Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin rus goşunlarynyň Ukrainadaky şowsuzlyklarynyň arasynda Russiýada bölekleýin harby mobilizasiýany yglan etdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Ukrainada barýan urşuň ýedi aýa golaýlamagy bilen, Kiýewiň garşylykly hüjüme geçip, giderilen çäklerini yzyna alyp başlamagynyň arasynda, Russiýada bölekleýin harby mobilizasiýa yglan etdi. Britaniýanyň goranmak sekretary Ben Wallace Putiniň mobilizasiýa yglan etmegini onuň "öz çozuşynyň şowsuzlyga uçrandygyny boýun almagy" hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle-de Putin, harby çagyryşy yglan etmek bilen bir hatarda, Günbatara Russiýanyň öz çägini goramak üçin ähli serişdäni ulanjakdygyny, "munuň boş gep däldigini” duýdurdy.

Putiniň 21-nji sentýabrda halka ýüzlenip eden çykyşy gündogar we günorta Ukrainada ruslar tarapyndan basylyp alnan sebitleriň Russiýa goşulmak barada referendum diýilýänini geçirmek meýilnamasyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat gelip, diňe bir Kiýewiň däl, eýsem halkara jemgyýetçiliginiň hem gahar-gazabynyň güýçlenmegine sebäp boldy.

Analitikler Moskwanyň Ukrainanyň söweş meýdanyndaky üstünliklerinden soň Kreml tarapyndan goldanylýan dört sebiti ýuwutmak üçin edýän tagallalarynyň urşy Moskwa üçin has-da güýçlendirip biljekdigini aýdýarlar.

Putin öz ýüzlenmesinde Günbatary “ýadro şantajyny” etmekde günäkärledi we subutnama görkezmän, “NATO-nyň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary derejeli wekilleriniň” hamala Russiýa garşy köpçülikleýin gyrgyn üçin ulanylýan ýadro ýaraglaryny ulanmak mümkinçiligi barada beýanat edendigini öňe sürdi.

“Men Russiýa babatynda özlerine şeýle beýannama etmäge ýol berenlere ýatlatmak isleýärin, biziň ýurdumyzyň hem dürli weýrançylyk serişdeleri we aýratyn komponentleri bar, olar NATO ýurtlarynyňkydan has döwrebap we öz ýurdumyzyň territorial bitewiligine howp abanýan mahalynda, Russiýany we halkymyzy goramak üçin, elbetde, ähli serişdäni ulanarys” diýip, Putin aýtdy.

Putin bölekleýin mobilizlemäniň 21-nji sentýabrda, haýal etmän başlanmalydygyny aýtdy.

"Biz bölekleýin mobilizasiýa barada gürrüň edýäris, ýagny häzir harby ätiýaçlykda duran raýatlar harby gulluga alnar we ilkinji nobatda ýaragly güýçlerde gulluk edenler, belli bir harby hünäri we degişli tejribesi bolan adamlar çagyrylar" diýip, Putin aýtdy.

Putin öz maksadynyň gündogar Ukrainanyň Donbas sebitini "azat etmekden ybarat" bolandygyny aýtdy we, hiç hili delil getirmezden, sebitdäki adamlaryň köpüsiniň, öz sözleri bilen aýdylanda, Ukrainanyň "boýuntyrygy" astyna dolanmak islemeýändigini öňe sürdi.

Döwlet dumasynyň deputatlary düýn, 20-nji sentýabrda ýurduň Jenaýat kodeksine ikinji we üçünji okalyşda täze üýtgetmeleri girizdi.

Olar diňe "mobilizasiýa", "harby kanun" we "uruş döwri" düşünjeleriniň üstüni ýetirmek bilen çäklenmän, goşundan gaçmak üçin berilýän jezany hasam güýçlendirýär, meýletin ýesir düşmek, talaňçylyk we goranmak pudagynda döwlet buýruklaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmak üçin türme tussaglygy möhletlerini hem girizýär.

Ukrainanyň Herson sebitindäki jemgyýetçilik geňeşi diýilýäniň wekilleri, köp bölegi mart aýyndan bäri Moskwanyň harby gözegçiliginde galýan territoriýanyň Kreml tarapyndan bellenen häkimiýetlerini bu sebitiň “haýal etmän” Russiýa Federasiýasyna goşulmagy barada ses berişlik geçirmäge çagyrdy diýip, rus habar gulluklary 20-nji sentýabrda habar berdi.

Moskwa Luhansk, Donetsk we Zaporižýa ýaly beýleki basyp alnan sebitlerde hem Russiýa goşulmak barada referendum geçirmek meýilnamalaryny öňe sürüp gelýär.

Günbatar liderleri Moskwanyň Ukrainada basyp alan ýerlerinde Kreml tarapyndan bellenen häkimiýetleriň ýakyn günlerde bu sebitleriň Russiýa goşulmagy barada referendum geçirmek meýilnamalaryny ret etdiler.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Saliwan Waşingtonyň beýle referendumyň geçirilmegini "ikuçsuz" ret edendigini aýtsa, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron aýry-aýrylykda pikirlerini aýdyp, Moskwa tarapdar separatistleriň 23-nji sentýabrda Russiýa tarapyndan basylyp alnan dört sebitde başlanjak referendumlaryny “galp” diýip häsiýetlendirdi.

Makron 20-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmezinden öň bu ses berişligiň "kanuny esaslarynyň bolmajakdygyny" aýtdy. Şolz žurnalistlere bu referendumlaryň kabul edilip bilinmejekdigini, olaryň halkara hukugynyň çägine sygmaýandygyny aýtdy.

Kanada we Ýewropa Bileleşigi bolsa, meýilleşdirilen referendumlary ýazgaryp çykyş etdi.

Britaniýanyň goranmak sekretary Ben Wallace Putiniň mobilizasiýa yglan etmegini onuň "öz çozuşynyň şowsuzlyga uçrandygyny boýun almagy" hökmünde häsiýetlendirdi.

"Ol we onuň goranmak ministri özleriniň düzüwli enjamlaşdyrylmadyk we erbet ýolbaşçylyk edilýän onlarça müň raýatyny öz ölümlerine iberdi" diýip, Wallace aýtdy. "Hiç bir haýbat we propaganda Ukrainanyň bu söweşde ýeňiş gazanýandygyny, halkara jemgyýetçiliginiň agzybirligini we Russiýanyň global ýigrenjä öwrülýändigini gizläp bilmez" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte Putiniň mobilizasiýa baradaky buýrugynyň Kremliň dowla düşmeginiň alamatydygyny, munuň Günbatar bilen doly uruş howpy hökmünde kabul edilmeli däldigini aýtdy.

"Bu mobilizasiýa, Donetskde referendum geçirmäge çagyrmak aljyraňňylygyň alamaty. Onuň ýadro ýaraglary barada aýdan sözlerini biz öňem ençeme gezek eşidipdik we bu bizi ynjalykdan gaçyrmaýar” diýip, Rutte Gollandiýanyň NOS teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Günbataryň basylyp alnan sebitlerde geçirilmekçi bolýan referendumlary ýazgarmagyny gutlady.

"Ukrainanyň ähli dostlaryna we hyzmatdaşlaryna Russiýanyň ýene-de köp galp referendum guramak niýetini köpçülikleýin we berk ýazgarýandyklary üçin sag bolsun aýdýaryn" diýip, ol öz gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

"Öň hatardaky ýagdaý inisiatiwanyň Ukraina degişlidigini aýdyň görkezýär" diýip, ol aýtdy. “Haýsam bolsa bir ýerdäki gykylyk-galmagal ýa-da bildiriş sebäpli biziň pozisiýalarymyz üýtgemeýär. Biz bu meselede öz hyzmatdaşlarymyzdan doly goldaw tapýarys" diýip, prezident nygtady.

Russiýa Donetskde we Luhanskda separatistleriň gözegçiliginde galýan ýerleri fewral aýynyň aýagynda, Ukraina garşy alyp barýan hüjümine başlamazdan birnäçe gün öň, garaşsyz döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar etdi.

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary, öňki prezident Dmitriý Medwedew 20-nji sentýabrda referendumlardan soň "geosyýasy üýtgeşmäniň" yza dolanuwsyz boljakdygyny we "täze sebitleriň" Russiýanyň bir bölegine öwrüljekdigini ýazdy.

Medwedew Russiýanyň öz çägini goramak üçin "ähli goranyş serişdelerini" ulanyp biljekdigini duýdurdy. Kiýew we onuň günbatar ýaranlary Russiýanyň basyp alan sebitlerinde geçiriljek hiç bir referendumy ykrar etmejekdiklerini aýtdylar.

Forum

XS
SM
MD
LG