Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Öýe pul ibermegi bes etdik". Türkiýedäki ýokary inflýasiýa migrantlara agyr täsir edýär


Illýustrasiýa suraty

Türkiýede inflýasiýa iň ýokary derejesine ýetdi. Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, maý aýynda inflýasiýa iň ýokary derejä – 73,5%-e ýetdi. Garaşsyz barlag merkeziniň hasaplamalaryna görä, inflýasiýanyň derejesi 160% diýlip görkezilýär.

Maý aýyň başynda “BloombergHT” dünýäniň 20 ýurdunyň arasynda, iň ýokary inflýasiýa derejesiniň Türkiýede hasaba alnandygyny habar berdi. Ondan soň köp ýyl bäri ykdysady krizisi başdan geçirýän Argentina (51%) bar.

Inflýasiýanyň derejesini öwreniş (ENAG) garaşsyz merkezi ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň pesdigini, maý aýynda ýyllyk inflýasiýanyň Türkiýede 160%-e ýetendigini mälim etdi. Jaý, azyk önümleri we mebeliň bahalary geçen aýlar bilen deňeşdirilende, birden ýokarlandy.

Şol wagtyň özünde, türk lirasynyň hümmeti hem pese gaçdy. 6-njy iýunda 1 dollar 16,58 lira, 1 ýewro hem 17,78 lira boldy.

Zähmet we jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrligi şu ýyl iň pes aýlygy 4250 lira diýip kesgitledi. Bu häzirki nyrh boýunça 257 dollara barabar.


"Aýlyklar az, azyk önümleri gymmat"

Gyrgyz Respublikasyndan Türkiýä işlemäge baran migrantlaryň aglabasy aýallar. Olar esasan az aýlykly işlerde işleýärler. Liranyň hümmetiniň peselmegi Aziýadan gelen migrantlara güýçli täsir etdi, olar gazanjynyň hiç zada ýetmeýändigini aýdýarlar.

Kunduz Mambetowa Türkiýede ençeme ýyl bäri işleýär. Ol ykdysady krizisiň ilki bilen migrantlara agyr düşýändigini belleýär:

– Dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy bize täsir etmeýär diýip çaklamak ýalňyşlyk bolar. Häzir aýlyklar öňki ýagdaýyndan peseldi. Türk iş berijileriniň köpüsi iş hakyny lirada töleýär. Ony dollara geçirseň, eliňe az pul gelýär. Durmuş kynlaşýar. Biziň alýan hakymyz elektrige, gaza, suwa hem jaý kireýiniň tölegine ýeterlik däl. Azyk önümleriniň ählisi gymmatlady. Aýlyklary artanlar işleýän bolsa gerek. Ýöne Russiýa gidýänlerem bar. Uruş sebäpli ol ýere däl-de, Ýewropa gitmek isleýän köp sanly migrant bar. Biziň häzirki gazanjymyz gündelik zerurlyklara zordan ýetýär, käwagt hatda Gyrgyzystana hiç zat iberip bolmaýar – diýip, Kunduz Mambetowa aýdýar.

Gyrgyzystanly Nazikat Şarşenbaýewanyň Stambulda gözellik salony bar. Ol ýerli müşderilere garanyňda, daşary ýurtly müşderilere has köp hyzmat edip başlapdyr, sebäbi girdejini artdyrmaga esasan olar mümkinçilik berýärler.

Nazikat Şarşenbaýewa
Nazikat Şarşenbaýewa

– Meniň Stambuldaky türk müşderilerimiň köpüsi gelmegini bes etdi. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýänleriň sany artdy, hatda olar bu ýerde toý tutýarlar. Hindistandan, Amerikadan, Germaniýadan, Dubaýdan we Gazagystandan gelýänler bar. Şonuň bilen baglanyşykda, biziň gözellik pudagymyza bolan talap hem artdy. Meniň müşderilerimiň köpüsi saçyny başgarak görnüşde bezemegi hem ýüz-boýag işleriniň aýratyn bolmagyny isleýärler. Mysal üçin, eger men bir gyzyň saçyny we göz-boýag işlerini etmek üçin myhmanhana gitsem, ol 100 dollara durýar. Käbir kärdeşlerimiz 135 dollara hyzmat edýärler. Gelin üçin ýüz keşbe timar bermek hem saç bezemek hyzmatynyň bahasy 250 dollardan başlaýar – diýip, Nazikat gürrüň berýär.

Antalýada kireýine berilýän jaýlar gymmatlady

Halyk Atly daşary ýurtly migrantlara kanun-hukuk meselesinden kömek berýän “Lina Global Consulting” firmasyny dolandyrýar. Ol jaýlary we kwartiralary kärendesine almagyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen migrantlaryň ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny belleýär:

Haluk Atly
Haluk Atly

– Häzirki wagtda öýde işleýän migrantlar birneme pul tygşytlamagy başarýarlar. Sebäbi olar garrylara ýa-da çagalara ideg edýärler, olaryň uly çykdajysy ýok. Ýöne kärendesine jaýda ýaşan migrantlar kyn ýagdaýa düşýärler. Esasanam Antalýada kärende tölegi üç-dört esse ýokarlandy. Russiýadan, Ukrainadan we Belarusdan baý syýahatçylaryň gelmegi bilen ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy ýokarlandy. Gaty köp migrantyň ýagdaýy agyr boldy – diýip, ol aýdýar.

Geçen aý Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Türkiýede Ukrainadaky uruşdan gaçýanlaryň sanynyň 100 müňe ýetendigini aýtdy. Aýratynam Antalýa we Mugla welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy ýokarlandy, kärende bahalary asmana göterildi.

Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş şu aýyň başynda, maý aýynda eksportyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15,2% ýokarlandygyny aýtdy. Ondan gelen girdeji 19 milliard dollar bolupdyr. Türkiýe senagat önümlerini, esasan, Germaniýa, ABŞ-a we Yraga iberýär.

Liranyň hümmetiniň çökmeginden, kim peýda gazandy

Ençeme ýyl bäri Stambulda lomaý söwda bilen meşgullanýan Tolkun Turdukulowa liranyň hümmetiniň peselmegi sebäpli, ýerli harytlaryň bahasynyň ýokarlandyrandygyny belleýär. Ýöne beýleki ýurtlara haryt ibermekden gelýän girdejileriň artýandygyny ýaşyrjak bolanok:

– Türkiýede inflýasiýa ösýär, liranyň hümmetiniň aşaklamagy meniň üçin peýdaly boldy. Sebäbi men harydy lirada satyn alyp, Gyrgyzystana iberýärin. Harytlar gymmatlady, ýöne Gyrgyzystanda dollaryň hümmetiniň gaçmagy bilen söwda etmek biz üçin amatly boldy. Sebäbi ol ýerden dollar gelýär, men ony lira öwürýärin-de, haryt satyn alýaryn. Ýöne häzir pul geçirmek işinde kynçylyklar döredi. Mysal üçin, “Altyn Korona” ulgamy Ukrainadaky söweş sebäpli, gowy işlemegini bes etdi, Stambulda iki-üç sagat nobata duranymyzdan soň, uly komissiýa tölegini töläp, pul alyp bilýäris. Kynçylyk diňe şol meseleler.

Aprel aýynyň ahyrynda Türkiýäniň prezident Rejep Erdogan: "Biziň görýän täze çärelerimiz bilen baglanyşykly inflýasiýa maý aýyndan soň peselip başlar" diýdi.

Ýöne ýerli bilermenleriň belleýşi ýaly, maý aýynda görlüp-eşidilmedik ýokary bahalar hasaba alyndy. Ykdysatçylar geçen aýda azyk önümleriniň 10%, ýyl dowamynda bolsa 115% ýokarlandygyny aýdýarlar. Eger geçen ýyl 1 litr benziniň bahasy 7 lira bolsa, şu ýyl 25 lira ýetdi. Analitikler bir litr benziniň bahasynyň 30 lira çenli ýokarlanyp biljekdigini ýatladýarlar.

Bu ýyl Türkiýäniň Migrasiýa gullugy ýurtda 1 million 200 müňden gowrak daşary ýurtlyny hasaba aldy. Olardan 25 müňe golaýy gyrgyzystanlydyr. Gyrgyz Respublikasyndan bolan diňe 3 müň raýat iş wizasy bilen işleýär. Ankara, Stambul we Antalýa ýaly şäherlerdäki zähmet migrantlarynyň aglaba köplügi bir ýyllyk syýahatçylyk wizasy esasynda işleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG