Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" Özbegistana we Täjigistana atýan haýbatlary söweşiji topar bilen onuň MA goňşularynyň arasyndaky dartgynlyga ünsi çekýär


Amyderýanyň üsti bilen Özbegistandan Owganystana elektrik energiýasyny geçirýän liniýalar.
Amyderýanyň üsti bilen Özbegistandan Owganystana elektrik energiýasyny geçirýän liniýalar.

Şu ýylyň ilkinji iki hepdesi Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Owganystandaky "Talyban" häkimiýetleri bilen gatnaşyklarynyň o diýen akgynly däldigini we birden erbetleşip biljekdigini ýatlatdy.

Täjik hökümeti "Talyban" bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklamaýar we geçen ýylyň awgust aýynda söweşijiler Kabuly basyp alanda, Owganystanda "inklýuziw" hökümet esaslandyrylýança Duşenbäniň "Talybany" Owganystanyň kanuny hökümeti hökmünde ykrar etmejekdigini aýtdy.

Duşenbäniň Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda Täjigistan üçin howp abanýan söweşijileriň bardygyny aýtmagy dowam etdirýän mahaly, bu, täjik serhediniň Owganystanyň demirgazyk-gündogar serhetleriniň iň dartgynly bölegi bolmagynyň sebäplerinden biridir.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) 10-njy ýanwarda geçirilen sammitinde Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon şeýle diýdi:

“Täjik aňtaw gulluklarynyň habaryna görä, Owganystanyň demirgazyk-gündogar welaýatlarynda, KHŞG-nyň günorta serhetleri bilen serhetleşýän [sebitlerde] terroristler üçin lagerleriň we harby türgenleşik merkezleriniň jemi sany 40-dan gowrak bolup, olaryň san taýdan kuwwatlygy 6000 söweşijiden geçýär".

Şeýle hem Rahmon sammite gatnaşan Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň liderlerine we Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygyna şeýle diýdi:

"Siz we Men, 2021-nji ýylyň awgust aýynyň ikinji ýarymyndan bäri Owganystanda [Yslam Döwletiniň], "Al-Kaýdanyň", "[Jamaat] Ansarullahyň", "Hizb ut-Tahririň" we beýleki terrorist toparlaryň müňlerçe agzasynyň türmelerden boşadylandygyny gaty gowy bilýäris".

"Ansarullah", esasan, täjik raýatlaryndan düzülip, bu topar birnäçe ýyl bäri "Talybanyň" hatarynda söweşýär.

"Talybanyň" Täjigistan bilen serhedi goramak üçin "Ansarullah" söweşijileriniň birnäçesini ýerleşdirendigi habar berilýär. Bu ädim Duşanbäniň özüniň Owganystan bilen serhedindäki harby güýçlerini has-da güýçlendirmegine iterdi.

Rahmonyň Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky türgenleşik lagerleri we müňlerçe söweşiji baradaky öňe sürmelerine "Talybanyň" metbugat wekiliniň orunbasary Bilal Karimi: "Ýurduň hiç bir ýerinde pitneçilere tälim bermek üçin niýetlenen okuw merkezleri ýok" diýdi.

Uçarymyzy yzyna gaýtaryň

Täjigistana we Özbegistana garşy "Talybanyň" hem şikaýatlary bar.

"Talybanyň" esaslandyryjysy Molla Omaryň ogly we häzirki wagtda söweşiji toparyň goranmak ministri Mawlawi Muhammet Ýakub 11-nji ýanwarda çykyş edip, "Talyban" Kabula tarap süýşüp gelýärkä, owgan hökümet güýçlerini Täjigistana we Özbegistana alyp giden söweş uçarlaryna we dikuçarlara salgylanyp, täjik we özbek hökümetlerinden olaryň yzyna gaýtarylyp berilmegini isledi.

"Talyban" Owganystanyň köp bölegini ele geçirmezden ozalky maglumatlarda Özbegistanyň serhetýaka Termez şäherine 46 ýa-da 47 owgan söweş uçarynyň we dikuçarynyň gonandygyny, şeýle-de iki ýolagçy uçaryň we 16 harby uçaryň Täjigistana uçandygyny görkezdi. Emma Täjigistanyň resmileri öz çäginde diňe üç sany owgan uçarynyň we iki sany dikuçaryň bardygyny aýtdy.

Ondan soňky bir hasabatda dikuçarlaryň käbiriniň ABŞ-nyň Howa güýçleriniň Arizona ştatyndaky “ýerleme ammaryna", uçarlar üçin niýetlenen ullakan awtoulag duralgasyna göçürilendigi aýdylýar.

"Biziň sizdäki, Täjigistandaky we Özbegistandaky, uçarlarymyz bize gaýtarylyp berilmelidir" diýip, Ýakub aýtdy.

Şeýle hem Ýakub "biziň sabyrlylygymyzy synamaň we bizi uçary yzyna almak üçin mümkin ar alyş çärelerini ulanmaga mejbur etmäň" diýip, Täjigistana we Özbegistana duýduryş berdi.

Daşkent gowy oýnaýar

Şeýle gepleşikler Täjigistanyň häkimiýetleri bilen "Talybanyň" arasynda birnäçe aý bäri yzygiderli dowam edýär, emma Özbegistan "Talyban" meselesine düýpgöter üýtgeşik we dostlukly pozisiýa bilen çemeleşýär.

"Talyban" häkimiýeti ele geçireli bäri Daşkent özbek-owgan serhediniň çäginde hereket edýän ýükleri, şol sanda ynsanperwer kömek ýüklerini saklamagyň üstünde işledi we iki tarapyň resmileri - ýerli ýolbaşçylardan başlap daşary işler ministrlerine çenli - iki taraplaýyn bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.

Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan 2001-2021-nji ýyllar aralygynda Owganystanyň hökümeti bilen baglaşylan şertnamalaryň çäginde Owganystany elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Bu ýurtlaryň üçüsi hem, "Talyban" häzirki wagtda munuň üçin töleg geçirip bilmejekdigini boýun alsa-da, Owganystana elektrik energiýasyny ibermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Emma Owganystanyň “Da Afganistan Breşna Şerkat” döwlet elektrik kompaniýasy 12-nji ýanwarda eden çykyşynda Özbegistanyň Owganystana elektrik eksportyny 60 göterim azaldandygyny we Owganystanyň 16 welaýatynda elektrik ýetmezçiliginiň emele gelendigini aýtdy.

Özbek resmileri Owganystanyň akdyrylýan elektrik energiýasynyň azalmagynyň sebäbini podstansiýadaky tehniki mesele bilen düşündirendigi, elektrigiň iki ýa-da üç günüň içinde kadaly akymyna gaýdyp gelmelidigini aýdandygy habar berildi. Emma “Da Afganistan Breşna Şerkat” kompaniýasy 13-nji ýanwarda elektrik eksportunyň doly güýjünde gaýtadan dikeldilendigini aýtdy.

Türkmenler ägä boluň?

Ýaňy-ýakynda Owganystanyň Türkmenistan bilen serhediniň golaýyndaky "Talyban" söweşijileriniň wideosy çap edildi. Onda söweşijiler türkmen esgeriniň guşagyny görkezip, onuň Owganystanyň serhedine geçen türkmen esgeri tarapyndan galdyrylandygyny aýtdylar.

Türkmen şiwesinde çykyş edýän "Talyban" söweşijileriniň biri esgeriň we onuň ýanyndakylaryň Owganystanyň Jowzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň golaýynda ogurlyk etmek üçin serhetden geçendigini aýtdy. Jowzjan welaýaty Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen serhetleşýär.

Ýöne olar, "Talyban" söweşijisiniň aýtmagyna görä, "Talybany" görenlerinde sebitden gaçyp gidipdirler we olaryň biri bilguşagyny taşlapdyr.

"Talyban" söweşijisi Owganystanda ýere ýa-da emläge göz dikmek isleýän islendik adama ne özüniň, ne-de ýaranlarynyň geçirimlilik etjekdigini duýdurýar.

Bu waka, "Talyban" türkmen serhet gullukçylarynyň bir owgan raýatyny öldürendigini aýdandan iki hepde çemesi soňa we olaryň bu wakany derňemek üçin Jowzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň günbataryndaky Hamýap etrabyna baran "Talyban" söweşijilerine ot açandygyny aýdandan birnäçe gün soňa gabat geldi.

"Talyban" söweşijileriniň türkmen serhetçilerine raketa atmagy bilen, bu ok atyşygyň birnäçe sagat dowam edendigi aýdyldy. Pidalar barada habar ýok.

Merkezi Aziýadaky hökümetleriň hiç biri-de "Talybanyň" häkimiýete gaýdyp gelmegini görmek islemeýän bolsa-da, häzir bu hakykat. 2022-nji ýylyň ilkinji günleri Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletlerine olaryň syýasatçylar bilen däl-de, söweşiji topar bilen iş salyşýandyklaryny ýene bir gezek ýatladýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG