Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda VPN-e garşy göreş dowam edýär, ulanyjylar soraga çekilýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda internet ulanyjylar tora birikmekde kynçylyklary başdan geçirýärler. Aragatnaşygyň aşa haýallamagy VPN-e birikmäge mümkinçilik bermeýär. Soňky günlerde internet tas işlemeýär. Bu barada 8-nji we 9-njy fewralda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berdiler. Ýurduň häkimiýetleri bolsa şu günler Halk Maslahatynyň ýakyn günlerde geçiriljek nobatdan daşary ýygnagyna taýynlyk görýärler.

Azatlygyň habarçylaryndan biri "Aşgabatda internet ýene erbetleşdi. Hemme zat haýallady, şonuň üçin VPN-e birikmek mümkin däl" -diýdi.

Başga bir habarçynyň sözlerine görä, 8-nji fewraldan bäri "Imo" mesenjeri telefonda-da işlemeýär. Galan sosial ulgamlar öňem petiklidi.

Soňky günlerde ýurda VPN-leriň köpüsi petiklenýär. Ulanyjylar VPN-leriň üsti bilen internete birikmegiň dürli ýollaryny gözlemegi dowam etdirýän wagtynda, häkimiýetler maglumat almaga synanyşýanlary anyklamagy we olary jogapkärçilige çekmegi dowam etdirýärler.

Habarçylaryň sözlerine görä, polisiýa ýene-de VPN ulanyjylaryny kesgitlemek üçin işini güýçlendiripdir. Şübhe astyna düşen ulanyjylar soraga çagyrylýar. Sorag edişlik wagtynda internet ulanyjylardan VPN -i kimiň gurup berendigini soraýarlar we jenaýat jogapkärçiligine çekmek haýbatyny atýarlar.

Paýtagtda internet ulanyjylara basyş edilýän wagtynda sebitlerde mobil aragatnaşygynyň hili düýpgöter erbetleşdi.

Marydaky habarçynyň sözlerine görä, islendik abonente jaň edilende diňe onunjy synanyşykdan soň habarlaşyp bolýar, iki minutlyk söhbetdeşlikden soň aragatnaşyk kesilýär. Aragatnaşygyň hili pes bolup, gowy eşidilmeýär, ses kesilýär. Maryda hem VPN hyzmatlary petiklenýär.

Aragatnaşygyň hiliniň ýaramazlaşmagy dükanlardaky töleg terminallaryň, şeýle hem bankomatlaryň işine ýaramaz täsir etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda aragatnaşygyň çäklendirilmegi we maglumatlara gözegçiligiň güýçlendirilmegi prezidentiň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary kanun çykaryjy guramasynyň nobatdan daşary ýygnagynyň öňüsyrasynda bolup geçýär. Halk Maslahaty 11-nji fewralda geçiriler.

Çärä resmi taýýarlyk görmegiň çäginde ýaşlar häkimiýetleriň gözegçiliginiň üns merkezine düşdi.

Aşgabadyň häkimiýetleri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň mobil telefonlaryny barlaýarlar Häkimiýetler ýurtda petikli saklanýan saýtlara, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtyna hem-de sosial platformalara giren talyplara okuwdan çykaryljakdygy barada haýbat atylýar. Mundan başga-da olar Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur edýär. Uniwersitetiň studentleri Milli Howpsuzlyk Ministrligi bilen işleşmäge razy bolanlara öz egindeşlerine gözegçilik etmek we olaryň boş wagtlary edýän işlerini hem ýurtdaky ýagdaýa bolan garaýyşlaryny öwrenmegiň tabşyrylandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Ýaşlara gözegçilik etmek işine türkmen ýaşululary hem çekildi.

Mary welaýatynda häkimiýetler ýaşlary hökümete garşy maglumatlary okamazlyga we internetde hökümete garşy çykyşlary yzarlamazlyga ündemek, şeýle-de deň-duşlary barada habar ýetirmäge ynandyrmak ýaly işlere ýaşululary goşdy.

Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar. Internet hyzmatlary ýeke-täk döwlet prowaýdery tarapyndan üpjün edilýär. Azatlyga mälim bolşy ýaly, “Turkmentelecom” kompaniýasy ulanyjylara gözegçilik etmek we aragatnaşygy petiklemek üçin täze enjamlary edinmek bilen tehniki bazasyny yzygiderli täzelemek işini alyp barýar.

VPN Türkmenistanda internete kadaly girmek we websahypalara, şol sanda petiklenen maglumat çeşmelerine girmek üçin ýeke-täk mümkinçilik berýär. Ýurtda garaşsyz neşirleriň web sahypalary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty hem-de esasy sosial ulgamlar petikli durýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG