Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina ganly zarbalaryň täze tapgyryny urdy; Krymyň bir bölegindäki demirýol gatnawy togtadyldy


Kiýew
Kiýew

Russiýa öten agşam Kiýewe we Ukrainanyň beýleki şäherlerine bir topar raketa we pilotsyz uçar zarbasyny urdy, paýtagtyň howa goragçylary ýetip gelýän raketalaryň ählisini urup ýykmagy başardy diýip, resmiler 18-nji maýda aýtdy. Bu Kiýewe aýyň başyndan bäri edilen dokuzynjy howa hüjümi boldy.

17-nji maý güni giçlik Gara deňziň boýundaky port şäherine, Odesa urlan raketa zarbasy bir senagat desgasyna degip, bir adamyň ölümine, iki adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

"Agşamlyk Odesa, biziň sebitimize güýçli raketa hüjümi edildi. Raketalaryň köpüsi deňiz asmanynda urlup gaçyryldy. Emma, gynansak-da, pida bolanlar bar" diýip, Günorta goranmak güýçleriniň Birleşen metbugat utgaşdyrmasy merkeziniň başlygy Natalýa Humenýuk 18-nji maý güni irden milli telemarafonyň efirinde aýtdy.

Russiýa öten agşam pilotsyz uçarlary we raketalary ulanyp, Kiýewe garşy ýene bir täze hüjüm gurady, ýöne ýetip gelýän uçarlaryň ählisi ýok edildi diýip, ukrain resmileri 18-nji maýda aýtdy.

"Deslapky maglumata görä, Kiýewiň howa giňişligindäki duşman nyşanalarynyň ählisi anyklandy we ýok edildi" diýip, Kiýew şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Popko aýtdy.

Popko Hazar deňzi sebitinden uçýan rus strategiki bombaçylarynyň Ukraina ganatly raketalary atandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Kiýew asmanyna aňtawçylyk edýän dronlar uçuryldy. Kiýewiň häkimi Witali Kliçko pida bolanlaryň ýokdugyny aýtdy. Öten agşam Kiýewde üç sagatlyk howa hüjümi duýduryşy yglan edildi.

Söweş meýdanynda gündogar Bahmut şäheriniň gözegçiligi ugrundaky uruş üznüksiz dowam edýär diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 18-nji maýda habar berdi.

"Duşman esasy söweş tagallalaryny Donetsk sebitiniň gündogaryndaky Bahmut-Awdiýewka-Marýinka front liniýasynda jemleýär, ukrain goragçylary ruslaryň 36 hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, baş ştab gapma-garşylyklaryň merkeziniň Bahmut we Marýinka bolup galýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, rus güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda Bahmuta we günortadaky Herson sebitine 42 sany howa we raketa zarbasyny urdy.

Ukrainanyň 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Krym sebitinde, Moskwa tarapyndan bellenen resminiň 18-nji maýda beren habaryna görä, Simferopol bilen Sewastopolyň arasynda demirýol gatnawy togtadyldy. “Baza” telegram kanaly hem biraz öň ýerli demirýol liniýasynda bolan partlama barada habar berdi.

Russiýanyň soňky hüjümleri ukrain dänesiniň ýurduň Gara deňiz portlaryndan eksport edilmegine ýol açýan şertnamanyň möhletini uzaltmak barada gazanylan ylalaşygyň yz ýanyna gabat geldi.

Gara deňiz däne başlangyjynyň möhletiniň ýene iki aýlyk uzaldylýandygy baradaky habar 17-nji maýda, şertnama möhletiniň soňlanmazyndan bir gün öň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan yglan edildi.

"Biziň ýurdumyzyň tagallalary, rus dostlarymyzyň goldawy, ukrain dostlarymyzyň goşandy esasynda, Gara deňiz däne şertnamasyny ýene iki aý uzaltmak baradaky karara gelindi" diýip, Erdogan aýtdy.

Russiýa däne ýüklenen gämileriň iki ukrain portundan çykmagyna päsgel bermezlige razy boldy diýip, Erdogan aýtdy. Ol bu şertnamanyň "ähli tarap üçin peýdaly" boljakdygyna umyt bildirdi.

Erdoganyň bu habary Russiýanyň öz galla we dökün eksportyndaky päsgelçilikler zerarly, Ukraina bilen aradaky däne başlangyjy şertnamasyndan çykjakdygy barada atan haýbatlarynyň arasyna gabat geldi.

Ukraina Krym tatarlarynyň Stalin döwründe Merkezi Aziýa deportasiýa edilmeginiň 79 ýyllygyny belleýär. Ukrainada genosidde pida bolan Krym tatarlarynyň Hatyra güni hökmünde resmi taýdan bellenilýän sene bu ýyl Wişiwanka gününe - watançylygyň we rus agressiýasyna garşy durmagyň nyşanyna öwrülen köýnegiň, gadymy milli nagyşlar bilen bezelen ukrain lybasynyň gününe gabat geldi.

Prezident Wolodymyr Zelenski bu gün mynasybetli eden beýanatynda “deportasiýany başdan geçiren” tatarlaryň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym Ukrainanyň gözegçiligine gaýdyp geleninden soň, "azat ýaşajakdygyny" aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG