Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň Garabogaza sapar etmegine garaşylýar. Awaza döwlet emeldarlaryna garaşýar


Hazaryň türkmen kenary
Hazaryň türkmen kenary

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Awazadaky ýokary amatlykly myhmanhanalaryň hökümet agzalarynyň dynç alşyna taýýarlanýandygyny habar berýärler. Munuň bilen baglylykda, çeşmeler awgust aýy üçin Awaza ýollanma alan býujet işgärleriniň ýollanmalarynyň köýjekdigini aýdýarlar. Bu aralykda, prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hazaryň kenarynda harby deňiz güýçlerine degişli harby gämileri gözden geçirmegine we sebitde täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyna garaşylýar. Prezidentiň garaşylýan sapary bilen baglylykda, ýerli edaralaryň býujet işgärleri köpçülikleýin çärelere çekilýär, harby deňiz güýçlerinde gulluk edýän esgerler we jemagat gulluklarynyň işgärleri arassaçylyk işlerine çekilýär.

Türkmenistanyň hökümet agzalaryna 1-nji awgust – 1-nji sentýabr aralygynda diňe ýurduň çäginde ýerleşýän şypahanalarda, şol sanda Awazada, "Arçmanda" we "Ýyly suwda" dynç almaga rugsat berildi. Bu barada TDH habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler Hazaryň kenarynda ýerleşýän kurort şäherindäki bäş ýyldyzly myhmanalaryň döwlet emeldarlarynyň dynç alşyna taýýar edilýändigini habar berýär.

“Gämi, Berkarar, Ýelken, Watançy we beýleki ähli bäş ýyldyz myhmanhanalar öňünden taýýar edilýär. Otellerdäki ýokary amatlykly ençeme otaglar boşadylyp, iň arassa düşekler bilen üpjün edilýär. Telewizorlar we Internet bökdençsiz işlär ýaly uly möçberli işler alnyp barylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýtdy. Ol 1-nji awgustdan başlap, wise-premýerleriň maşgalalary bilen Awazada dynç almaklaryna garaşylýandygyny sözüne goşdy.

Döwlet emeldarlarynyň dynç alyş möwsümi bilen baglylykda, çeşmeler awgust aýy üçin Awaza ýollanma alan býujet işgärleriniň ençemesiniň ýollanmalarynyň köýjekdigini habar berýär.

“Awgust aýynda Awaza ýollanma alan ýönekeý býujet işgärleriniň ençemesiniň ýollanmalarynyň köýjekdigi aýdyldy. Býujet edaralarynyň diňe ýolbaşçy düzümleri, şol sanda keselhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýolbaşçylary awgust aýynda dynç alarlar. Garamaýak, garyp işçiler [Awaza] goýberilmez” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmeleri prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2-3-nji awgustda Garabogaz şäherine sapar edip, Türkmenistanyň harby deňiz güýçlerine degişli täze harby gämileri gözden geçirmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Şeýle-de, çeşmäniň maglumatlaryna görä, prezidentiň sebitde täze binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýatlasak, türkmen metbugaty iýunda Ukrainanyň “Altkom” gurluşyk kompaniýasy bilen Garabogaz köl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak barada ylalaşylandygyny habar berdi. Köprüniň gurluşygyna ýakyn wagtlarda başlap, 2024-nji ýylyň tomsunda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Köpri Gazagystan serhedine çenli barýan Türkmenbaşy – Garabogaz awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Gazagystan bilen araçäkleşýän serhetýaka etrapda býujet işgärleri prezidentiň gatnaşjak açylyş dabaralaryna çekilýärler. “Harby deňiz güýçleriniň esgerleri we jemagat gullugynyň işgärleri arassaçylyk işlerine, ýol kenarlaryny arassalamak işlerine çekilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi sebitden maglumat berdi.

Bu aralykda, çeşme Garabogaza barýan awtomobil ýoluny abatlamak işleriniň geçirilmändigini, şol sebäpden prezidentiň we ýokary derejeli hökümet resmileriniň Garabogaza dikuçarly barmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Has ozal, iýulyň başlarynda häkimiýetler Garabogaz we Hazar şäherlerinde gözegçiligi güýçlendirdiler we ýerli ilatyň Hazaryň kenarynda suwa düşmegini gadagan etdiler.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri iýulyň başlarynda prezidentiň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň Awaza dynç almaga barandyklaryny we munuň bilen baglylykda Türkmenbaşy şäheriniň ýerli ilatynyň gündelik durmuşynda bökdençlikleriň dörändigini habar berdiler.

Türkmen metbugaty prezidentiň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda ýerli býujet işgärleriniň köpçülik çärelerine mejbury çekilmegi we sebit ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşynda döreýän amatsyzlyklar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG