Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maý - Berdimuhamedowlaryň täze gurluşyk meýillerine baý boldy


Gurbanguly we Serdar Berdimuhamedowlaryň ýanaşyk suraty.

Maý aýy Aşgabat üçin gurluşyk pikirlerine baý aý boldy we prezident Serdar Berdimuhamedow, nobatdaky atly monumentden ozal täze metjitleriň gurulmagy barada edilen teklibi tassyklady. Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynyň maglumatyna görä, bu teklip ýerli ýaşaýjylaryň isleglerine esaslanyp edildi. Şeýlelikde, Hazar şäherinde (Balkan), Änew şäherinde (Ahal), Ruhubelent etrabynda (Daşoguz), Döwletli etrabynda (Lebap) we Şatlyk şäherinde (Mary), ýanyndaky sadaka jaýlary bilen bilelikde, täze metjitleri gurmak kararyna gelindi. Ýöne habarda guruljak metjitleriň mümkin bolan bahalary, maliýeleşdirmek meselesi barada hiç zat aýdylmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, 2009-2020-nji ýyllarda Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan sebitlerinde, şeýle-de Aşgabadyň Parahat-7 etrabynda täze gurlan metjitler açyldy. Mundan başga, Türkmenistan demirgazyk Owganystanda hem täze metjit gurup, bu ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini berdi.

TDH-nyň tassyklamagyna görä, metjitler ýerli ýaşaýjylaryň islegleri esasynda gurlar. Emma Ahal sebitinde Akhan atly ata bagyşlanan monumentiň gurulmagyny kimiň haýyş edendigi aýdylmaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ‘seýislän’ aty diýilýän Akhanyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak baradaky karara 22-nji maýda, dynç güni gol çekildi. Özem bu ýadygärlik ýylyň aýagyna çenli, gyssagly bina edilmeli. Soňra, 24-nji maýda prezident “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda uly üns berilýän sport ulgamy amerikan işewürleri bilen ediljek hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde bellenildi. Şol bir wagtda, Aşgabatda ozal gurlan golf meýdançasynyň bu sporty ösdürmekde oýnan roly-da, hatda onuň saklanyşy-da nämälim bolmagyna galýar.

Türkmenistandaky ilkinji golf meýdançasy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda guruldy.

Aşgabadyň günorta-günbatarynda 70 gektar meýdany eýeleýän golf meýdançasynyň guruljakdygy barada türkmen häkimiýetleri ilkinji gezek 2017-nji ýylyň 12-nji aprelinde habar berdiler.

Türkmen mediasynyň şol döwürde beren maglumatlaryndan ýurtda 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygy mälim boldy. Emma hökümet gurak howaly çöllük ýurtda gurulýan golf meýdançalaryny saklamak üçin zerur bolan çykdajylar barada hiç bir düşündiriş bermedi.

“Nikolaus dizaýn” kompaniýasynyň başlygy Jek Nikolaus Türkmenistanda golf sportuny ösdürmek bilen bagly niýetini 2015-nji ýylyň 7-nji maýynda, şol wagtky prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýdypdy.

"Aşgabatda gurlan golf meýdançasy soňky 20 ýylda täze, zerur ýa o diýen zerur bolmadyk, başgarak ýerden hem gurup boljak desgalar sebäpli ýaşap oturan jaýlary ýykylan we degerli kompensasiýa alyp bilmedik adamlaryň sanynyň köpelmegine goşant goşdy, ýöne golf sportunyň meşhurlaşmagyna goşant goşmady, türkmen halkynyň häzir, mejbury çärelere gatnaşsa-da, sporta eli degenok" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 45 ýaşly aşgabatly aýtdy.

Ýatlatsak, ýurtdaky ilkinji golf-kluby 2017-nji ýylyň oktýabrynda açyldy. Ol paýtagtyň günorta-günbataryndaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň golaýynda, 630 gektarlyk seýilgäh zolagyna ýanaşyk baýyrlykda ýerleşýär.

18 çukurjykly meýdançanyň açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem gatnaşdy. Şonda türkmenistanlylar üçin täzelik bolan golf meýdançasynyň taslamasynyň ABŞ-ly belli golfçy Jek Niklausyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýa tarapyndan taýýarlanyp, onuň gurluşyk işleriniň ýerli türkmen kärhanasy tarapyndan amal edilendigi aýdyldy.

Belki-de, gurak howaly ýurtda ornaşdyrmakçy bolýan golf oýnuny esaslandyrmak üçin, ol türkmenleriň gadym eýýamlardan bäri golfa meňzeş “çilik” oýnuny oýnap gelendiklerini öňe sürdi.

Türkmen mediasynyň maglumatlaryn görä, meýdançadaky dürli serişdeler daşary ýurt öndürijilerinden, şol sanda ABŞ-dan, Ýaponiýadan we Britaniýadan satyn alnyp, Şotlandiýadaky ýörite laboratoriýada synagdan geçirilipdir.

Ýöne türkmen mediasy sportuň bu görnüşiniň “ýurduň sport abraýyna goşant goşjakdygyny” ynandyranda, näme üçindir, golf meýdançasynyň gurluşygyna döwlet býujetinden goýberlen pul serişdeleri barada maglumat bermegi zerur hasaplamady.

Azatlygyň habarçylarynyň 2017-nji ýylyň aýagynda beren maglumatlaryna görä, golf klubunyň gurluşygy, beýleki sport desgalarynyň fonunda, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagy netijesinde, ýurtdaky durmuş ýeňillikleriniň ýatyrylýan, aýlyklaryň ençeme aýlap gijikdirilýän, döwlet edaralarynyň ýapylyp, iş orunlarynyň yzygiderli kemeldilýän döwrüne gabat geldi.

Şeýle-de, gurak howaly çöllük ýurt hasaplanýan we öz territoriýasynyň 80%-ni Garagum çöli eýeleýän Türkmenistanda açylan golf klubunyň soňy bilen nähili dolandyryljakdygy we türkmen hökümetiniň oňa sarp edilen pullaryň öwezini dolmak planlary resmi taýdan mälim edilmedi.

AP habar gullugynyň 2016-njy ýylyň dekabrynda beren habaryna görä, amerikan biznesmeni Jak Niklausyň neşire Hazar deňziniň boýundaky "Awaza" syýahat zolagynda has kän golf kursunyň gurulmagynyň planlaşdyrylýandygyny aýdypdyr.

Şol bir wagtda-da ol özüniň hakykatda türkmen prezidentiniň “näme üçin golf isleýändigini bilmeýändigini” boýun alypdyr.

AP bilen söhbetdeşlikde ol Aşgabatda ýaşaýan we golf oýnamak isleýän 2500 çemesi daşary ýurtlynyň bardygyny aýdýar.

Şeýle-de makalada Berdimuhamedowyň Türkmenistan üçin geň sport bolan golfdan ozal, esasan Garagum çöli bilen gurşalan yssy howaly ýurtda, üç sany hokkeý desgasyny hem gurdurandygy ýatladyldy we prezidentiň bu täzelikleri ýurduň ähli sebitlerinde ornaşdyrmak isleýändigi öňe sürüldi.

Tanymal amerikan biznesmeni şol wagtlar "Awazanyň" diňe syýahat menzili däl, golf menzili bolmagyna hem umyt baglapdy we, türkmen prezidentiniň amerikan işewürleri bilen bolan soňky duşuşygynda indiki guruljak golf meýdançalary barada anyk bir zat aýdylmady.

Emma synçylar Türkmenistandaky golf hyýallarynyň ýene döwlet serişdelerini ýele sowurmakdan başga zat bolmajakdygyny aýdýarlar.

Ýerli şertleri we Portugaliýa ýaly golfçylaryň köp barýan ýerlerini gowy öwrenen ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň pikirçe, türkmen sebitleriniň ýaşaýjylarynyň ‘baýlaryň sporty hasaplanylýan’ golfdan bähbit tapjagyna ynanmak kyn.

Mundan başga, Hudaýberdi Hallynyň pikiriçe, yssy howa şertlerinde golf meýdançalarynyň otuny guratman saklamak üçin köp suw we zähmet gerek bolar.

Maglumat üçin aýdylsa, golf meýdançalary baradaky mesele türkmen prezidentiniň Daşoguzdaky suw üpjünçiligi bilen baglylykda, degişli pudagyň ýolbaşçyna berk käýinç bermeginiň öň ýanynda gaýtadan gün tertibine getirildi.

Şu aralykda, 25-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşandygy habar berildi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly synçynyň pikiriçe, Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasynyň guran Türkmenabat-Farap köprüsi, ulanmaga berlende berlen wadalaryň has uly bolandygyna garamazdan, beýleki bir topar desgadan tapawutlylykda, il-ýurt üçin has peýdaly bolup görünýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG