Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bilim baradaky Ýewropa konwensiýasyna goşuldy


Türkmen studentleri. Aşgabat
Türkmen studentleri. Aşgabat

Türkmenistan daşary ýurtlaryň ýokary bilimini ykrar etmek boýunça Lissabon konwensiýasyna goşuldy. Bu dokument ýurtlaryň arasynda ýokary bilim derejeleriniň ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek meselesi Türkmenistanyň daşynda bilim alan raýatlaryň ençemesi üçin birnäçe ýyl bäri agyr mesele bolmagyna galýar.

Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky konwensiýa goşulmagy baradaky kanun 26-njy noýabrda resmi türkmen metbugatynda neşir edildi. Bu konwensiýa goşulmak hakyndaky kanunyň taslamasyny noýabryň başynda Mejlis hem tassyklapdy.

Türkmenistanyň hem konwensiýa goşulmagynyň türkmen raýatlarynyň beýleki ýurtlarda alnan biliminiň ykrar edilmegine iş ýüzünde nähili täsir etjekdigi entek belli däl. Bilim ministrligi bu mesele barada entek düşündiriş bermedi.

Türkmenistan birnäçe ýylyň dowamynda öz raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ençeme okuw jaýynda alan diplomlaryny ykrar etmekden ýüz öwürdi we 2019-njy ýylyň mart aýynda daşary ýurt bilimini ykrar etmegiň täze düzgünini girizdi. Ykrar edilen ÝOJ-nyň sanawynda görkezilen daşary ýurt uniwersitetleriniň sany ep-esli azaldy.

Bu sanawa Russiýa, Hytaý, Hindistan, Türkiýe, Gazagystan, Gürjüstan we Belarus döwletleriniň käbir uniwersitetleri girizildi. Olaryň arasynda, hususan-da Belarusyň we Gürjüstanyň hersinden bir uniwersitetiň, Gazagystandan iki we rus, hindi hem hytaý uniwersitetleriniň onlarçasynyň diplomlarynyň ykrar ediljegi aýdyldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurt uniwersitetleri tarapyndan berlen 146 ugur boýunça diplomlaryň ykrar edilmejegini yglan etdi. Olaryň arasynda žurnalistika, sport žurnalistikasy, halkara žurnalistika, bank, maliýe, biznes hasapçylygy, dünýä ykdysadyýeti, halkara gatnaşyklary, diplomatiýa, kanun, dolandyryş, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, salgytlar, senagat inženerligi, sosiologiýa, syýasat ylymlary, telewideniýe, antropologiýa, iňlis, arap, hindi, ispan, hytaý, koreý, nemes, pars, rus, türk, türkmen, fransuz we ýapon dilleri, şeýle hem teologiýa ýaly ugurlar görkezildi.

Türkmenistanda diplomlary ykrar edilmedik daşary ýurt uniwersitetleriniň hünärleriniň sanawy
Türkmenistanda diplomlary ykrar edilmedik daşary ýurt uniwersitetleriniň hünärleriniň sanawy

Emma munuň bilen bilelikde, Türkmenistanda dünýäniň iň abraýly 1000 uniwersitetiniň diplomlarynyň ykrar edilip bilinjegi aýdyldy.

Şondan bäri daşary ýurt uniwersitetlerinde şol sanda Türkiýe, Gazagystan, Täjigistan, Belarus, Russiýa Federasiýasy ýaly döwletlerde okaýan on müňlerçe türkmen raýaty ýokary bilimini öz watanynda ykrar etdirmekde kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda goşulan bilim konwensiýasy 1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen we Ýewropa Geňeşiniň ÝUNESKO bilen bilelikde işläp düzen halkara şertnamasy bolup durýar. Oňa Ýewropa geňeşine agza 46 döwletiň ählisi gol çekdi.

Şeýle-de, bir ýurtda berlen ýokary bilim derejeleriniň başga bir ýurtda ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýän bu şertnama Awstraliýa, Belarus, Kanada, Watikan, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täze Zelandiýa, Russiýa, Täjigistan hem goşuldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG