýär, deslapky derňew gaz syzmalaryna yşarat edýär


Illýustrasiýa suraty

Häkimiýetler Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky bir orta mekdepde ýüze çykan ýangynyň “bilkastlaýyn döredilendigini” öňe sürüp, bu hadysany “terakt” hökmünde derňemäge synanyşýar. Ýöne deslapky derňewler ýangyna gaz syzmalarynyň sebäp bolandygyna yşarat edýär. Bu hadysa boýunça soňky detallary Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy 4-nji ýanwarda habar berdi.

Azatlyk Radiosy Farap etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 12-nji dekabra geçilen gije ot alandygyny habar beripdi. Bu mekdebiň okuwçylary wagtlaýyn başga mekdeplere paýlanyp berildi.

Mekdepde ýüze çykan ýangyn Türkmenistanyň 12-nji dekabr – Bitaraplyk baýramyna gabat geldi.

Munuň yz ýany, häkimiýetler mekdep ýangynyny “tötänden ýüze çykan pajygaly hadysa” däl-de, “bilkastlaýyn edilen hüjüm hökmünde” derňemäge çalyşýar.

Azatlygyň habarçysyna görä, ýerli häkimiýetler 12-nji dekabr güni Çärjew we Saýat etraplarynda hem-de Türkmenabat şäherinde ýerleşýän başga-da alty mekdepde, hamala, ýangyn hadysalarynyň öňüniň alnandygyny öňe sürýärler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýerli häkimiýetler mekdep ýangynyny daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýa wekilleri ýa-da olaryň ýurt içindäki dogan-garyndaşlary bilen ilteşdirmäge synanyşyk edýärler.

Ýöne ýangyn hadysasynyň yz ýany, habarçymyzyň çeşmesi, deslapky derňewlere salgylanyp, mekdebiň kotelnýasynda, ýagny ýyladyş üçin bug gazanlarynyň ýerleşýän otagynda gazyň syzmagy netijesinde ýangyn hadysasynyň başlanandygyny habar berdiler.

Habarçymyzyň soňky maglumatlaryna görä, bu wakadan soňra Lebap welaýatynda möhüm desgalarda, şol sanda ýangyç guýujy beketlerde howpsuzlyk güýçlendirildi.

Azatlygyň habarçysy ýangyn hadysasynda bir ýangyn söndürijiniň ýaralanandygyny habar berdi.

Wakanyň bolan güni, habarçymyza görä, Farapda bir günläp Internet aragatnaşygy kesildi. Munuň yz ýany, ýerli howpsuzlyk işgärleri 14-nji dekabrda sebitde VPN ulanýan adamlara garşy reýd geçirdi.

Şu günler häkimiýetler Lebap welaýatynyň Çärjew, Farap, Dänew, Darganata we Saýat etraplaryndaky döwlet edara-kärhanalarynyň ýyladyş işçileriniň telefonlaryny barlap, olaryň Internet aragatnaşygyny seljerýärler.

Habarçymyza görä, howpsuzlyk işgärleri VPN üsti bilen daşary döwletlerde hereket edýän oppozisiýa aktiwistleriniň wideo çykyşlaryna tomaşa edýän raýatlara üns gönükdirýärler.

Mundan ozal, tomus günleri, 24-nji awgustda we 30-njy awgustda Aşgabadyň aýry-aýry iki sany köp gatly ýaşaýyş jaýynda, 26-njy iýulda Mary şäherinde ýerleşýän bir köp gatly ýaşaýyş jaýda ýüze çykan, jemi üç töweregi ýangyn hadysasy barada habar berildi. 6-njy iýulda Türkmenabadyň bir köp gatly jaýynda partlama boldy. Has ozal, fewralyň ahyrynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda bir ýaşaýyş jaýynda dörän ýangynda ýedi çaga heläk boldy.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýüze çykýan pajygaly hadysalar barada habar bermeýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosy Täze ýyla geçilen gije, 31-nji dekabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda öý şertlerinde ýasalan feýerwerkiň partlamagy netijesinde dört adamyň heläk bolandygyny we 36 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri bu pajygaly hadysa boýunça Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Prokuratura edarasynyň derňew işlerini alyp barýandyklaryny habar berýär. Şu wagta çenli bu hadysa boýunça üç adam saklanypdyr.

Şeýle-de, neşiriň habaryna görä Milli howpsuzlyk işgärleri bu hadysa boýunça günä bildirilýän adamlar bilen daşary ýurt döwletlerinde hereket edýän syýasy we raýat aktiwistleriniň arasynda ilteşik gurmaga synanyşyk edýär.

Türkmenistanyň hökümeti we döwlet media serişdeleri ýurtda bolup geçýän adatdan daşary ýagdaýlar, tebigy we beýleki jemgyýetçilik betbagtçylyklary, şol sanda koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar barada resmi maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG