Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda azyndan bir sagatlap internet aragatnaşygy kesildi


Internet kafesi, Aşgabat, 2022-nji ýylyň Baýdak aýy (suratly surat)

Aşgabatda 17-nji martda köpçülikleýin internet kesildi. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, aragatnaşygyň kesilmegi öýlerdäki stasionar internete degişli bolup, mobil internet haýallapdyr, ýöne işläpdir.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary internetiň ýerli wagt bilen sagat 14 töweregi kesilendigini habar berdiler. Olaryň habarlaryna görä, tutuş şäherde stasionar internet işlemändir.

Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri "telefondaky mobil interneti hem ýatdy, kynlyk bilen işleýär" diýdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, şäherde internet aragatnaşygy köp ýerlerde bir sagat töweregi bolman, soňra käbir etraplarda ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilip başlapdyr.

Internetiň köpçülikleýin öçürilmeginiň anyk sebäbi entek belli bolmady. Internet hyzmatlaryny üpjün ediji edarasynyň abonentlere goldaw beriş hyzmaty gullygynda jaň edenlere "profilaktiki işleriň" geçirilýändigi aýdyldy.

Internetiň häzir kesilmegi, prezident saýlawlarynyň netijeleriniň yglan edilmeginiň yzýany we täze prezidentiň kasam ediş dabarasyna taýýarlyk görülýän wagtyna gabat geldi. Merkezi saýlaw komissiýasy 12-nji martda geçirilen möhletinden irki saýlawlarda häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Türkmenistanda soňky gezek internete girmek bilen baglanyşykly uly kynçylyklar fewral aýynda, Halk Maslahatynyň ýygnagynyň öňüsyrasynda ýüze çykypdy. Şol ýygnakda prezident Berdimuhamedow döwlet başyndan aýrylmak kararyna gelendigini yglan edipdi.

Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar. Internet hyzmatlary ýeke-täk dolandyryjy edara tarapyndan üpjün edilýär. Azatlyga mälim bolşy ýaly, ýurtda internet hyzmatlaryny dolandyrýan “Türkmentelekom” tora gözegçiligi güýçlendirmäge mümkinçilik berýän täze enjamlary edinmek bilen öz tehniki bazasyny yzygiderli güýçlendirýär.

VPN hyzmatlary ýurtda petiklenýän habar çeşmelere we websahypalara ýeke-täk mümkinçilik berýär. Türkmenistanda garaşsyz neşirleriň web sahypalary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýtlary we esasy sosial ulgamlar, şeýle hem habarlaşmak hyzmatlaryny üpjün edýän messenjerler petikli durýar.

Ýurduň häkimiýetleri, internetiň tizligini emeli haýallatmak, VPN programmalaryny ulanyjylara we bu programmalary gurup berýän hünärmenlere edilýän basyşy güýçlendirmek bilen, internete gözegçiligini berkitmegi dowam etdirýärler. Döwlet işgärleriniň we okuwçylaryň telefonlary yzygiderli barlanýar. Talyplara Azatlyk Radiosynyň web sahypasyna hem beýleki gadagan edilen neşirlere, şeýle hem sosial ulgamlara girenleri üçin okuwlaryndan kowulmak haýbaty atylýar. Mundan başga-da, Milli howpsuzlyk ministrligi olary gizlin hyzmatdaşlyga mejbur edýärler.

Ýaşlaryň internetdäki hereketlerine gözegçilik etmek işine türkmen ýaşululary hem çekilýärler.

Türkmenistandaky internet hyzmatlary dünýäde iň haýal we iň gymmat hasaplanýar. Internet azatlygy boýunça halkara reýtinginde Türkmenistan pes orny eýeleýär, türkmen režimi "internetiň duşmany" diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň konstitusiýasy bolsa, raýatlarynyň pikirini beýan etmek azatlygyny, şeýle hem maglumat almak azatlygy kepillendirilýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG