Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Putin bilen gepleşdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin. (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin. (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi. Bu barada 26-njy aprelde Kreml maglumat berýär.

Gepleşigiň dowamynda rus-türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilýändigi bellenip geçildi diýip beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda nygtalyşy ýaly, özara peýdaly söwda we ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we koronawirus infeksiýasyna garşy bilelikdäki göreşe ünsi çekmek bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Putin türkmen prezidentiniň kakasynyň aradan çykmagyna hem gynanç bildiripdir.

Bellesek, Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda koronawirusa garşy Russiýanyň “Sputnik V” we “EpiWakKorona” waksinalaryny hasaba alypdy.

Rus Daşary işler ministrliginiň şu aýyň başynda beren maglumatyna görä, 2020-nji ýylda ýurduň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy ondan ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 39,6% artyp, $970,2 milliona ýetipdir.

Şol bir wagtda synçylar, şol sanda hökümet tankytçylary Türkmenistanyň soňky ýyllarda daşary syýasatyny üýtgedip, barha kän Russiýa garaşly bolýandygyny, munuň ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, şeýle-de hökümet başlygyna bolan ynamyň azalmagy bilen baglydygyny öňe sürýärler.

Şeýle-de Kremliň Aşgabady gaýtadan öz täsirine getirmek üçin, sebitdäki terrorçylyk howpuny, türkmen ýolbaşçylaryny oňa göz ýummakda aýyplamak usullaryny hem ulanýandygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG