Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda raýatlara ýurtdan çykmaga kömek etmegi wada berip, olaryň pullaryny ogurlaýan "kezzaplar köpelýär"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, güzeran eklenji göz-görtele agyrlaşan adamlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýan raýatlar köpelýär. Mary welaýatynda adamlara daşary ýurtlara alyp gitmegi wada berip, olary aldawa salýan bu raýatlar olaryň pullaryny alyp, soňra ýitirim bolýarlar. Bu barada aldawa salnan maryly ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

"Soňky hepdelerde daşary ýurtlara ýol açyldy diýen gürrüňler ýaýrandan soň, her etrapda adamlary daşary döwletlere, şol sanda Saud Arabystanyna ýa-da Dubaýa işlemäge alyp gidýändiklerini aýdýan kezzaplar gürrüň ýaýratdy. Olar kim gitjek bolsa, häzirden adam alyşyk başlandy diýdiler" diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, köp wagtdan bäri halkara uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegine garaşýan köp raýat bu adamlaryň ýanyna bardy. Olar daşary ýurda gitjek raýatlardan gerekli resminamalary, şol sanda ýaşaýan ýerine degişli Öý dolandyryş edarasyndan kepilnamany, pasportynyň nusgasyny, nika şahadatnamasyny we 2 müň amerikan dollaryny tabşyrmagy talap etdiler.

"Köp adam daşary ýurtlara gidip zähmet çekmegi köp wagt ozal ýüregine düwüpdi. Ýol açylsa bolýar, yzyma seretmän şu ýurtdan çykjak, başarsam hojalygymy hem alyp gitjek we yzyma geljek däl diýýän adamlaryň sany sanardan kän. Bu raýatlar özlerini daşary ýurtlara äkitmegi wada beren adamlara ähli resminamalaryny we 2 müň dollary berdiler" diýip, puluny aldyran adamlaryň ýene biri aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda pandemiýa sebäpli çäklendirilen halkara uçar gatnawlary heniz hem doly güýjünde dikeldilmedi. Ýarym resmi neşirleriň maglumatyna görä, häzirki wagtda "Türkmenistan" howaýollary kompaniýasy degişlilikde hepdede bir gezek Dubaýa we Kazana uçar reýsini amala aşyrýar.

Maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, adamlardan resminamalary we pullary ýygnan raýatlar olaryň 4-nji iýunda Dubaýa alnyp gidiljekdigini wada beripdirler. Ýöne şol günden başlap olaryň mobil telefonlary öçüpdir we olar ýitirim bolupdyr.

"Bäş gün bäri bu adamlar öýlerinde-de tapdyrmaýar. Olardan hiç hili habar ýok. Bu adamlaryň öýleriniň öňünde onlarça adamyň üýşüp, olary tapmaga synanyşýandygyny görse bolýar" diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Onuň sözlerine görä, raýatlary daşary ýurtlara çykarmagy wada beren adamlar etraplarda abraýly hojalyklar bolansoň, köp adam olaryň aldaw ýoly bilen özleriniň pullaryny aljakdygyna hiç hili şübhe bildirmändir.

"Adamlaryň aglaba bölegi işsiz bolansoň, olar çalt ynandylar. Köp adam hojalygynda barja zadyny, şol sanda gyzyl şaý-seplerini satyp, gara bazar nyrhyndan dollar satyn aldy. Käbirleri bolsa, jaýyny girewine goýup, prosentine pul karz alyp, 2 müň dollary berdi. Häzir bu adamlar gaty çykgynsyz ýagdaýa düşdi" diýip, maryly ýaşaýjy belleýär.

Pullaryny aldyrdan adamlaryň ençemesiniň sözlerine görä, olar şikaýat bilen ýerli polisiýa bölümlerine ýüz tutupdyrlar. Ýöne polisiýa köplenç pul berenleriň özlerini günäkärläpdir.

"Polisiýa şikaýat arzalaryny alyp galýar, ýöne derňew işini başlatmaýar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat polisiýasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň ýerli wagt bilen öýlän sagat 2-5 aralygynda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Azatlygyň habarçylary daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň aldawa salynmagy bilen bagly ýagdaýlaryň mundan ozal hem bolandygyny aýdýarlar. Olar raýatlaryň pullaryny alyp ýitirim bolan adamlaryň üç-dört aý geçensoň gelip, olaryň pullarynyň belli bir bölegini yzyna berýändigini belleýärler.

"Talaňçylar ýa-da kezzaplar topar bolup işleýärler. Olar adamlaryň puluny alyp, birnäçe aý ulanýarlar. Soňra-da alnan pullary $200-$300 kem edip berýärler. Olar "sizi daşary ýurda ibermek üçin ýokarda oturan emeldara para berdik. Olar işi bejermediler we puly hem yzyna bermediler" diýýärler. Adamlar hem puluny doly alyp bilmeýärler, hem-de daşary ýurda gidip bilmeýärler. Üstesine-de, olar karz alan pulunyň prosentini ençeme aý tölemeli bolýarlar. Adamlar şu zatlary eşitseler-de, daşary ýurtlara gitmek umydy bilen, bu adamlara ynanýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy sözüni jemledi.

Türkmenistanda global pandemiýanyň arasynda ykdysady kynçylyklar we işsizlik has-da ýitileşdi. Munuň bilen bagly, azyk ýeter-ýetmezçiligi we harytlaryň dowamly gymmatlamagy ilatyň güzeran eklenjini has-da agyrlaşdyrdy. Ýurtda işsizlere döwlet tarapyndan kömek puly tas berilmeýän mahaly, köçelerde dilegçilik edýän we zir-zibil dörýän adamlar köpeldi. Bu ýagdaýlar, habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýurt raýatlarynyň arasynda daşary döwletlere işlemäge, ýaşamaga ýa-da daşary ýurtlardaky maşgala agzalarynyň ýanyna göçüp gitmäge isleg bildirýänleriň artmagyna getirdi. Pandemiýadan ozal hem, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik köp sanly türkmenistanlyny eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iteripdi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşen ykdysady kynçylyklaryň, azyk ýeter-ýetmezçiliginiň we gymmatçylygynyň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan çykyş etmeýär. Şeýle-de, ýurtda işsizligiň derejesi we daşary döwletlere giden türkmenistanlylaryň sany baradaky statistika hem mälim edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG