Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabatlylar "köne, hapa..." awtobuslardan ýadandyklaryny aýdýarlar


Türkmenistanly ýolagçylar awtobusa münýärler (arhiw suraty)

Türkmen häkimiýetleriniň döwletiň satyn alýan awtobuslary, taksileri barada berýän dowamly maglumatlaryna garamazdan, ýurduň ilatly sebitleriniň, şol sanda welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň ýaşaýjylary jemgyýetçilik transportynyň ýola goýulyşyndan, hilinden nägile bolýarlar.

“Türkmenabadyň ýolagçy awtobuslary könelip, eýýäm ençeme ýyl ozal sandan çykyp başladylar. Şäheriň jemgyýetçilik transportyny ozal Aşgabatda ýyllar boýy ulanylyp, soň Lebaba ugradylan awtobuslar düzýär. Olaryň içi gaty kir. Oturgyçlary çaň basyp gidipdir, aýagyň aşagy hem durşuna gum. Awtobusyň içindäki dizeliň aňkap duran ysy geýimiňe hem siňýär” diýip, Lebabyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylarynyň biri her gün başdan geçirýän tejribelerini gürrüň berdi.

Türkmenabatdaky awtobusyň içi
Türkmenabatdaky awtobusyň içi

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligini soran söhbetdeşimiz şäheriň jemgyýetçilik gatnawynyň agramly bölegini öz üstüne alan hususy awtobuslaryň köçelerden azalmagynyň hem ýaşaýjylara ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy.

Ýatlatsak, şu ýylyň başynda türkmen häkimiýetleri hususy awtobus sürüjilerine Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan degişli ygtyýarlygy almaly edeninden soň, şeýle-de munuň bilen baglylykda goşmaça salgyt töleglerini girizeninden soň, ýurduň iri şäherleriniň ençemesinde jemgyýetçilik transport bökdençlikleri döräp başlady.

Şol bir wagtda, awtobus sürüjileri ýangyjy, dowamly gymmatlaýan ätiýaçlyk şaýlaryny, hatda geýmegi talap edilýän tahýalary hem öz hasaplaryna satyn almaly bolýandyklaryny belläp, häkimiýetleriň goldawyň deregine, diňe goşmaça talaplary girizýändiklerini aýdýarlar.

“Awtobuslar juda köne. Olaryň ätiýaçlyk şaýlary hem tapdyrmaýar. Şol sebäpli, onlarça awtobus awtoparklarda çagşap dur. Edaramyzyň ýolbaşçysy awtobusyň içini hem sürüjilere arassaladýar. Ýöne sürüji diňe awtobusyň daşky keşbine jogap bermeli, onuň içini arassalar ýaly ýörite iş oruny göz öňünde tutulan. Emma soňky wagtdan bäri bu wezipäni hem sürüjileriň üstüne atdylar” diýip, 50 ýaşlaryndaky awtobus sürüjisi gürrüň berdi we doly iş gününiň dowamynda awtobusy arassalamaga mümkinçiliginiň bolmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarky meseleler barada 17-nji maýda ýerli wagt bilen öýläne çenli döwlet edaralaryndan, şol sanda “Türkmenawtoulaglary” agentliginden, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden, şeýle-de Türkmenabadyň degişli awtoparklaryndan kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Bu aralykda, türkmenabatly ýolagçylar awtobus tölegleriniň ýola goýulyşyndan hem nägile bolup, munuň netijesinde köp halatda iki esse bahany tölemeli bolýandyklaryny hem aýdýarlar.

“Awtobusyň gatnawy 50 teňňä durýar. Emma dolanyşykda köpükler tas ýok diýen ýaly. Şonuň üçin, 1 manat uzatsaň, sürüji gaýtargysynyň ýokdugyny aýdýar we netijede 50 teňňe üçin goh-galmagal etmekden uýalyp, awtobusdan çykyp gaýtmaly bolýar. Bu her kimiň günde-günaşa başdan geçirýän ýagdaýy. Aşgabadyň awtobuslarynda elektron töleg terminallary ornaşdyrylandygy aýdylýar. Emma Türkmenabatda [elektron töleg terminaly] diňe aeroportdan şäheriň merkezine 6-njy ugur boýunça gatnaýan awtobusda bar. Ýöne ol hem düýbünden işlemeýär, diňe göz üçin dur” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi 17-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol Türkmenabadyň ýolagçy awtobuslarynda mümkinçiligi çäkli adamlaryň bökdençsiz münip bilmegi üçin hiç hili şertleriň döredilmändigini hem sözüne goşdy.

Türkmen metbugatynda paýtagt Aşgabatda ýüzlerçe döwrebap awtobuslaryň ýola goýulýandygy, täze ýolagçy ugurlaryň açylýandygy barada dowamly maglumat berilse-de, ýurduň beýleki sebitlerinde bu ugurda amal edilýän ýa-da edilmeýän işler barada köp zat aýdylmaýar. Şeýle-de, döwletiň gözegçiligindäki metbugat ýaşaýjylaryň jemgyýetçilik transporty bilen bagly çekýän kynçylyklary, sürüjileriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG