Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda türkmen prezidentine hat gowşurjak bolan aktiwistler we aklawçy ýenjildi


Türkmenistan konsullygynyň binasy. Stambul (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan konsullygynyň binasy. Stambul (illýustrasiýa suraty)

Stambulda Türkmenistanyň konsullygynyň üsti bilen prezident Serdar Berdimuhamedowa hat ibermäge synanyşan aktiwistler ýenjildi, biri agyr ýaralandy. Bu barada "Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy" (THF) 16-njy awgustda habar berdi.

THF-nyň habaryna görä, 16-njy awgustda türkmen aktiwistleri aklawçylaryň we iki sany türk adam hukuklaryny goraýjynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna baryp, prezident Serdar Berdimuhamedowa açyk hat ibermäge synanyşdy. Olar konsullygyň binasynyň öňünde öz saparynyň maksadyny wideo arkaly mälim etdiler.

"Adwokat Gulden Sonmez we aktiwistler garawuldan haty gowşurmak üçin işgärlerden birini çagyrmagy haýyş edenlerinde, olar konsullygyň howlusyna goýberildi. Olar beýanatyny resmilere tabşyrjak bolanda konsullygyň 6 işgäri çykyp, aktiwistleri kemsidip, hapa sögünip, ýenjip başlady. Olaryň arasynda bu edaranyň tanalýan işgäri Merdan Mustakow bardy"- diýip THF-nyň maglumatynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama diplomatik korpusyň wekilleriniň iki aýaly we üç erkek adamy ýenjendigini habar berdi.

"Olaryň birini ýere ýykdylar, hatda aklawça hem hüjüm edildi" -diýip, THF şaýatlaryň sözlerine salgylanyp habar berýär we Atamyrat Saparowyň agyr bir zat bilen kellesine güýçli zarba urlandygyny, lukmanlaryň oňa ilkinji kömegi berendiklerini aýdýar.

Habarda konsullyk tarapyndan çagyrylan polisiýanyň iki aktiwisti we bir türk adam hukuklaryny goraýjyny tussag edilendigi aýdylýar. Maglumata görä, häzirki wagtda aktiwistler Dursoltan Taganowa we ýaralanan 38 ýaşly Atamyrat Saparow polisiýa bölüminde saklanýar.

Atamyrat Saparow
Atamyrat Saparow

"Köp sanly şaýat aklawçynyň resminamany kabul etmegi sypaýyçylyk bilen sorandygyny we aktiwistleriň sessiz-üýnsüz durandygyny aýdýar. Şeýle-de bolsa, konsullyk işgärleri myhmanlaryň ellerini gaňyryp, sögündi, adamlary kemsitdi. Käbir türkmenleriň telefonlary konfiskasiýa edildi. Nobatda duran adamlaryň hemmesi dargadyldy diýip, "Türkmen Helsinki Fondy" habar berýär.

Ýatlatsak, iýun aýynda türkmen migrantlaryna kanuny goldaw berýän türk aklawçysy Gülden Sonmez Türkmenistanyň häkimiýetlerine garşy jenaýat işini açmak haýyşy bilen Stambulyň Çaglaýan kazyýetine ýüz tutdy. Türk metbugatynyň habaryna görä, sud işini gozgamak baradaky şol arzada Türkmenistanyň öňki we häzirki 8 resmisiniň atlary sanalyp geçilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň we beýlekileriň atlary bar.

Türk aklawçysy, watanynda we Türkiýede ýüze çykýan dürli meseleler, şol sanda Stambuldaky Türkmenistanyň konsullygynda pasport we beýleki resminamalary almakdaky kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň adyndan çykyş edýär.

Türkiýede galan türkmenler pasportlaryny uzaldyp bilmeýärler we Türkiýede kanuny ýaşamak üçin resminamalary almakda kynçylyk çekýärler. Türkmen raýatlary, özleriniň hak-hukuklarynyň Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygy tarapyndan bozulýandygyny, nikalaşmak we täze doglan çagalara dokument almak üçin zerur resminamalary alyp bilmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, türkmenler öz hukuklaryny açyk talap etjek bolanlarynda hem öz ýurtlarynda, hem-de daşarda basyşa duçar bolýandygyny habar berýärler.

Türk häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, Türkiýede birnäçe ýüz müň türkmen raýaty resmi rugsady bilen ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede ýaşaýan türkmenleriň hakyky sany birnäçe esse köp bolup, olaryň aglaba köpçüligi möhleti geçen pasportlaryny Türkmenistanyň daşynda çalşmakdaky kynçylyklar zerarly bikanun ýagdaýda galýar. Türkmenistan ilatyň migrasiýa ýagdaýyny görkezýän resmi maglumatlary çap etmeýär.

Stambul: türk aklawçysy türkmen resmilerini suda berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:12 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG