Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan bag ekip, Nowruzy we täze prezidenti garşy aldy, ýene býujet işgärleri kösendi


Illýustrasiýa suraty.

Metan zyňyndylary bilen howany hapalaýandygy halkara hasabatlarda tassyk bolan Türkmenistanda ilat Nowruz baýramyny ýurduň ähli künjeklerinde agaç nahallaryny oturdyp garşy aldy. Şeýle-de, köpçülikleýin bag ekmek çäresi Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşan ilkinji köpçülik çäresi boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary agaç nahallaryny satyn almak üçin býujet işgärlerinden ýene pul toplanandygyny habar berýärler.

Döwlet telewideniýesine görä, Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji martda paýtagt Aşgabadyň eteginde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşdy.

Galyberse-de, döwlet mediasy ýurduň beýleki sebitlerinde hem köpçülikleýin agaç nahallarynyň oturdylandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bag ekmek çäresiniň öňüsyrasynda Lebap welaýatynda agaç nahallaryny satyn almak üçin döwlet işgärlerinden pul ýygnalandygyny habar berýär. Býujet işgärleri agaç nahallaryndan daşary täze plakatlary satyn almak üçin hem özlerinden pul ýygnalandygyny aýdýarlar.

Habarçymyza görä, Lebapda býujet işgärlerinden pul ýygnalan döwlet edaralarynyň hatarynda Farap etrabynyň Öý dolandyryş edarasy, Magtymguly we Seýdi adyndaky geňeşlikleriň arçynlyklary we beýleki guramalar bar.

Şol bir wagtda, sebitiň mekdep okuwçylaryna hem köpçülikleýin bag ekmek çäresi üçin sekiz düýp agaç nahalyny getirmek tabşyrylypdyr.

“Bu çäre täze prezidentiň gatnaşýan ilkinji çäresi bolany üçin, [döwlet işgärleri] iň gymmat agaç nahallaryny satyn almaly edildiler” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy sebitiň käbir etraplarynda oturdylan agaç nahallarynyň sany baradaky hasabatlara salgylanýar.

Onuň maglumatlaryna görä, Farapda 30 müň, Türkmenabatda we Çärjewde 60 müň, Darganatada 25 müň, Kerki, Kerkiçi we Köýtendagda 70 müň düýp töweregi agaç nahallarynyň ekilendigi hasabatlarda aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri ýyllar boýy ýaz we güýz aýlarynda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirýärler, ýöne ýurt raýatlary ekilýän agaçlaryň idegsizlikden ýa-da tebigy howa şertleri sebäpli guraýandygyny aýdýarlar.

Her çäre geçende kagyz ýüzünde ekildi diýilýän agaçlaryň sany [köp]. Millionlarça düýp nahal ekýärler. Nahallary ýer ýuwudýan bolsa, ýer hem doýardy. Türkmenistanda ekildi diýilýän baglaryň sany Merkezi Aziýanyň tokaýlaryndaky agaçlaryň sanyndan köp. Matematik hasap edilende, her dört metrden bir agaç ekilende hem soňky 30 ýylda ekilen baglara türkmeniň tutuş territoriýasy ýetmeli däl. Onsuz hem suwarymly ýerler ýurduň territoriýasynyň bary-ýogy 6-8 %-ni eýeleýär diýip, bir ýerli hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda ýylyň dowamynda iki gezek, ýazky we güýzki bag ekmek çäreleri geçirilýär. Türkmen hökümeti tas her möwsüm millionlarça düýp agaç nahallarynyň satyn alynýandygyny yglan edýär.

Ýöne, Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan lebaply hünärmen bag nahallaryny “kagyz ýüzünde ekildi diýilýän agaç nahallary” atlandyrýar we köpçülikleýin bag ekmek çärelerine hasap soralmaýan “korrupsiýa çeşmesi” hökmünde garaýandygyny aýdýar.

Ekspertler gür baglaryň daşky gurşawa oňyn täsir edýändigini tassyklaýarlar. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi “sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden we tozanly ýellerden goraýar” diýýär. Ýöne onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanda millionlarça düýp agaç nahallarynyň ekilendigine garamazdan, ýurt soňky ýyllarda ýygy-ýygydan tebigy howa hadysalaryndan, tomus aýlarynda epgek howadan, gurakçylykdan, tozanly ýellerden hem-de wagtal-wagtal tebigy harasatlardan ejir çekip gelýär.

Soňky ýyllarda halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we köp sanly daşary ýurt hökümetleri dünýäde howanyň üýtgemegine garşy global göreş tagallalarynyň çäginde daşky gurşawyň goralyp saklanmagyna, tebigata aýawly çemeleşmäge aýratyn üns gönükdirýär.

Geçen oktýabrda Bloomberg neşiri ýörite hasabat çap edip, Türkmenistanyň çäginden atmosfera uly möçberlerde metan gazynyň zyňylýandygyny, bu zyňyndylaryň mukdar taýdan dünýäde ABŞ-dan we Russiýadan soň üçünji orunda durýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine görä, 20-nji martda Aşgabadyň eteginde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresine prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda eks-prezident we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýokary döwlet resmileri we beýlekiler gatnaşdy.

Köpçülikleýin çärede aýdymçylar Serdar Berdimuhamedowyň öňünde aýdym aýtdylar, tansçylar tans etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG