Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede türkmenler ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurtlularyň arasynda ikinji orunda


Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanlylaryň sany geçen ýylka garanyňda 35% çemesi artypdyr.

Türkiýede resmi taýdan ýaşaýyş rugsady bolan 117 müň 905 türkmenistanly ýaşaýar. Bu ýurtda ýaşamaga resmi dokumenti bolan daşary ýurtlularyň arasyndaky iň uly ikinji görkeziji bolup, Türkiýede türkmenistanlylardan has köp 40 million ilatly Yragyň raýatlary ýaşaýar. Bu baradaky sanlary Türkiýäniň Migrasiýa boýunça baş müdirligi getirýär.

Resmi sanlara görä, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky ýagdaýlara laýyklykda Türkiýede ýaşaýyş rugsatly 1 million 267 müň 803 daşary ýurtly bolup, türkmenistanlylar olaryň 9,3%-ni emele getirýärler. Türkmenistanlylardan soň siriýalylar, eýranlylar we özbegistanlylar gelýär.

Resmi maglumata görä, gürrüňi gidýän möhlet içinde gysga möhletli ýaşaýyş rugsady bilen 95 müň 299, student ýaşaýyş rugsady bilen 9 müň 882 we maşgala ýaşaýyş rugsady bilen 4 müň 727 türkmenistanly hasaba alnypdyr. Bellemeli ýeri, gysga we student ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanlylar sany boýunça beýleki ýurtlaryň arasynda hem ikinji orunda dur.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri barha ýitileşýän ykdysady kynçylyklar has köp türkmenistanlynyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmagyna alyp geldi. Munuň bilen baglylykda, Türkiýe, iki ýurduň arasyndaky syýahat ýeňillikleri we dil umumylygy sebäpli, soňky on ýyllykda türkmen migrantlarynyň iň kän giden ýurduna öwrüldi.

Şol bir wagtda, pandemiýanyň fonunda halkara gatnawlaryň çäklendirilmegine hem garamazdan, görnüşinden Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alýan türkmenistanlylaryň sany geçen ýylka garanyňda 35% çemesi artypdyr. Geçen 2020-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda türkmenistanlylar yraklylardan we siriýalylardan soň üçünji orunda bolupdy. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň geçen ýylky maglumatynda ýurtda 87,2 müň türkmenistanlynyň ýaşaýyş rugsadyny alandygy aýdylypdy.

Bellemeli ýeri, ýokarky resmi sanlar diňe ýaşamaga resmi taýdan rugsady bolan daşary ýurtlulary görkezýär. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaldyp bermeýändigi sebäpli, Türkiýede bikanun ýagdaýda başga-da onmüňlerçe türkmen migrantlarynyň ýaşaýandygy bellenilýär.

Türkiýedäki "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlygy we bilim" jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nurmuhammet Annaýew hem bu ýagdaýlara ünsi çekip, Türkiýede näresmi ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň ýüzlerçe müňe ýetýän bolmagynyň mümkindigini nygtaýar.

Ol 1-nji dekabrda Azatlyk bilen geçiren söhbetdeşliginde Stambulyň deportasiýa merkezinde saklananda bu ýagdaýlara gözli şaýat bolandygyny belledi.

Nurmuhammet Annaýew
Nurmuhammet Annaýew

“Gün geçdigiçe [deportasiýa merkezinde] näresmi ýagdaýda galýan [türkmenistanlylar] köpeldi. Birinjiden, 2010-njy ýyldan bäri köne pasportlary bilen gezip ýörenler bar. Olar hiç ýerde hasaba alynmaýar. Üstesine-de, her ýyl pasportynyň möhleti gutaranlar köpelýär. Bu ýagdaýlardan entek habarsyzlar, pasportyny ýitirenler bar... Gün geçdikçe näresmi türkmen migrantlarynyň sany köpelýär” diýip, Annaýew belledi.

Ol Türkiýede ýaşaýyş rugsady bolan türkmenistanlylar ikinji orunda ýerleşdirilen bolsa, bu görkezijä näresmi galýanlar hem goşulsa, onda türkmenleri bu hasabatda birinji oruna ýerleşdirip boljakdygyny hem aýtdy.

Galyberse-de, hukuk toparlary türkmen migrantlarynyň köpüsiniň kanuny resminamalarynyň ýokdugyny, netijede olaryň Türkiýede erkin hereket etmek hukugyndan mahrum galýandygyny aýdýarlar we resmi Aşgabady möhleti geçen pasport meselesi boýunça çäre görmäge çagyrýarlar.

Annaýew hem Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň özlerine bagly bolmaýan ýagdaýlar sebäpli resmi ýaşaýyş rugsadyny alyp bilmeýändiklerini, munuň netijesinde iş haklaryny talap etmek, saglyk ätiýaçlandyryşyny almak, şol sanda ölüm howply koronawrius ýokanjyna garşy waksina sanjymy hem urdurmak mümkinçiliklerinden mahrum galýandyklaryna ünsi çekdi.

Gepiň gerdişine bellesek, Türkiýedäki türkmenistanlylar türkmen häkimiýetlerine, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar dolandyryşyna garşy ençeme tapgyr protestleri geçirip, ýurtdaky problemalar barada öz pikirlerini açyk beýan edip başladylar.

Türkmen protestleriniň ýyl ýazgysy
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:52 0:00

Emma soňky aýlarda Türkiýedäki türkmen aktiwistleri yzygiderli basyşlara we fiziki zorluga sezewar edildi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede protest hereketlerini we aktiwistlerini basyp ýatyrmak üçin jenaýat gurluşlaryny ulanmak synanyşyklary barada öňden bäri maglumat alandyklaryny habar beripdi.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada statistiki maglumatlary jemgyýetçilige mälim etmeýär. 2019-njy ýylyň maýynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri soňky on ýylyň dowamynda 2 million töweregi raýatyň uzak möhletli esasda daşary ýurtlara göçüp gidendigini mälim etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG