Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bergi-borja batandygy aýdylýan Aşgabat ýene daşary ýurt maýasyny gözleýär


Türkmenistan sebitde we dünýäde gymmat bahaly heýkller bilen tapawutlanjak bolýana meňzeýär.
Türkmenistan sebitde we dünýäde gymmat bahaly heýkller bilen tapawutlanjak bolýana meňzeýär.

12-13-nji maýda geçjek foruma halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Emma synçylar soňky ýyllarda özüniň iň agyr ykdysady çökgünligini başdan geçirýän Türkmenistanyň daşary ýurt maýalaryny çekmek mümkinçiligini sorag astyna alýar.

Türkmenistanyň nebit, gaz senagatyna maýa goýumlaryny çekmek baradaky halkara forumy hemaýatkär saýlaýar diýip, "Trend" "Nebit-Gaz" elektron gazetine salgylanyp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna maýa goýumlaryny çekmek üçin geçiriljek halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkärlerinden biri hökmünde saýlandy.

Bu habar mart aýynyň başynda ýurduň nebit-gaz pudagy we beýleki ugurlary üçin alnan uly karz serişdelerini öz wagtynda yzyna gaýtarmak, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak meseleleriniň ýüze çykan we türkmen manadynyň hümmetiniň rekord derejede gaçan wagtynyň yz ýanyna gabat gelýär.

12-13-nji maýda geçjek foruma öňdebaryjy milli we halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Emma synçylar soňky ýyllarda özüniň iň agyr ykdysady çökgünligini başdan geçirýän Türkmenistanyň daşary ýurt maýalaryny çekmek mümkinçiligini sorag astyna alýar.

Bu sorag ozalky daşary ýurt karzlarynyň yzyna gaýtarylmagy baradaky talaplaryň fonunda ýurtdaky azyk ýetmezligi we manadyň dollaryň garşysyndaky hümmetiniň barha peselmegi bilen has-da ulaljaga meňzeýär.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan 2009-2011-nji ýyllarda Hytaýdan ýurduň nebit-gaz pudagyny ösdürmek we eksport edilen gazyň hasabyna üzülişmek maksady bilen 8 milliard dollardan gowrak karz aldy. Gurbanguly Berdimuhamedow mart aýyndaky hökümet maslahatynda bu pudaga ABŞ-nyň 8 milliard 800 million dollaryndan gowrak möçberde daşary ýurt karzynyň çekilendigini aýtdy.

Ýöne prezident, TDH-nyň ýazmagyna görä, "karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagyň, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyny" hem nygtady.

Şeýle-de ol, karz alnan serişdeleri gaýtarmak bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanyp, toplumyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi we “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň çekilen karz serişdelerini wagtynda gaýtarmaklary üçin pudaklaýyn kärhanalaryň taslama kuwwatyna çykarylmagyny talap etdi.

Adatça bolşy ýaly, mart aýyndaky hökümet mejlisinde jikme-jiklikler açylmasa-da, Baş prokuror Batyr Atdaýewiň hasabatyndan ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde, döwlet baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, prokuror barlaglarynyň geçirilendigi, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini netijeli özleşdirmek we olary wagtynda gaýtarmak meselelerinde käbir kemçilikleriň ýüze çykarylandygy habar berildi.

Şeýle-de, prezident oňa "daşary ýurt karz serişdelerini, maýa goýumlaryny wagtynda gaýtarmak" bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli barlanmagyny tabşyrdy.

Emma synçylar bu hili tabşyryklaryň köplenç yzynyň bolmaýandygyny we ýurtda hut prezidentiň özüniň inisiatiwalary bilen amala aşyrylýan gymmat baha taslamalaryň köpüsiniň özüni ödemek mümkinçiliginiň, taslama kuwwatyna ýetirilmeginiň tasdan mümkin däldigini aýdýarlar.

Ýerli synçylaryň sözlerine görä, bu ýaponlar bilen gazdan benzin öndürmek üçin gurlan zawodlar toplumy, belaruslar bilen Garlykda gurlan kaliý dökünleri kärhanasy, täze demir ýol ulgamlary, Aşgabatdaky we sebitlerdäki täze uçar menzilleri, Türkmenbaşy porty, "Awazadaky" we başga ýerlerdäki kaşaň myhmanhanalar, beýleki desagalar babatda hem şeýle boldy we bu ýagdaý ozaly taslamalaryň ykdysady manysynyň öňünden ýeterlik seljerilmezligi, ýerli reallyklar bilen bagly.

Hökümet soňky ýyllarda gurluşyk-senagat toplumyna 2 milliard 682 million amerikan dollaryna golaý möçberde, ulag-aragatnaşyk toplumyna 1 milliard 5 ýarym million amerikan dollary möçberde, düýpden çökene meňzeýän oba hojalyk toplumyna bolsa 822 million 200 müň amerikan dollary möçberinde... daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini aýtdy.

Bergileriň üzülmegi, prezidentiň gaýta-gaýta aýdyşyndan hem görnüşi ýaly, bu serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalarynyň taslama kuwwatlygyna çykarylmagy bilen bagly. Emma bu işiň geljekde nädip amala aşyryljagy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG