Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri täze metjitleriň gurluşyklary üçin ‘haýyr-sahawat’ toplaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti ýurduň sebitlerinde bina ediljek täze metjitleriň gurluşyklaryna haýyr sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasap açdy diýip, hökümetçi Turkmenportal.com neşiri döwlet mediasyna salgylanyp habar berýär.

Neşir haýyr-sahawat bank hasaplary baradaky maglumatyň metbugatda çap ediljekdigini aýdýar.

Maýyň başlarynda Türkmenistanyň hökümeti sebit ýaşaýjylaryndan gelen islegleri nazarda tutup, ýurduň bäş welaýatynda täze metjitleriň bina ediljekdigini yglan etdi.

Ýöne döwlet metbugaty gurulmagy meýilleşdirilýän ybadathanalaryň haýsy serişdeleriň hasabyna, Döwlet we Merkezleşdirilen býujetiň hasabynamy ýa-da ýerli býujetiň hasabyna guruljakdygyny aýdyňlaşdyrmady.

Munuň ya ýany, sebitlerde ýerli häkimiýetler metjitleriň gurluşyklary üçin ilatdan “haýyr-sahawat” pullaryny toplamaga girişdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, metjit gurmak baradaky resmi kararyň yglan edilmeginiň yz ýany, 8-nji maýda Balkan we Mary welaýatlarynda býujet işgärlerinden we telekeçilerden maliýe serişdeleriniň ýygnalyp başlanandygyny habar berdiler.

"Şeýle tabşyryk Balkanabat, Gumdag, Bereket, Hazar, Serdar we Magtymguly şäherlerindäki edara-kärhanalara hem gelip gowuşdy. Býujet işgärlerinden 50-100 manat aralygynda pul ýygnalýar" diýip, balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Telekeçilerden 20 müň – 50 müň manat aralygynda pul serişdesini haýyr-sahawat hökmünde metjitleriň gurluşygyna goşant goşmak talap edildi.

Turkmen.news neşiri 9-njy maýda Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesinde birnäçe kärhananyň işgärlerinden öz aýlyklarynyň 15%-ni täze metjidiň gurluşygyna geçirmekligiň talap edilýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde täze metjit hem-de sadaka jaýlary gurulýar.

Döwlet metbugaty welaýatlarda täze metjitleri gurmak teklibiniň ilatyň haýyşlaryny nazarda tutup, welaýat häkimleriniň teklipleri esasynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanandygyny aýdýar.

Hökümetçi neşir Türkmenistanda “halkyň urp-adatlaryny saklamak we goldamak, ýaş nesli milli ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemek hem-de raýatlaryň ynanç-ygtykatlaryny erkin berjaý etmekleri üçin has oňaýly şertleriň döredilýändigini” öňe sürýär.

Ýöne Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny depelemekde berk tankyt edilýär.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary türkmen häkimiýetleriniň “dürli bahanalar” bilen býujet işgärlerinden yzygiderli ýagdaýda pul toplaýandyklaryny habar berýär.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleri “tebigaty goramak”, “bag nahallaryny satyn almak”, “döwlet edaralaryndan prezidentiň portretlerini çalyşmak”, “prezidentiň merhum atasynyň ýas sadakasyny sowmak“ üçin we beýleki maksatlar bilen býujet işgärlerinden pul ýygnady.

Türkmenistanyň din resmileri ilkinji gezek döwlet metbugatynda metjit gurluşygy üçin bank hasap açyp, haýyr-sahawat toplaýandyklaryny yglan edýärler.

Bellesek, 2009-2020-nji ýyllar aralygynda Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabadyň Parahat-7 etrabynda täze gurlan metjitler açyldy. Türkmenistan demirgazyk Owganystanda hem täze metjit gurup, bu ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini berdi diýip, hökümetçi "Orient” neşiri habar berdi.

Has ozal, ykmanda it-pişiklere garşy ýurt boýunça alnyp barlan ýowuz göreşiň arasynda, türkmen resmileri ýurtda it penahanalaryny gurmak üçin hem bank hasaplaryny yglan edip, isleg bildirýän taraplardan haýyr-sahawat toplady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG