Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň täze prezidenti Orsýete ilkinji saparyny edýär


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen bardy. Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda edýän bu sapary onuň prezident wezipesindäki ilkinji resmi wizitidir.

Türkmen metbugaty türkmen prezidentiniň Orsýetde dabaraly garşy alnandygyny habar berdi. "Moskwanyň Wnukowo-2 halkara howa menzilinde, hormatly myhmanyň gelmegi mynasybetli baýdak meýdançalarynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly hatara düzüldi, prezident Serdar Berdimuhamedow resmiler bilen duşuşdy" diýip, Döwlet habarlar gullugynyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidentniň Orsýete saparynyň dowamynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjagyny Kreml 9-njy iýunda habar berdi.

Türkmen metbugatyna görä, gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda, ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlarynyň, şeýle hem regional we halkara meseleleriniň ara alyp maslahatlaşylmagy planlaşdyrylýar. Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada memoranduma gol çekiler diýlip garaşylýar.

Orsýet metbugatynda Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplar üçin peýdaly diýip aýdandygy bellenýär.

Türkmen prezidentiniň Moskwa edýän saparynyň ilkinji netijelerine görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 2022-2024-nji ýyllara degişli hökümetara şertnama gol çekildi.

"Türkmenistan bilen Russiýa sport ylmyny ösdürmekde, sport pudagyny ösdürmekde tejribe alyşmak, gyzyklanma bildirýän sport federasiýalarynyň we birleşikleriniň arasynda göni aragatnaşyk gurmak, milli ýygyndy toparlar üçin bilelikdäki okuw çärelerini geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk eder we milli olimpiýa komitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirer" diýip, Russiýanyň Sport ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Türkmenportal neşri ýazýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Pannier, Berdimuhamedowyň Moskwa edýän sapary iki ýurduň liderleriniň özara gyzyklanmasyny görkezýär diýip hasaplaýar. Bilermeniň pikiriçe, Russiýa üçin bu, Ukrainadaky uruş sebäpli izolýasiýanyň ösmeginiň fonunda regional ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň barydgyny görkezmekdir:

“Russiýa üçin dostlarynyň, uly ýaranlarynyň bardygyny görkezmegiň wagty geldi. Görüşimiz ýaly Özbegistan we Gazagystan Russiýanyň Ukrainadaky söweşine bitarap bolmaga synanyşýandygyny görýäris. Olar mümkin boldugyndan uruş we rus syýasaty barada hiç zat aýtmak islemeýärler, daşda durmaga synanyşýarlar. Elbetde, olar Moskwa gitmek we Putin bilen duşuşmak islemeýärler. Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň haýsysy Moskwa gitmek, Putin bilen telewideniýede görkezilmek isleýär. Emma Russiýa hemmelere görkezmek isleýär: "Siz bizi izolirlemek isleýärsiňiz, emma biz izolýasiýada däl". Afrikaly resmileriň, Aziýanyň resmileriniň barýandygyny görýäris. Russiýa olary görkezip, "bizi üzňeleşdirip bilmersiňiz, bütin dünýäde dostlarymyz bar" diýjek bolýar"

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 8-nji aprelde Serdar Berdimuhamedow bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi. Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşunyň arasynda, Putin Serdar Berdimuhamedowy Moskwa sapara çagyrypdy, türkmen lideri hem çakylygy kabul edipdi. Resmi Aşgabat rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainadaky alyp barýan urşy barada häzire çenli hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.

Maý aýynda Putin Serdar Berdimuhamedowa "Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin" Dostluk ordenini berdi.

Brýus Pannieriň pikiriçe, Russiýanyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasy gaz eksportynyň geljegi bilen hem baglanyşykly bolup biler. Türkmen gazyny Ýewropa akdyryp biljek Trans-Hazar gaz geçirijisiniň ähmiýeti, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy sebäpli Moskwa garşy halkara sanksiýalarynyň netijesinde hasam artdy. Bu proýekt Ýewropanyň rus gazyna garaşlylygyny azaltmak üçin alternatiw gaz çeşmesi bolup durýar:

“Köpler Hazar deňziniň üsti bilen Gündogar we Günbatar arasyndaky söwdada Türkmenistanyň uly rol oýnamagyny isleýär. Russiýadan başgalary. [Türkmenistanyň] Russiýa bilen gepleşikleriniň bir böleginiň muny etmezlige bagyşlanjagyna ynanýaryn".

Trans-Hazar gazgeçirijisi Hazar deňziniň düýbünde Ýewropany ýylda 30 milliard kub metre çenli türkmen gazy bilen üpjün edip biler. Russiýa geçmişde bu gaz geçirijisiniň gurluşygyna ençeme gezek garşy çykypdy.

Brýus Pannieriň pikiriçe, Türkmenistan Russiýa ykdysady meseleler we howpsuzlyk meseleleri bilen bagly bil baglaýar:

“Bu, Türkmenistanyň Moskwanyň goldawyna daýanýandygyny aňladyp biler. Bu şuňa meňzeýär. Ol ykdysady taýdan bu kyn döwürde Russiýanyň ony goldaýandygyna, şeýle hem howpsuzlyk taýdan kömek berjegine kepil isleýär. Gyzykly ýeri, bu indi köpleriň Hazary söwda üçin açmak hakda gürleşýän wagtynda bolup geçýär. Mümkinçilikler barada aýtsak, bu 30 ýyl bäri yza tesdirilýän Trans-Hazar geçirijisi bilen bagly. Türkmen prezidentiniň Moskwa barmagy hemme zadyň garaşylyşy ýaly aňsat däldigini görkezýär. Şol sanda Trans-Hazar meselesinde. Gepleşikleriň dowamynda Russiýanyň Serdar Berdimuhamedowyň hökümetiniň saklanmagyna mümkinçilik berýän ykdysady we howpsuzlyk goldawyny hödürläp biljegini, ýöne Putiniň oňa: "Trans-Hazar gaz geçirijisi hakda pikirem etmäň" diýjegini göz öňüne getirmek mümkin".

Türkmenistanyň öňki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow 12-nji martda geçirilen irki prezidentlik saýlawlaryndan soň prezident weipesine geçdi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy onuň sesleriň 72,97%-ini alyp ýeňiji bolandygy yglan etdi. Türkmenistanyň 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda geçirilen saýlawlaryň hiç biri abraýly halkara guramasy we Günbatar ýurtlary tarapyndan hiç haçan “erkin we adalatly” geçdi diýip, ykrar edilmändi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG