Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Donbasda basyşy artdyrýar, Zelenski Moskwany “genosid etmekde” aýyplaýar


Ýangyn söndürijiler 26-njy maýda Harkowyň topa tutulmagy netijesinde ot alan kofehanadaky ýangyny söndürýär.
Ýangyn söndürijiler 26-njy maýda Harkowyň topa tutulmagy netijesinde ot alan kofehanadaky ýangyny söndürýär.

Rus güýçleri Donbas sebitiniň iň gündogardaky ukrain çägini ele geçirmek üçin hüjümi güýçlendirýär we demirgazyk-gündogar Harkow şäherini uçdantutma bombalap, ol ýerde dokuz adamy öldürdi, 19 adamy ýaralady diýip, Ukrainanyň harby resmileri aýdýarlar. Kiýew gündogardaky ýagdaýyň çak edilşinden has erbetdigini duýdurýar.

Ukrainanyň prezidenti Moskwany gündogarda, rus goşunlarynyň Sewerodonetsk we Lysyçansk möhüm iki şäherine dyzaýan sebitlerinde, “genosid” amala aşyrmakda aýyplady we Günbatary Russiýa bilen “oýun etmegi bes etmäge” hem-de urşuň soňuna çykmak üçin ýardam bermäge çagyrdy.

Zelenski 26-njy maýda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde Moskwanyň Sewerskiý Donets derýasynyň boýunda ýerleşýän iki şähere eden rehimsiz hüjümini ýazgardy we bomba hüjümleriniň tutuş sebiti “adamsyz” goýup biljekdigini sözüne goşdy.

“Bularyň ählisi, şol sanda biziň halkymyzyň deportasiýa edilmegi we parahat ilatyň köpçülikleýin öldürilmegi Russiýanyň alyp barýan aç-açan genosid syýasatydyr” diýip, Zelenski aýtdy.

Daşary işler ministri Dmitri Kuleba 26-njy maýda gündogar Ukrainadaky harby ýagdaýlaryň adamlaryň aýdyşyndan has erbetdigini mälim etdi.

Şeýle-de, Kuleba Twitter ulanyjylary bilen geçiren sorag-jogap söhbetdeşliginde Russiýa garşy täsirli söweşmek üçin ýurduň indi agyr ýaraglara mätäçdigini hem-de Russiýa bilen parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmeýändigini aýtdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi özüniň gündelik aňtaw hasabatynda Moskwanyň Donbasda doly gözegçiligi ele geçirendigini ret edip, Russiýanyň guryýer goşunlarynyň Sewerodonetsk sebitine belli bir derejede üstünlikli basyş etmäge dowam etdirýändigini, ýöne Ukrainanyň köp sanly goralýan sebitlerde gözegçiligi öz elinde saklaýandygyny aýtdy.

Ýöne britan aňtawy Russiýanyň, görnüşinden, soňky günlerde 50 ýyllyk T-62 tanklaryny saklawhanalardan çykaryp, Donbasdaky operasiýalar sahnasyna sürendigini belledi. Bu fakt Russiýanyň döwrebap, söweşe taýýar enjamlarynyň ýetmezçiligini görkezýär.

Galyberse-de, “T62-ler tanka garşy ýaraglar garşysynda we olaryň bar bolan söweş meýdanlarynda tas şek-şübhesiz aýratyn ejiz” diýip, britan aňtawy baha berdi.

Diplomatiýa babatynda aýdylanda, Italiýanyň premýer-ministri Mari Draghi 26-njy maýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Draghi metbugat ýygnagynda telefon söhbetdeşliginiň dowamynda parahatçylyk babatda hatda azyrak hem bolsa umyt şöhlesini görmändigini aýtdy. Ýöne, Draghi halkara azyk krizisine çözgüt tapmaga synanyşmak babatda Putin tarapda taýýarlyk duýandygyny aýtdy.

Kremle görä, Putin Draghä Russiýanyň “däne we dökün eksportlary arkaly azyk krizisine ýeňip geçmekde, Günbataryň girizen syýasy matlaply çäklendirmeleriniň aýrylmagy şerti bilen, ymykly goşant goşmaga taýýardygyny” aýtdy.

Ukraina dünýäniň iň iri galla, mekgejöwen we günebakar ýag eksportçylarynyň biri bolup durýar, ýöne rus güýçleri dünýäniň azyk üpjünçiligini howp astyna salyp, häzirki wagtda Ukrainanyň Gara deňiz portlaryny petikleýär.

Halkara jemgyýetçiligi Russiýany portlary petiklemezlige we ukrain gallasynyň eksport edilmegine rugsat bermäge çagyryp gelýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi daşary ýurt gämileriniň Gara deňiz portlaryndan çykmagyna rugsat berýän bir geçelge we gämileriň Azow deňziniň boýundaky Mariupol portundan çykmagyna rugsat berýän ýene bir geçelge teklip etdi.

Britaniýa derhal Russiýany “dünýäni girew almaga synanyşmakda” aýyplady we hiç hili sanksiýa ýeňilliginiň bolmajakdygyny erjellik bilen aýtdy.

Daşary işler ministri Liz Truss “Putiniň, aslynda, açlygy we azyk ýetmezçiligini dünýädeki iň garyp halklaryň arasynda ýarag hökmünde ulanýandygyny” aýtdy.

Truss 26-njy maýda Saraýewo saparynda eden çykyşynda islendik köşeşdirmäniň “Putini uzak möhletde diňe güýçlendirjekdigini” aýtdy.

Zelenski Ukrainadaky “manysyz urşuň” soňuna çykmak üçin Günbatary ýagdaýa çynlakaý çemeleşmäge we Russiýa garşy has berk sanksiýalary girizmäge çagyrdy.

“Dünýä eger Ukrainadaky ýagdaýa edil özi duçar bolan ýaly çemeleşen bolsa, eger güýçler Russiýa bilen oýun etmän, söweşi soňlandyrmak üçin hakykatdan hem basyş etse, betbagtçylykly wakalary heniz heniz hem togtadyp bolardy” diýip, ol gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi rus nebitiniň ahmal embargo edilmegi babatynda haýal hereket edip, Ukrainanyň harby ýagdaýy gündogar sebitlerde barha agyrlaşýan mahaly, Zelenski soňky günlerde Günbatary barha köp tankytlaýar.

Embargo 27 agzaly bileleşigiň biragyzdan razyçylygyny talap edýär, ýöne Wengriýa bu göçümiň öz ykdysadyýetine agyr zarba urjakdygyny aýdyp, garşy çykýar.

Zelenski ÝB-niň içinde ylalaşygyň ýokdugyny berk tankytlady. “Ýewropa Bileleşigi ýene näçe hepde altynjy bukja babatynda ylalaşmaga synanyşar?” diýip, ol sorag berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG