Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan ekerançylyk meýdanlaryny haşal otlardan arassalap, prezidenti garşylamaga taýýarlanýar


Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna sapar etmegine garaşylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri sebitde arassaçylyk işleriniň güýçlendirilendigini habar berýärler. Prezidentiň Lebap welaýatyna amala aşyran sapary sebit ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi, ýollar petiklenildi, goýy reňkli awtoulaglaryň hereketi çäklendirildi we bazarlar iki günläp ýapyk saklandy.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy prezidentiň barmagyna garaşylýan etraplarda kärendeçi daýhanlaryň, býujet işgärleriniň, jemagat gullugynyň işçileriniň we okuwçylaryň arassaçylyk işlerine çekilýändigini habar berýär.

“Bereket we Magtymguly etraplarynda daýhanlar bugdaý we gök-bakja meýdanlarynda prezidentiň barjak ýerlerini haşal otlardan arassalaýar. Býujet işgärleri bişip oturan bugdaý meýdanlaryny gamyşlardan arassalaýar. Jemagat gullugynyň işçileri we okuwçylar ýol ýakalarynda alnyp barylýan arassaçylyk işlerine çekilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji iýunda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan Balkanabat şäherine, ondan Türkmenbaşy şäherine çenli aralykda sapara taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň Awazadaky kottežler toplumyna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we balyk hojalyklaryna aýlanyp görmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Bu aralykda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan deňiz ýakasynyň ýaşaýjylary Türkmenbaşyda agyz suw üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleriň dowam edýändigini aýdýarlar.

“Türkmenbaşy şäheri ýaly deňiz ýaka şäherler agyz suwdan kösenýär. Bu şäherlerde azyk harytlary aşa gymmat. Döwletiň berýän aýlygy bazar sebedine gabat gelmeýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy prezidentiň garaşylýan saparynyň öň ýany sebitde bar bolan käbir meselelere ünsi çekýär.

“Subsidirlenen harytlar bazardaky bahadan gymmat. Möhleti geçen towuk budyny we 1 litr günebakar ýagyny halka bazardaky bahadan 35 prosent gymmat satýarlar. Bu harytlary satyn almakdan ýüz öwren adamlara 3 aýda bir gezek berilýän 20 kg uny almakdan mahrum etmek bilen haýbat atýarlar” diýip, beýleki bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, balkanly çeşmämiz sebitde hereket edýän käbir daşary ýurt nebit firmalarynyň pandemiýa döwründe 50-70 göterim işgär sanyny kemeldip, adamlary kyn güne goýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Mary welaýatyna, 18-nji iýunda Lebap welaýatyna, resmi metbugatda aýdylşy ýaly, “toý saparlaryny” amala aşyrdy. Döwlet metbugaty prezidentiň sebitlere sapar edip, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilşi, möwsümleýin oba-hojalyk işleriniň barşy, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyş bolýandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary prezidentiň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda ýerli ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berýärler.

“Toý sapary bilen Lebap welaýatyna gelen Serdar Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda bazarlaryň iki günläp ýapylmagy, Mary-Türkmenabat ýolunyň ýapylmagy, Farap-Türkmenabat ýolunyň ýapylmagy ähli işgärler üçin oňaýsyzlyk döretdi” diýip, Lebapdaky çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet metbugatyna görä, prezident Berdimuhamedow Farap etrabynda bir gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

“Mary – Türkmenabat; Darganata, Seýdi, Dänew – Türkmenabat; Kerki – Türkmenabat, Hojambaz, Farap – Türkmenabat ugurlary boýunça ýollaryň ählisi ýapyldy. 18-nji iýunda etraplardan Türkmenabada awtoulaglaryň girmegi gadagan edildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri şol ýollardan Türkmenabat ugry boýunça awtoulaglaryň hereketine rugsat bermedi. Galyberse-de, ähli köne awtoulaglaryň we goýy reňkli awtoulaglaryň Türkmenabada girmegi we köçelerde hereket etmegi gadagan edildi” diýip, Lebapdaky çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty prezidentiň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşynyň çäklendirilmegi barada habar bermeýär.

Lebapda şeýle çäklendirmeler 9-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite amala aşyran saparynyň dowamynda hem girizildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG