Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda täze prezidenti wasp edip, goşgy ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi


Türkmen häkimiýetleri täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny döretmek boýunça tagallalaryny güýçlendirýär. Balkan welaýatynda täze prezidenti wasp edip, goşgy ýazmak boýunça näresmi bäsleşik yglan edildi. Häkimiýetler bäsleşigiň ýeňijilerine "uly baýrak" wada berýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Balkanly býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bu bäsleşik welaýatyň bilim we medeniýet bölümleri tarapyndan dilden yglan edildi.

"Arkadagly Serdary öwüp goşgy ýazan şahyrlara "iň gowy goşgy" üçin baýrak we serpaý wada berilýär. Iň ökde şahyra baýrak we serpaýy welaýat häkiminiň hut özüniň gowşurjakdygy aýdylýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran medeniýet işgäri 19-njy aprelde gürrüň berdi.

Ol ýeňijilere nähili baýragyň gowşuryljakdygy barada häzirlikçe maglumatyň ýokdugyny belläp, onuň "eýesiniň heniz tapylmandygyny" hem aýtdy.

"Ýerli häkimiýetler Aşgabadyň ýurduň günbatar welaýatynyň şahyrlaryna uly umyt baglaýandygyny aýdýar. Olar bu goşgynyň soňra aýdym edilip aýdyljakdygyny we onuň Türkmenistanda hit derejä çykjakdygyny hem belleýärler. Hamana, täze ýolbaşçyny wasp edýän "iň gowy eser" haýsy welaýatdan çyksa, şol welaýatyň abraýy ýokary boljakmyş" diýip, balkanly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Balkanly bilim we medeniýet işgärleriniň sözlerine görä, häkimiýetler bu bäsleşigiň geçirilmeginiň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýär.

Ýöne olar özara gürrüňdeşliklerde "döwlet ýolbaşçylarynyň prezidentiň ýakynda Balkana eden sapary döwründe onuň ýeterlik wasp edilmändigini aýdyp, ýerli medeniýet işgärleriniň işinden nägile bolandygyny" belleýärler.

"Ýolbaşçylar Serdara aýdylan aýdymlary halamandyrlar we onuň üýtgeşik wasp edilmändigini aýdypdyrlar. Olaryň welaýat medeniýet işgärlerinden göwni dolmandyr" diýip, medeniýet işgäri belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat medeniýet we bilim bölümleri bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 19-njy aprelde telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Balkanyň Türkmenbaşy şäherine baryp, bu ýerde täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň "Watan" habarlary gepleşiginde dabara ýüzlerçe adamyň gatnaşandygyny, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyş edendigini görse bolýar.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary Balkanyň häkimiýetleriniň t prezidentiň saparyna görülýän taýýarlyk işlerine baryp martyň başynda başlandygyny habar beripdiler. Şonda habarçylarymyz munuň bilen bagly geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak adamlaryň, şol sanda medeniýet işgärleriniň karantine alnandygyny hem aýdypdylar.

Türkmenistanda döwlet baştutanyny wasp etmek we türkmen teleradioýaýlymlarynda onuň gazanandygy aýdylýan üstünlikleri taryplamak, oňa bagyşlanyp düzülen aýdymlary aýtmak, gazet-žurnallarda makaladyr goşgulary çap etmek tejribesi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanyp, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe dowam etdirildi.

Synçylar Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginden soňra geçirilen köpçülik çärelerini, ilatdan edilýän talaplary nazara alyp, ynsan hukuklaryny gödek kemsitmekde tankyt edilýän türkmen hökümetiniň ýurtdaky repressiw döwlet syýasatyny üýtgewsiz dowam etjekdigini çaklaýarlar.

12-nji martda giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň arasynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýurtda iň ýokary döwlet wezipesi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirildi.

Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine girişmegi bilen onuň wagzy ýaýbaňlanyp, şahsyýet kulty tutuş ýurtda döredilip başlandy. Döwlet edaralarynda we uly ýollaryň gyralarynda onuň portretleri asylýar. Habarçylarymyz taksi sürüjilerinden öz awtoulaglarynda Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini ýerleşdirmegiň talap edilýändigini hem habar berdiler.

Bu aralykda, garaşsyz neşir öz çeşmelerine salgylanyp, täze prezidentiň saparynyň öňki döwlet baştutanynyň iş saparlaryndan tapawutlanmandygyny aýdyp, balkanlylaryň köp oňaýsyzlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny habar berýär.

"Turkmen.news" neşiriniň 18-nji aprelde çap eden habaryna görä, sapara görülýän taýýarlyklaryň çäginde býujet işgärleri köçeleri süpürip, olaryň gyralaryndaky haşal otlary arassaladylar. Demir haýatlar, ýanýodalar täzeden reňklendi, ýollar petiklendi. Ýaşaýjylaryň we ulaglaryň hereketi ýiti çäklendirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG