Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow Ankara sapar edýär


Gurbanguly Berdimuhamedow Stambulda Türki döwletler guramasynyň 8-nji sammitine gatnaşýar. Arhiw suraty
Gurbanguly Berdimuhamedow Stambulda Türki döwletler guramasynyň 8-nji sammitine gatnaşýar. Arhiw suraty

Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň Ankarada geçirilýän nobatdan daşary sammitine Türkmensitandan prezident däl-de, geçen ýylda bolşy ýaly, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.

Metbugat habarlaryna görä, sammite guramanyň agza döwletleriniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň prezidentleri, şeýle-de guramanyň synçy agzalary bolan ýurtlardan Türkmenistanyň Halk haslahatynyň başlygy hem-de Wengriýanyň premýer-ministri gatnaşar.

Şu aralykda, Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugy Sadyr Žaparowyň 16-17-nji mart aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankara iş saparyny etjekdigini habar berdi.

Sadyr Žaparow Ankara geldi. 15-nji mart, 2023.
Sadyr Žaparow Ankara geldi. 15-nji mart, 2023.

Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow Türki döwletleri guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň sammitiniň nobatdan daşary ýygnagyna gatnaşar.

Saparyň dowamynda türk lideri Rejep Taýyp Erdogan bilen hem duşuşyk guralyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Türki Döwletler Guramasynyň ilkinji sammiti geçen ýyl Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi we şonda oňa gatnaşan Gurbanguly Berdimuhamedowa "Türki dünýäniň ýokary ordeni gowşuryldy" diýip, "Türkmenportal" neşiri habar berýär.

Forum

XS
SM
MD
LG