Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda subsidirlenen azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar


Subsidirlenen bahalardan azyk paýlaryny satyn almak üçin nobat. Aşgabat, 2021-nji ýylyň dekabry
Subsidirlenen bahalardan azyk paýlaryny satyn almak üçin nobat. Aşgabat, 2021-nji ýylyň dekabry

Türkmenistanda subsidirlenen azyk önümleriniň düzümi we bahalary ýene üýtgedi. Ilata çäkli mukdarda we kesgitlenen bahadan satylýan azyk paýlaryndan käbir ýerlerde ösümlik ýagy we şeker aýryldy, beýleki ýerlerde bu önümleriň bahasy ýokarlandy.

Käbir subsidirlenen önümleriň bahasy ýokarlandy, ösümlik ýagynyň bir litrlik çüýşesi üçin 35 manat, şekeriň bir kilogramy üçin 18 manat soralýar. Muny Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Bahalaryň ýokarlanmagy sebitlere-de degişli. Lebapdaky habarçylaryň aýtmagyna görä, ýerli bazarlarda şekeriň häzirki subsidirlenen bahasy 16 manat. Bahalaryň ýokarlanmagy alyjylaryň arasynda nägileligiň döremegine sebäp boldy. Olar bilen duşuşan bazar başlygy, täze bahalaryň öz ýolbaşçylaryndan gelen buýruga görä, kesgitlenendigini düşündirdi diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy gürrüň berdi.

Mundan öň şeker we ösümlik ýagy bu nyrhdan hususy söwda nokatlarynda satylýardy. Döwlet tarapyndan kesgitlenen ozalky bahadan ösümlik ýagynyň bir litri - 19, şekeriň bir kilogramy 9 manatdan satylýardy.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, ösümlik ýagy we şeker şäheriň käbir ýerlerinde subsidirlenen önümleriň sanawyndan aýrylypdyr. Satyjylar subsidirlenen bahalaryň indiki ýyldan başlap bütinleý ýatyrylyp bilinjekdigini duýdurýarlar.

Geçen gezek subsidirlenen önümleriň bahasy şu ýylyň fewral aýynda ýokarlanypdy.

Bu aralykda, paýtagtyň bazarlarynda dürli önümleriň bahasy, şol sanda häkimiýetler tarapyndan "kesgitlenen" etiň bahasy iki esse ýokarlandy. Tekjelerde etiň bahasy iki esse ýokarlanyp, bir kilogramy 35 manatdan 70 manada ýetdi.

"Satyjylar bu bahany hem saklap boljakdygyna ynanmaýarlar" -diýip, habarçy "Teke bazardaky" we "Gülüstan bazaryndaky" ýagdaý barada habar berdi.

Döwlet dükanlarynda bahalaryň ýokarlanmagy miwelere hem täsir etdi. Bananyň bahasy bir-iki günde bir kilogram üçin 20 manatdan 24 manada çenli ýokarlandy.

Bu aralykda, täjirçilik nyrhlardan haryt satýan Aşgabadyň supermarketlerinde arzanladyşlar yglan edildi. “Orient” ýarym resmi onlaýn neşirinde çap edilen bildirişde Täze ýyl baýramy sebäpli 50% göterim arzanladyşyň iri söwda merkezlerinde “Jomart söwda” diýlip, atlandyrylan kampaniýanyň çäginde güýje girjekdigi habar berildi.

Habarçylaryň sözlerine görä, arzanladyşlar esasan içerde öndürilen önümlere ýa-da möhleti gutarýan import edilýän önümlere degişlidir.

Häzirki wagtda kynçylyklary alyjylar we satyjylar başdan geçirýärler. Hususan-da, paýtagtdaky hususy dükanlar Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän hususy hojalyklardan süýt kabul etmegini wagtlaýynça bes etdiler.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, ýaşaýjylar töwerekdäki obalardan getirýän süýdüni döwlet we hususy dükanlara tabşyryp, plastiki gaplara guýlan bir ýarym litr süýdi 10 manada satýardylar, dükan satyjylary soň bu süýdi 13 manatdan satuwa çykarýardy. Satyjylar Söwda ministrliginiň gözegçilik bölümi tarapyndan geçirilýän barlaglar sebäpli süýdüň kabul edilmeginiň bes edýändigini düşündirýärler.

Bu aralykda, ilatyň arasynda hökümetiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesini çözmek ukybyna ynamsyzlyk barha artýar.

Dowam edýän ykdysady krizis sebäpli, Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplügi çäkli möçberde we belli bir bahadan ilata satylýan subsidirlenen azyk önümlerine bagly bolmagynda galýar. Dört ýyl bäri ýurduň ýaşaýjylary çörek we un ýaly esasy iýmiti satyn almak üçin ençeme sagada çekýän uly nobatlarda durmaga mejbur bolýarlar. Ýurduň uzakdaky künjeklerinde subsidirlenen bahadan azyk önümleri ençeme aýlap eltilmeýär. Bu ýagdaý ýurtda azyk önümleriniň täjirçilik bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň fonunda bolup geçýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG