Türkmenistanda irki prezident saýlawlarynyň geçirilip, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň prezident yglan edilmegine tas 40 gün boldy.
Bir aý ozal ýokary döwlet wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow tas hiç hili reforma wadasyny bermezden hökümet başyna geçdi. Saýlaw komitetine görä, halkyň 72 göterimden gowragy ilata üýtgeşik wada bermän prezident wezipesine geçen Serdar Berdimuhamedowa ses berdi.
Täze prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy we ondan soňra ýurduň syýasy-jemgyýetçilik sahnasynda bolup geçen wakalar ýurtda öňki-öňküligiň, has takygy prezidentiň şahsyýet kultyny dabaralandyrmak “syýasatynyň”; adamlary köpçülik çärelerine mejbury çekmek çäreleriniň; täze desgalaryň açylyş dabaralarynda ýurt raýatlaryny, şol sanda çagalary bezeg hökmünde ulanmak tejribeleriniň; prezidente öwgüli lakam bilen ýüzlenmek däpleriniň; onuň şanyna aýdym aýtmak, goşgy ýazmak däpleriniň; prezidentiň portretlerini satyn almak üçin býujet işgärlerinden, hatda mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryndan mejbury pul ýygnamak işleriniň gyşarnyksyz, üýtgewsiz dowam edýändigini we dowam etjekdigini görkezdi. Ýöne şol bir wagtda ilatyň döwlet dükanlaryndan çörek satyn almak mümkinçilikleriniň çäkli galmagy; ilatyň subsidirlenen azyk önümlerine garaşly bolmagy; ýeňillikli iýmit önümleriniň gijikdirilmegi; muňa garamazdan döwlet telewideniýesinde abadançylyk propagandasynyň ýaňlandyrylmagy; häkimiýetleriň bar bolan kynçylyklary ümsüm inkär edip, döwlet mediasynyň halkyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny yzygiderli öňe sürmegi; Aşgabadyň kaşaň-kaşaň sergi zallarynda kaşaň-kaşaň sergi geçirip, döwletiň ykdysady kuwwatynyň we abraýynyň ýokarydygyny görkezmek synanyşyklary gyşarnyksyz dowam etdi. Bu wakalara aýakdaş, Türkmenistanyň ilaty täze gadaganlyklar bilen tanyşdy, ýa-da öňki gadaganlyklaryň täzelenen wersiýalary bilen tanyşdy. Azatlygyň habarçylary aýal-gyzlaryň bezenmek mümkinçiliklerine girizilýän çäklendirmeler barada habar berýärler.
Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanda “30 günde hiç zat üýtgemedi”, 30 gün köp däl. Elbetde, adamlar ýurtda ýagdaýlaryň bir gije-gündizde özgermegine garaşýan däldir. Ýöne, iň bolmanda, geçen gysga döwür, köplere görä, haýsy pudaklarda özgerişe garaşmaga esas boljakdygy barada pikir döredip bilerdi. Köplere görä, şeýle pikir döremedi. Üstesine, geçen 30 günüň dowamynda ýurduň täze prezidentine täze lakam dakyldy, ýurduň çar künjeginde, hatda awtoulaglaryň içinde, onuň portretini asmak, oturtmak, ýerleşdirmek işleri ýaýbaňlandy, batlandy.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda täze prezidentiň şahsyýet kultynyň dabaralanmagy hem-de bu ýagdaýyň ykdysady we durmuş kynçylyklaryndan ýaňa tapdan düşen ilata ýetirjek oňyn ýa-da oňaýsyz täsirleri barada gürrüň edýär. Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.