Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Öý talaňçylygy, iti otlamak we muny surata almak. Zalymlyga kim jogapkär?


Türkmenistan: Itiň oda berilmeginiň aýylganç wideosy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

Türkmenistan: Itiň oda berilmeginiň aýylganç wideosy

Türkmenistanda öý haýwanlaryna garşy zorluk we eýelerini yzarlamak tolkuny dowam edýär. Hususy emläklere zor bilen girmek we ol ýerdäki haýwanlary öldürmek bilen baglanyşykly ýagdaýlar derňelmän galýar we idegsiz haýwanlary rehimsiz tutmak dowam edýär. Zalymlyk köpçüligiň öňünde bolup geçýär, häkimiýetler bolýan ýagdaýlar barada düşündiriş bermeýär.

Rehimsizlik bilen duzak gurmak, zäherlemek, taýaklamak arkaly itleri, pişikleri ýok etmek Türkmenistanda köp duş gelýän ýagdaýa öwrüldi. Ýurduň häkimiýetleri idegsiz haýwanlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barýarka, haýwanlary tutmagyň usullary çylşyrymlaşýar we jemgyýetde rehimsizlik ösýär.

6-njy martda Azatlyk Radiosyna bir itiň oda berilmeginiň wideosy gowuşdy. Wideoda bir adam ynanjaň iti özüne çekýär we ony otlaýar. Haýwanlary goraýjy aşgabatly aktiwist, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşip, bu wideony ýagdaýa gatnaşanlaryň ýazgy edendigini we wideoda ite zalymlyk eden adamyň haýwanlary tutmak bilen meşgullanýan edaralar bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.

Bolýan wakalar, häkimiýetleriň 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmeginiň çäginde itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilýän pursadyna gabat geldi.

Bu aralykda, haýwanlary goraýjylar, bir hepde mundan öň paýtagtda näbelli adamlaryň ýaşaýyş jaýa birugsat girip, ol ýerdäki haýwanlary öldürilmegi bilen bagly hadysanyň käbir jikme-jikliklerini anykladylar.

Bu waka bir hepde öň bolupdy. Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda näbelli adamlar bir jaýyň gapysyny döwüp, içeri girdiler we şol ýerdäki haýwanlary öldürdiler. 17 ýaşly ýetginjek we onuň ejesi üç pişik we iki it bilen bir öýde ýaşaýarlar. Ýagdaýyň dörän wagtynda öý eýeleri öýlerinde ýokdy.

Habarçylaryň şonda habar bermeklerine görä, 28-nji fewralda sagat 11:30 töweregi iki adam gapynyň gulpuny döwüp kwartiranyň içine giripdir. Başda üç pişigiň we itiň öldürlendigi habar berildi. Soň bolsa bir pişigiň we bir itiň öldürilendigi anyklandy. Ýene iki pişik gizlenipdir.

Bu waka şaýat bolan adamlar, şol sanda goňşular jaýa zor bilen giren adamlaryň ýerli öý dolandyryş edarasynyň işgärleri bolandygyny habar berdiler.

Jaý Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda, 3-nji öý dolandyryş edarasynyň ýanyndaky polisiýa bölüminiň gapdalynda ýerleşýär. Içi dökülen jaýyň eýeleri kanun goraýjy edaralara, şol sanda etrap prokuraturasyna ýüz tutdular.

Фото квартиры после разгрома и убийства животных
Фото квартиры после разгрома и убийства животных

Aşgabat şäherinden bolan haýwan goraýjylar, jaýa girmek we içini dökmek işine häkimligiň işgärleriniň we ýerli etrap polisiýa işgärleriniň gatnaşandygyny habar berdiler.

- Olar etrap polisiýa işgäri Ahmedi "oýundan çykarmaga" synanyşýarlar. Ol öýe bikanun girmegi gurnamak, gapyny döwmek, öýüň içini dökmek, haýwanlary öldürmek we talaňçylyk etmek işini gurnady. Indi hemme zady diňe haýwanlary öldürýän Hydyryň üstüne atmak ýa-da asla işiň üstüni ýapmak isleýärler "-diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Фото квартиры после разгрома и убийства животных
Фото квартиры после разгрома и убийства животных

Haýwanlary goraýjy aktiwistleriň sözlerine görä, jaýy weýran edilen we talanan adamlary köp adam goldaýar. Öýüň içi ýykan-ýumran, ähli ýerde gan bar. Öý eýeleri jaýyň weýran edilmeginden, şol sanda öý enjamlarynyň zaýalanmagyndan çeken zyýanynyň 100 000 manada barabardygyny çaklaýarlar.

Azatlyk Radiosy, Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimliginden we 30-njy etrapçadaky polisiýa bölüminden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Itleri we pişikleri ýok etmek boýunça häkimiýetleriň häzirki hereketleri ýurduň irki prezident saýlawlaryna taýynlyk görýän wagtyna gabat geldi.

Häkimiýetler idegsiz itler bilen bir hatarda öý haýwanlaryny nyşana alýarlar. Haýwanlary alyp gaçmak we öýlerden zor bilen çykarmak ýaly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu işlere gatnaşýan jemagat hyzmatlarynyň we etrap häkimliginiň işgärlerinden daşary, häkimiýetler adaty raýatlary, çagalary çekýärler we olary pul hem-de beýleki peşgeşler bilen höweslendirýärler. Haýwanlary goraýan raýatlara we aktiwistlere basyş güýçlendi.

Bu aralykda, ýurduň häkimiýetleri alabaý itleriniň kultyny güýçlendirýärler we itleriň hem pişikleriň wagşylarça ýok edilmegini görmezlige salýarlar. Özüni türkmen alabaýlarynyň bilermeni hökmünde görkezýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kitap we goşgy bagyşlamak bilen çäklenýär. Prezidentlige dalaş edýän prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow hem alabaý itlerine degişli başlangyçlarynda kakasyna mirasdüşerlik edýär.

Geçmişde Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaý itleriniň halkara birleşigi atly guramyň prezidenti bolupdy. Diňe Türkmenistanyň çäginde işleýän gurama it köpeltmek pudagynda gymmat bahaly desgalaryň gurluşygyna müşderi boldy.

Ýurtda "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlary döredildi, şeýle hem "Ýylyň edermen alabaýy" medaly döredildi, türkmen alabaý itleriniň baýramy esaslandyryldy. Prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow geçen ýyl ilkinji gezek bellenen alabaý baýramyna özi ýolbaşçylyk etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG