Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökdepe şäherinde tupan zerarly bir adam heläk boldy


Lebapda 2020-nji ýylyň aprel aýynda dörän tupanyň heläkçilikli netijeleri
Lebapda 2020-nji ýylyň aprel aýynda dörän tupanyň heläkçilikli netijeleri

4-nji martda turan şemalynyň netijesinde Aşgabadyň 40 km demirgazygynda ýerleşýän Gökdepe şäherinde bir adam öldi. Bu, 40 ýaşly ýaşaýjynyň şemaldan sarsan üçegini berkitmäge synanyşan wagtynda bolup geçdi. Geçen anna güni Aşgabatda we Ahal welaýatynda dörän tupan binalara we awtoulaglara zeper ýetirdi.

Azatlygyň Ahal welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, tupan zerarly 40 ýaşly adamyň ýogalmagyna degişli ýagdaý Gökdepe şäherindäki Gazak obasy diýilýän ýerde ýüze çykypdyr.

“Gündiz güýçli ýel bolanda, Gökdepäniň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly Gazak obasynyň köp öýünde üçeklere zyýan ýetdi. Günortanky şemalda merhumyň ýaşan jaýynyň üçeginden birnäçe şifer bölegi gopdy. Ol şiferiň galan bölekleriniň hem uçmaz ýaly we jaýy ýagyş basmasyn diýip, derrew üçegi berkitmek kararyna geldi. Ýöne birden ozalkysyndan has güýçli ikinji şemal başlandy. Ol adam durup bilmedi we üçekden ýykylyp, şikeslerden öldi "- diýip, Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürlän bu adam, üçekden ýykylan ýaşaýjynyň wakanyň bolan ýerinde ölendigini aýtdy. Azatlyk Radiosy çeşmeleriniň howpsuzlygy sebäpli merhum barada şahsy maglumatlary çap etmekden saklanýar. Emma söhbetdeşlerimiz merhumyň yzynda çagalarynyň we aýalynyň galandygyny aýtdylar.

Azatlygyň habarçylary 4-nji martda gündiz iki gezek dörän güýçli ýeliň Aşgabada we Ahal welaýatyna degendigini habar beripdi.

“Günortan başlanan şemal Sumbar dükanynyň golaýyndaky birnäçe jaýyň üçegini ýumurdy, bu Aşgabadyň merkezinde boldy. Ýel peselen badyna üçekler howlukmaç dikeldilip başlandy. Emma agşam şemal has güýçli bolup, üçekleri ýykdy. Birnäçe etrapçada beýik binalaryň ýumrulan üçekleri howlularda goýlan awtoulaglaryň üstüne düşdi "-diýip türkmen paýtagtynyň ýaşaýjysy habarçymyza aýtdy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz tebigy betbagtçylykdan iň köp ejir çeken sebitleriň paýtagtyň Gökdepe we Büzmeýin etraplarydygyny habar berdi.

“Bezmeýinde we Gökdepede şemal iň güýçli boldy. Tozan galyň çal diwar ýaly bolup geldi. Hiç zat görünmeýärdi we bu köp ýol hadysalaryna sebäp boldy. Esasanam ýük awtoulaglary köp heläkçilige uçrady. Büzmeýiniň we Gökdepäniň hemme ýerinde sypyrlan üçekleri görmek bolýar. Indi olary düzetmäge howlugýarlar. Büzmeýinde stadionyň üçegi jaýryldy. Adamlar bu gezek Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň gowy işleýändigini aýtdylar. Polisiýa adamlary öýlerine alyp gidipdir"- diýip, habarçymyz ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýel agaçlary we sütünleri ýykypdyr. Paýtagtda bir sütün polisiýanyň awtoulagyna düşdi.

Türkmenistanyň paýtagtynyň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin tupan garaşylmadyk ýagdaý boldy. Hemişe bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri ýetip gelýän tupan barada ilata habar bermedi. Ondan öň “Meteožurnal” neşiri 4-nji martda Aşgabatda we onuň töwereklerinde tupanyň döremeginiň çak edilýändigini habar beripdi. Emma bu neşiriň websahypasy beýleki garaşsyz habar beriş serişdeleri ýaly Türkmenistanda petiklenýär.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde paýtagtyň köp etraplary we Ahal welaýaty birnäçe sagatlap elektrik toksuz, suwsuz we gazsyz galdy.

Dört sagatdan soň elektrik togunyň we suwuň üpjünçiligi dikeldildi.

Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda bolşy ýaly güýçli şemal Lebap welaýatyň etraplaryna we Türkmenabat şäherine hem ýaramaz täsir ýetirdi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 4-nji martda irden başlanan şemal günüň ertesi has güýçlendi we gije sagat 1 töweregi Türkmenabat şäheriniň käbir etrapçalarynda elektroenergiýanyň öçmegine sebäp boldy. Birnäçe sagatdan ýagyn ýagyp, ýel gowşady. Bu tebigy hadysanyň netijesinde Türkmenabatda ýollaryň ugrundaky çyralar we şäherde internet işlemedi.

“Täze aeroporta barýan ýoluň ugrundaky täze gurulýan köpgatly jaýlaryň daşyndaky haýatlar ýykylyp, ýoluň ugrundaky uly bildirişler zaýalandy. Türkmenabadyň günorta böleginde ýerleşýän Azatlyk posýologyny kesip geçýän we aeroporta barýan şa ýolunyň gyralaryny uly mukdarda gum basdy” diýip, habarçymyz 6-njy martda gürrüň berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, tebigy hadysanyň yzýany 5-6 martda Türkmenabadyň arassaçylyk gullugynyň işgärleri iki günläp ýoluň gyralarynda üýşen gum depelerini arassaladylar.

Habarçylar güýçli şemal zerarly howada dörän tozanyň adamlaryň dem alyşyny kynlaşdyrandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary şeýle tebigy wakalaryň soňky döwürde gaýtalanýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri boljak tebigy betbagtçylyklar barada ilata öňünden duýduryş bermeýärler we onuň netijelerini resmi taýdan agzamaýarlar.

2020-nji ýylyň aprelinde Lebap we Mary welaýatlarynda güýçli tupan adam pidalaryna we ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyň weýran bolmagyna sebäp bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde bolan tebigy betbagtçylyk zerarly Lebapda we Maryda azyndan 35 adamyň ölendigini habar berdiler. Beýleki çeşmeler pidalaryň sanynyň birnäçe ýüz adama ýetendigini habar berdiler. Bu sebitler birnäçe hepdeläp elektrik toksuz we gazsyz galdy we ýerli ilat öýlerini täzeden gurmaly boldy. Türkmen häkimiýetleri zyýan çekenlere kömek bermek beýlede dursun, hatda bolan ýagdaýlary agzamady.

Türkmenistanyň hökümeti şu güne çenli harasatyň özi ýa-da onlarça pidalary barada habar bermedi.

Häkimiýetleriň hereketsizligi ilatyň arasynda nägilelik döretdi, Türkmenabadyň we beýleki şäherçeleriň ýaşaýjylary birnäçe gezek köçelere çykyp nägilelik bildirdi. Mundan başga-da, bu Türkiýede we beýleki ýurtlarda türkmen migrantlarynyň arasynda raýat işjeňliginiň döremeginiň sebäpleriniň birine öwrüldi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG