Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mary bag ekmek çäresine taýýarlanýar, nahallar býujetçileriň hasabyna satyn alynýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat.

Mary welaýatynyň häkimiýetleri hepdäniň ahyrynda geçiriljek "ählihalk bag ekmek dabarasyna" güýçli depginde taýýarlyk görýär. Taýýarlyklaryň çäginde bag ekiljek meýdanlarda we köçelerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu işlere jemagat hojalygy gullugyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri mejbury gatnaşdyrylýar. Bag ekmek dabarasy bilen bagly geçirilýän çäreler ýurtda möhüm syýasy wakanyň boljak, ýagny Türkmenistanyň täze saýlanan prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlige kasam kabul etjek gününe gabat gelýär.

"Mary welaýatynda şenbe we ýekşenbe günleri geçiriljek uly ýowara berk taýynlyk görülýär. Bu ýowarda her edara-kärhana öz bellenen uçastoklarynda, ýagny uly ýollaryň gyralarynda bag ekmeli edildi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 18-nji martda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde sebitde bolan ýagynly howa şertleri sebäpli ýowara görülýän taýýarlyklar edara-kärhanalaryň içinde geçirildi.

"Bu çäreleriň çäginde edaralaryň içleri arassalandy, dezinfeksiýa we ýüzärlik tütetmek işleri geçirildi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly býujet işgäri jemagat hojalygyna degişli işgärleriň ýagynly günlerde hem ýer agdarmaly bolandygyny belledi.

Habarçymyz 18-nji martda ýagşyň dynyp, howanyň açylmagy bilen, jemagat hojalygy gullugyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleriniň ýüzlerçesiniň bag ekiljek meýdanlara çykarylandygyny aýdýar.

"Ýagyşdan soň ýerler palçyk bolsa-da, olary hökman agdarmagy buýurdylar. Bu ýerleri hepdäniň soňuna çenli taýyn etmek tabşyryldy" diýip, býujet işgäri belleýär.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Türkmenistanyň işden gidýän prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karara 4-nji martda gol goýdy. Karara laýyklykda, şu ýyl ýurt boýunça 3 million düýp nahal oturtmak meýilleşdirilýär.

Ýöne habarçymyz bu baglaryň adat bolşy ýaly býujet işgärleriniň maddy serişdesiniň hasabyna satyn alynýandygyny aýdyp, olardan geçen ýyllardaky ýaly bu ýyl hem pul ýygnalýandygyny habar berýär.

"Ekiljek baglar üçin işgärleriň her birinden, edara-kärhanadaky işgärleriň sanyna görä, 10-20 manat çöplenýär. Işgärler bu puly nagt tabşyrmaly. Hemişeki bolşy ýaly işgärler işinden kowulmakdan alada edip, sesini çykarmakdan gorkýarlar" diýip, býujet işgäri belledi.

Habarçymyz 19-njy martda ýurduň döwlet telewideniýesi üçin reportaž taýýarlanjak meýdanlara-da her edaradan bäş adamyň barmaly edilendigini hem habar berýär.

"Şu gün bu ýerlerde hem arassaçylyk işleri geçirilýär. Işgärler bu ýerlere özlerine derek hakyna adam tutup iberýärler. Olar bu adamlara 40 manat töleýärler. Telewideniýä düşüriljek ýerlerde ýaşulular hem bag ekerler. Býujet işgärleri sport egin-eşiklerinde bararlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, edara ýolbaşçylary türkmen TW-sine surata düşüriljek býujetçilere "ýüzleriňiz şadyýan bolup, ähli zadyň gowudygyny ýüzüňiziň mimikasy bilen düşündirmek gerek" hem diýdiler.

Resmi media bu çäräniň "ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek" maksady bilen geçirilýändigini tekrarlaýar.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar we býujet işgärleri muny "häkimiýetleriň täze prezidentiň wezipä kasam etjek gününde ilatyň ünsüni başga zada sowup, olary güýmäp, bolaýmagy mümkin nägilelikleriň öňüni almak tagallalarynyň bir bölegi" diýip häsiýetlendirýärler.

"Bag ekmek çäresi her ýyl hem geçirilýär. Ýöne şu ýyl bu çäreler inaugurasiýa dabarasynyň geçirilýän güni bilen utgaşdyryldy. Häkimiýetler adamlary bag ekmek çäresine çekip, "ähli zat gülala-güllük" diýen atmosferany döretjek bolýar" diýip, býujet işgäri sözüne goşdy.

Bellesek, Türkmenistanda köpçülikleýin saýlaw bidüzgünçilikleri bilen geçirilen 12-nji mart irki prezident saýlawlarynyň yz ýany, Merkezi saýlaw topary (MST) işden gidýän prezident G.Berdimuhamedowyň ogly S.Berdimuhamedowy ýeňiji yglan etdi. Ol 19-njy martda Aşgabadyň "Oguzhan" köşkler toplumynda prezidentlige kasam kabul eder. S.Berdimuhamedow ykdysady kynçylyklardan, garyplykdan, korrupsiýadan we giň ýaýran işsizlikden ejir çekýän ýurdy miras alýar.

Habarçylarymyz häzirki çäräniň S.Berdimuhamedow prezidentlige saýlananyndan soň geçirilýän ilkinji ýowardygyny hem belläp, munuň döwlet edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin örän möhümdigini aýdýarlar.

"Ýolbaşçylar özleriniň ýyljajyk ýerlerini saklamak üçin hiç zatdan çekinmeýärler. Olar şenbe güni ýowara gatnaşmadyklaryň işden kowuljakdygy barada haýbat atýarlar. Paýtagtda eýýäm haýsy mugallymyň nirede işlemelidigi barada sanaw düzüp başladylar. Olar soňky günlerde ýagan ýagşyň netijelerini arassalarlar" diýip, aşgabatly býujet işgäri anonimlik şertinde 18-nji martda aýtdy.

Türkmenistanda her ýyl - bahar we güýz pasyllarynda - millionlarça düýp nahal oturdylýar. Häkimiýetler bu işe harçlanýan serişdeler, olar üçin býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar we düýp tutmadyk baglar barada maglumat bermeýärler. Ýöne muny tebigaty goramak we çölleşmä garşy göreş tagallalary bilen düşündirýärler. Emma halkara metbugatynda çykýan habarlarda ýurduň howa goýberýän zäherli gazlaryndan uly alada bildirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG