Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan welaýatynyň birnäçe önümçilik kärhanasynda derňew işleri 'dowam edýär'


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Şu günler Balkan welaýatynyň käbir önümçilik kärhanalarynda barlag işleri geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri sebitde alnyp barylýan derňewleriň mundan ozal Balkanabat galla kärhanasynda geçirilen prokuratura seljermeleriniň dowamy bolandygyny habar berýärler.

Balkanabat galla kärhanasynda, Bereket etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda we Gyzylarbadyň haly önümçiligi kärhanasynda derňew işleri geçirilýär, diýip ýagdaýdan habarly çeşme 20-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Derňew işlerini geçirýän döwlet edaralary barada jikme-jiklik ýok, ýöne çeşmeler derňewçileriň Aşgabatdan iberilendigini aýdýarlar. Ýakynda Balkanabat galla kärhanasynda geçirilen derňewleriň prokuratura edaralary tarapyndan geçirilendigi mälim bolupdy.

Ýatlasak, döwlet telewideniýesi 8-nji dekabrda korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýan birnäçe resmini görkezdi.

Resmi habarda Balkanabat galla kärhanasynyň başlygynyň garamagyndaky bir işgär bilen dildüwşüp, galla önümlerinden bikanun un we kepek öndürendigi hem-de olary bikanun satmakda aýyplanýandygy aýdyldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri sebit kärhanalarynda derňew işleriniň dowam edýändigini habar berýärler.

“Bu barlaglar heniz gutarmady. Galla kärhanasynyň şofýorlary we garawullar hem soraga çekilýärler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, çeşmeler Balkanabat galla kärhanasynda, Bereket etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda we Gyzylarbadyň haly önümçilik kärhanasynda işgärleriň oktýabr we noýabr aýlary üçin zähmet haklarynyň heniz geçirilmändigini aýdýarlar.

Döwlet telewideniýesi Balkanabat galla kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň kärhanada bikanun un we kepek öndürip, bu önümleri bikanun ýerlemekde aýyplanandyklaryny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde kärhananyň kepegini bikanun satyn almakda güman edilýän käbir maldarçylyk fermalarynyň başlyklarynyň hem soraga çekilýändiklerini habar berýärler.

Derňewlerden habarly çeşmeler galla kärhanasynda öndürilen pes hilli unuň hem-de kepek önümleriniň käbir ýerli maldarçylyk fermalarynyň üsti bilen resmileşdirilendiginiň güman edilýändigini aýdýarlar.

Dowam edýän derňewler barada başga jikme-jiklik aýdylmaýar. Ýöne ýagdaýdan habarly çeşmeler welaýatdaky maldarçylyk fermalarynyň döwlet bahasyndan kepek satyn almak mümkinçilikleriniň bardygyny, şeýle mümkinçilikleriň kähalatlarda “ýerli häkimiýetler tarapyndan pul ýuwmak ýaly, bikanun işler üçin ulanylýandygyny” aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Balkan sebitiniň käbir önümçilik kärhanalarynda dowam edýän barlaglar barada welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda, ýerli habarçylarymyz Awaza syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän käbir myhmanhanalarda, şeýle-de, balyk hojalygy pudagyna degişli bir ýerli kärhanada üç we alty aý aralygynda zähmet hakyny alyp bilmeýän işgärleriň bardygyny habar berýärler.

Ýerli resmiler we kärhana ýolbaşçylary sebitiň käbir önümçilik kärhanalarynda işgärleriň aýlyk haklarynyň gijikdirilmegi we munuň mümkin bolan sebäpleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 8-nji dekabrda geçirilen mejlisinde Balkanabat we Bäherden galla kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň korrupsiýa jenaýatlaryndan aýyplanýandygy aýdyldy. Şeýle-de, howpsuzlyk mejlisiniň dowamynda “Türkmenhowaýollary” agentliginde ýol berlendigi aýdylýan korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýan adamlar görkezildi.

Türkmenistanyň mejlisi 2019-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, korrupsiýa jenaýatlary bagly iş kesilen adamlaryň günäsini geçmezlik barada karar kabul etdi.

Ýöne, 2022-nji ýylyň iýunynda Jenaýat kodeksine nobatdaky gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, korrupsiýa bilen bagly iş kesilen adamlaryň günäsiniň geçilmezligi barada üç ýyl ozal kabul edilen karar ýatyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG