Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň hassahanalarynda näsaglardan ýörite geýim talap edilip başlandy


Больница в Ашхабаде (иллюстративное фото)
Больница в Ашхабаде (иллюстративное фото)

Türkmenistanyň hassahanalarynda saglygyny bejerýänleriň daşky görnüşine berk talap girizildi. Ýurduň käbir etrap hassahanalarynda hassalar belli bir görnüşli eşikleri geýmeli edildi. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bu tize düzgün barada habar berýärler.

Türkmenistanda hassahanalarda hassalardan indi adaty türkmen eşiklerine meňzeş belli bir görnüşli geýimlerde bolmak talap edildi. Bu talap aýal-gyzlara-da, erkeklere-de degişlidir.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, hassahanalarda bejergi alýan näsag aýal-gyzlaryň giň köýnek geýmegini we hemişe kellesinde uly bolmadyk ýaglyk atynmak talap edilýär. Aýal köýnekleri giň we uzyn bolmaly, pagta matadan tikilmeli, ýeňi orta uzynlykda bolmaly, ýöne köýnegiň ýakasyna adaty nagyş ýakasy bolmaly däl. Erkek hassalar gysga ýeňli ak pagta futbolkalary we türkmen gyýma balaklaryna meňzeş gara balak geýmeli. Hassahanalar bu geýimleri öz ýany bilen getirmeli.

Täze gelen hassalaryň daşky görnüşi edilýän talaba laýyk bolmasa, olaryň keselhana ýerleşdirilmezligi mümkin. Keselhanalarda ýatan näsaglara bolsa, iki günüň içinde täze eşik getirmek barada duýduryş berildi.

"Indi hassahanalarda näsaglar saglyk ýagdaýy barada däl-de, eýsem daşky görnüşleriniň hassahananyň täze talaplaryna laýyk gelmegi bilen başagaý boldular. Lukmanlaryň irden hassalary barlamak üçin aýlananda aýallar ony başy ýaglykly garşy almaly. Şeýle-de zenanlar ähli amallara, sanjymlara we masažlara ýaglykly gatnamaly. Näsaglara täze talaplar bilen razylaşmasa öýlerine gitmek duýduryş berildi" -diýip, Azatlygyň çeşmelerinden biri gürrüň berdi.

Habarçylar daşky görnüşe bolan täze talapyň diňe türkmenlere däl-de, eýsem ähli milletli hassalara degişlidigini bellediler.

Ýörite geýim talabynyň tutuş ýurda degişli boljagy, ýa-da belli bir welaýat ýa-da etraplar bilen çäklenjegi entek belli däl. Azatlygyň habarçylary şu wagta çenli bu talabyň welaýatlaryň birnäçe etrap keselhanalarynda bardygyny habar berdiler. Keselhanalaryň birinde hassalaryň geýimine degişli talabyň girizilmeginiň sebäbi Saglygy saklaýyş ministrliginiň barlagy bilen düşündirilipdir. Beýlekilerde munuň ýokardan edilen buýrukdygyny aýdylyp, sebäpleri düşündirilmändir.

Ondan öň Türkmenistanyň hassahanalarynda näsaglaryň daşky görnüşi barada hiç hili gadaganlyk ýokdy, ýörite eşikler talap edilmeýärdi, hassalar adaty gündelik eşikleri geýýärdiler. Keselhanalarda hassalaryň köpüsi sport eşiklerini amatly hasaplaýardy.

Şol bir wagtyň özünde, ýurduň hassahanalarynda näsaglaryň saklamak we bejermek şertleri kynlygyna galýar, dermanlar ýeterlik däl.

"Hemişe bolşy ýaly hassalaryň özleri derman getirmeli. Onkologiýada agyr hassalar üçin neşe serişdeleriniň ýetmezçiligi bar. Näsaglar agyrydan ejir çekýärler, adaty agyry dermanlary olara köplenç kömek bermeýär. Käbirleri bu dermanlary ýakynlaryna satyn almak üçin para berip, öz hossarlaryny agyrydan halas etmeli bolýarlar"- diýip Azatlygyň sebit hassahanalarynyň birindäki çeşmesi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary hassahanalarda näsaglara berilýän dermanlaryň sanawynyň gaty çäklidigini habar berýärler. Adatça hassalara agyryny köşeşdiriji serişdeler, waleriýana, witaminler berilýär. Gerekli dermanlaryň köpüsi köplenç tanyşlyk üsti ýa-da para berlip alynmaly bolýar. Keselhanalarda ýatan näsaglar öýlerinden nahar hem getirtmeli bolýarlar. Bu şertlerde ýörite eşik talaby, gyssagly lukmançylyk kömegine mätäç adamlar üçin goşmaça çykdajylary we aladalary göz öňünde tutýar.

Bir ýarym aýyň içinde geýim talaby Türkmenistanyň ähli aýal ilatyna täsir ýetirdi. Döwlet işgärlerinden başlap, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar häkimiýetleriň geýim talabyna boýun bolmaga mejbur edilýär, çagalar baglaryndaky körpelere Golliwudyň multfilm gahrymanlarynyň suratlary çekilen eşik geýmek gadagan edildi.

Häkimiýetler bolup geçýän ýagdaýlary agzamaýarlar, öz talaplarynyň sebäplerini düşündirmeýärler. Girizilýän talaplar baradaky görkezmeler dilden berilýär. Talaplaryň ýerine ýetirilişine häkimiýetler, edara ýolbaşçylary we polisiýa işgärleri gözegçilik edýär.

Bu aralykda, şäherleriň köçelerinde polisiýa aýal-gyzlaryň daş keşbine degişli talaplar esasynda ollars saklamagy dowam etdirýär. Şu günler Türkmenistanda aýal-gyzlara jerimä sezewar bolmak ýa-da polisiýa bölümine äkidilmek üçin ýzüne boýag çalmak, dyrnagyny reňklemek, dar köýnek, jeans geýmek ýa-da erkek adam bilen el tutuşyp ýöremek ýeterlikdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG