Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 'bidüzgünçiligi ýüze çykarmak' çäreleri bat alýar


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmen paýtagtynyň jemagat gulluklarynyň işgärleriniň arassalaýyş we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirişi iki hepde bäri ilata öz gözegçiligini güýçlendiren häkimiýetleriň ünsüni özüne çekdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdaky ýagdaýlar barada maglumat berip, düzgün bozanlara jerime salynýandygyny aýdýarlar.

Ýollarda gözegçiligiň güýçlendirilmegi, dürli kosmetiki hyzmatlaryň gadagan edilmegi, şeýle hem resmi nikasyz bile ýaşaýan jübütleri anyklamak üçin geçirilen reýdler ýaly ýagdaýlardan soň, indi häkimiýetler jemagat gulluklarynyň işgärleriniň arassalaýyş işleriniň talabalaýyklygyna ünsüni güýçlendirdiler

Habarçylaryň sözlerine görä, Aşgabadyň suw üpjünçilik edarasynyň işgärleri birnäçe sagatlap, Aşgabadyň dürli ýerlerini aýlanyp görmäge we kemçilikleri tapyp düzetmäge mejbur edilipdir. Netijede jemagat işgärleri ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki ýer böleklerinde suwly kran ýa-da ösümlik tapsalar, şeýle hem ýaprakly agaçlaryň bardygyny görseler ýok etmeli bolýarlar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan jemagat edaralarynyň işgärleriniň we Aşabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, şäher häkimligi şäherde diňe arça ýa-da sosna agaçlarynyň bolmagyny talap edipdir.

"Olar diňe arça ýa-da sosna ýaly agaçlary galdyryp bilýärler. Galanlary goparylýar we alnyp gidilýär. Mysal üçin, dostumyň melleginde hoz nahalyny we gülleýän ähli ösümlikleri gopardylar" diýip, aşgabatly zenan Azatlyga gürrüň berdi.

Çeşmelere görä, şol bir wagtyň özünde jemagat gulluklaryň işgärlerinden iş geýimlerini, ellikleri we gurallary öz hasabyna satyn almak talap edilýär we bu zatlaryň bolmadyk ýagdaýynda jerime salynýar.

"Gökdepä tarap barýan uly ýoluň ugrunda otlara garşy göreşýän bilen "Aşgabat ýylylyk" edarasynyň işçileri, özlerinde ýörite geýimleriniň we ellikleriň ýokdugy sebäpli başlyklary tarapyndan günäkärlenýär. Netijede, olar bu zatlary öz hasabyna satyn almaly bolýarlar" -diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi.

Jemagat gulluklaryň işgärleri, iş şertleriniň indi "hasam erbetdigini" aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary häkimiýetleriň ösüp oturan ösümlikleri we agaçlary ýok etmek boýunça alyp barýan hereketlerinden nägile bolýarlar.

"Ot-ösümlige garşy manysyz göreş hasam güýçlenýär" -diýip, Azatlyk bilen gürleşen Aşgabat şäheriniň ýene bir ýaşaýjysy aýdýar.

Ol paýtagtyň Onkologiýa hassahanasynyň golaýynda öz görenleri barada şeýle gürrüň berdi: "9-njy aprelde, Onkologiýa hassahanasynyň çäginde we [öňki prezident] Niýazowyň döwründe gurlan myhmanhanalaryň golaýynda işlän býujet işgärleriniň köpüsi otlary elleri bilen gapyryp çykdylar we gül gaplaryndaky ösümlikleri topragy bilen bilelkde kesip, goparyp ýyrdylar, ýogsa ösüp oturan ösmlikler hassalaryň gözüne ýakymly görünýärdi".

Iki hepde töweregi wagt bäri Türkmenistanyň ilaty dürli sebitlerde görlüp-eşidilmedik gözegçilik, jerime we çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Häkimiýetler bolup geçýän ýagdaýlar barada düşündiriş bermeýärler, sebäplerini düşündirmeýärler. Bu ýagdaý Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagyndan soň ýüze çykdy. 6-njy aprelde geçirilen howpsuzlyk ýygnagynda prezident Serdar Berdimuhamedow öňki içeri işler ministri Öwezdurdy Hodhaniýazowy işinden aýyrdy we onuň ýerine Lebap welaýat polisiýa bölüminiň başlygy Muhammet Hydyrowy goýdy.

TDH-niň habaryna görä, öňki ministriň işinden aýrylmagy berk käýinçler we iş döwründe kemçilikler baradaky duýduryşlar bilen delillendirilipdir. Içeri işler ministrliginiň başlygynyň günäsi anyklaşdyrylmady, ýöne şol gün ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy aýdylan onlarça sürüji döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Bu aralykda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi ilatyň sezewar bolýan gözegçiliginiň we çäklendirmeleriň wezipeli adamlary we kanun goraýjy edaralaryň işgärlerini bikanun ýoldan baýlaşdyrýar diýip hasap edýärler.

"Täze bir tolkun başlandy. Jerime salmak bahanasy bilen ilatdan goşmaça pul almak tolkuny" diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.

Mundan öň ýaşaýjylara olaryň daş keşbi, köçede surata düşmek we wideo almak, iş ýerinde we mekdepde jübi telefonlaryny ulanmak, awtoulag sürüjilere ulaglaryň reňki we detallary, awtoulagyň hapa bolmagy ýaly sebäplere görä jerime salyndy. Ýurduň häkimiýetleri tarapyndan ykrar edilmedik koronawirus pandemiýasy wagtynda ilki bilen maskalary dakynmak, soň bolsa dakynmazlyk ýa-da nädogry dakynmak, şeýle-de maskalaryň reňkleri, şol sanda gara maskalar sebäpli köpçülikleýin jerime salyndy.

Polisiýa işgärleriniň özleri hem yzygiderli jerimä sezewar boldy. Hususan-da, pandemiýanyň başynda polisiýa işgärleri köçelerde adamlaryň gyzgynyny barlamak üçin gurallary öz hasabyna satyn almandygy üçin, şeýle-de düzgüni bozanlary tutmak boýunça planlary talap edilişi ýaly ýerine ýetirmändikleri üçin jerimä we jeza sezewar edilipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG