Türkiýäniň Samsun şäherinde neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň iki raýaty saklandy. Olaryň biri kazyýet diňlenişiginiň yz ýany tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär.
"Haberler.com" neşiriniň 13-nji fewralda çap eden habaryna görä, Samsun polisiýa müdirliginiň neşe serişdelerine garşy göreş bölümi ýolagçy awtobusy bilen Stambuldan Samsuna neşe maddalarynyň getirilmegi bilen baglanyşykly reýd geçirdi.
Reýdiň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary G.Ý. we H.G. saklanyp, polisiýa bölümine alnyp gidildi. Türk media serişdeleri türkmen raýatlarynyň adynyň we familiýasynyň diňe baş harplaryny aýtmak bilen çäklenýär.
"Tutulan adamlar bilen bilelikde 96 gram metamfetamin maddasy ele salyndy. Türkmen raýatlary polisiýa bölüminde soraga çekilenden soňra, G.Ý. Samsun şäheriniň kazyýetine iberildi. Bu ýerde geçirilen sud diňlenişiginden soň tussag edilen G.Ý. "Samsun T Tipi ýapyk türmesine" ugradyldy" diýlip, habarda onuň ykbaly barada has jikme-jik maglumat berilmeýär.
Şeýle-de, habarda beýleki türkmen raýatynyň "kazyýet gözegçiligi şerti" bilen boşadylandygy hem bellenilýär.
Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar we işsizlik ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş gözläp, daşary ýurtlara çykmagyna sebäp boldy. Barmak üçin wiza talaby bolmansoň, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky dil umumylygy sebäpli, iş gözleýän türkmenistanlylar esasan Türkiýä köp barýarlar.
Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda Türkiýede türkmen migrantlarynyň ady bilen çykýan jenaýat habarlary yzygiderli çap edilýär.
Mundan 10 gün çemesi ozal Türkiýede "Yslam döwleti" (YD) terrorçy toparynyň agzalaryna galp türkmen we türk pasportlaryny satmakda güman edilýän üç adamyň, şol sanda Türkmenistanyň bir raýatynyň tussag edilendigi habar berildi.
Soňky döwürde Türkiýede kyn şertlerde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň, pandemiýa aladalarynyň arasynda, işlerini ýitirip, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan hiç bir kömek ýa goldaw alyp bilmeýändigi hem habar berilýär.
Bu ýagdaýlar ugruny ýitiren, çykalga gözleýän köp adamyň her hili howply işlere baş goşmagyna, dürli sebäplerden, şol sanda käte öz janlaryna kast edip ölmeklerine hem getirýär diýip, Azatlyk bilen gürleşýän migrantlar aýdýar.
Türkiýede resmi taýdan ýaşaýyş rugsady bolan 117 müň 905 türkmenistanly ýaşaýar. Türkiýäniň Migrasiýa boýunça baş müdirligi tarapyndan getirilen soňky sanlara görä, türkmenler bu ýurtda ýaşamaga resmi dokumenti bolan daşary ýurtlularyň arasynda ikinji orunda durýar.
Türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada statistiki maglumatlary jemgyýetçilige mälim etmeýär. Şeýle-de, ýurduň resmi we ýarym-resmi habar serişdeleri Türkiýedäki türkmenleriň duçar bolýan ykdysady, durmuş we kanunçylyk kynçylyklary barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.