Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebap Täze ýyl gijesi Aşgabat bilen arada guraljak teleköpri üçin repetisiýa geçýär


Illýustrasiýa. Aşgabat.

29-njy dekabrda Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda oturdylan Baş arçanyň töwereginde 31-nji dekabr, Täze ýyl gijesi Aşgabat bilen arada guraljak teleköpri üçin repetisiýa geçilýär. Taýýarlyk işlerine her mekdepden üç sany 12 ýaşlaryndaky ýaş gyz we ýaşuly nesil çekilýär. Repetisiýalaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Türkmenistanda her ýyl Täze ýyl gijesi welaýat resmileri teleköpri arkaly Aşgabada baglanyp täze ýyl gutlaglaryny beýan edýärler. Bu gutlaglar döwlet telewideniýesinde göni ýaýlymda efire berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, şu günler Türkmenabatda teleköpri üçin taýýarlyk işleri dowam edýär.

Habarçymyz 29-njy dekabrda repetisiýalaryň geçirilendigini habar berip, bu çäreleriň 30-njy dekabr güni hem dowam etdirilýändigini maglumat berdi.

Repetisiýa çekilýän gyzlar ak eşikde bolup, olar orta mekdeplerden saýlanyp alnypdyr.

Habarçymyz göni ýaýlymda geçiriljek teleköprä taýýarlyk işleriniň 31-nji dekabr güni gündiz hem dowam etdirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Türkmenistanda baýramçylyk çäreleri köplenç döwlet telewideniýesi üçin öňünden surata düşürilýär. Çäreler üçin saýlanyp alynýan ýurt raýatlary döwlet telewideniýesine niýetlenýän görkezme baýramçylyklarda köplenç emeli ýylgyrmaga mejbur edilýärler we olardan wagtly-wagtynda el çarpmak we baýramçylyk şowhunyna goşulmak berk talap edilýär.

Şeýle görkezmek baýramçylyk çäreleri ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň administratiw merkezindäki Ak öýüň öňünde geçirildi. Döwlet telewideniýesiniň işgärleri görkezme baýramçylyk çäresini öňünden wideoýazgy etdiler.

"Adamlar kamera emeli ýylgyrmaly we aýdylan wagty el çarpmaly. Çäreler sahnalaşdyrylýar. Buýruga görä, toý lybaslaryna geýnen adamlar öz ýurdunyň abadançylygyny we gülläp ösýändigini görkezmelidir" diýip, Azatlygyň habarçysy 27-nji dekabrda Marydan habar berdi.

“Adatdakysy ýaly, ertir (31-nji dekabrda) welaýatlar göni ýaýlymda Aşgabat şäheri bilen göni aragatnaşyga çykýar. Şonuň üçin, esasy repetisiýa ertir (31-nji dekabrda) geçirilýär” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 30-njy dekabrda habar berdi.

Türkmenabatda dowam edýän repetisiýalar ýönekeý raýatlaryň Baş arçanyň töweregine baryp görmek mümkinçilikleriniň öňüni baglaýar.

“Baş arçanyň töwereginde seýil etmek, ol ýere gezelenç etmek çäklendirilýär” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Bu ýyl türkmenistanlylar tapgyr ikinji ýyl ýurtda häkimiýetler tarapyndan erjellik bilen inkär edilýän koronawirus pandemiýasynyň fonunda bölekleýin karantin çäklendirmeleri astynda täze ýyla gadam basýar.

Azatlygyň habarçysy, has ozal, baýramçylygyň öň ýany, Lebap sebitinde ýerli ýaşaýjylaryň pandemiýa çäklendirmeleri astynda we ykdysady kynçylyklaryň arasynda Täze ýyl baýramyna görýän taýýarlyklary barada habar berdi.

Galyberse-de, 10 gün töweregi mundan ozal, 21-nji dekabra geçilen gije Lebapda turan güýçli ýel sebitiň Baş arçasyna ýykylmak howpuny abandyrdy.

Azatlygyň habarçylary şu günler töwereginde teleköprä taýýarlyk görülýän sebit Baş arçasynyň 21-nji dekabra geçilen gije häkimiýetler tarapyndan güýçli ýelden halas edilşi barada habar berdiler.

Habarçymyz Baýdak meýdançasynyň 1-nji ýanwara çenli şäher ýaşaýjylary üçin çäklendirilýändigini habar berýär.

Galyberse-de, onuň maglumatlaryna görä, teleköprä görülýän taýýarlyk işlerine bu ýyl, geçen ýyl bolşy ýaly, býujet işgärleri çekilmeýär.

“Her mekdepden üç sany ýaş gyz we ýaşuly nesil teleköpri arkaly göni ýaýlymda paýtagta Aşgabada baglanar” diýip, habarçy aýtdy.

Döwlet mediasy baýramçylyk günlerine niýetlenip, sebitlerde öňünden geçirilýän görkezme çäreler barada habar bermän, baýram güni gelip ýetende begenip, şatlanýan adamlary efirde görkezýär we köplenç olary “berkarar we bagtyýar ýurduň ruhubelent” raýatlary atlandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG