German fotosuratçysy Frank Gaudliz uruş başlanyndan bäri ukrain bosgunlaryna başpena berýän ýurtlara syýahat edýär. Ol olaryň portretlerini alyp, uruşdan halas boluş ýagdaýlary baradaky gürrüňlerini diňleýär. Gaudliz eýýäm Moldowada, Gürjüstanda we Ermenistanda boldy. Azatlyk Radiosynyň geçiren interwýusynda, fotograf "Parahatçylyk bilen urşuň serhedi" taslamasy baradaky pikiriniň nädip dörändigi, uruş sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň nähili özgerýändigi hem-de onuň pikirine görä, näme üçin XXI asyrda, Ýewropada betbagtçylygyň bolup geçýändigi barada gürrüň berdi.
Frank Gaudliz 1958-nji ýylda, öňki GDR-iň düzümine degişli Fechau şäherinde doguldy. Leýpsigiň ýokary grafika we kitap sungaty fakultetinde fotosurat okuwyny geçip, Arno Fişeriň okuwçysy boldy. 1991-1994-nji ýyllarda sowet goşunlarynyň Germaniýadan çykarylyşyny surata düşürdi. 1992-2000-nji ýyllar aralygynda "Sepgit. Russiýadan suratlar” taslamasynyň üstünde işledi. 2019-njy ýylda Gaudliziň "Russiýa 1988–2018 döwürlerde" atly kitaby çapdan çykdy. Kitap Orsýetde otuz ýyldan gowrak döwrüň dowamynda bolan özgerişleri şekillendirýär.
– Ukrainanyň ýaşaýjylaryna bagyşlanan "Parahatçylyk bilen urşuň serhedi" taslamasy barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris. Ol pikir sizde haçan we nädip döredi?
– Häzirki wagtda işleýän proýektim uruş başlanandan soň peýda boldy. Elbetde, urşuň başlanmagy meni gaty sarsdyrdy, özümi boşap galan ýaly duýdum. Köp hepdeläp, hatda aýlap indi men näme edip bilerin diýip oýlandym. Ýöne soňra Ýewropada bolýan zatlaryň sebäpleri bilen gyzyklanmalydygyma düşündim. Şeýlelikde, ukrainalylar baradaky proýektiň ideýasy peýda boldy. Özygtyýarly ýurtlar, olaryň serhetleri bar, emma uruş bolanda, uly migrasiýa akymlary emele gelip, köp sanly bosgun sebäpli ýurt üýtgeýär. Şeýle pikir emele geldi, eger men Russiýa gidip bilmesem, onda başga ýurtlara gidip, Russiýanyň hereketleri netijesinde emele gelen zatlary surata düşüreýin diýdim.
– Siz haýsy ýurtlarda surata düşürmegi ýüregiňize düwdüňiz we näme üçin hut şol ýerde?
– Men öz taslamama geçen ýylyň oktýabr aýynda, Moldowada başlap, şondan soň ony Gürjüstanda we Ermenistanda dowam etdirdim. Men öň sowet respublikalary bolan üç ýurda üns bermegi ýüregime düwdüm, olar Ukrainadan we Russiýadan uly bosgunlar akymyny başdan geçirenler.
– Nähili adamlar siziň taslamaňyzyň gahrymanlary boldy?
– Men bu işe sosial ýa-da statistiki taýdan çemeleşmeýärin. Eger siz uruş başlanandan soň Ukrainadan ýa-da Russiýadan göçen bolsaňyz, onda bu taslamanyň gahrymany bolup bilersiňiz. Ol adamlar kim, nireden gelenler, näme kärdäkiler, ony seljermek meniň borjuma girmeýär. Meniň üçin möhüm zat uruş sebäpli adamlaryň durmuşynyň nähili özgerendigi wajyp bolup durýar, olary öýünden gitmäge, öz ýurduny taşlamaga, täze ýere barmaga mejbur eden we bu ýolda başdan geçiren horluklary möhüm.
– Siziň duşuşan ukrain bosgunlaryňyzyň haýsylary has köp täsir galdyrdy?
– Her bir jemgyýetde bolşy ýaly, meniň duşuşan ukrain bosgunlarymyň arasynda-da sosial tapawutlar bar. Elbetde, ýokary maddy baýlyga eýe bolan adamlaryň mümkinçiligi köp, mysal üçin, jaýy kireýine alyp bilýärler, ýardam kömegine mätäç bolman ýaşaýarlar. Uruş heläkçiligi bosgunlaryň ýatak jaýlarynda has aýdyň görünýär, käte bir otagda 16 adam üçin, iki gatly ýatak düşekleri goýlupdyr, ýagdaýy gowy bolanlaryň aýratyn şahsy düşegi bar. Elbetde, ýurtdan gaçmaly bolan her bir adamyň öz ykbaly bar, her kim bir sebäp bilen watanyny terk edipdir. Her kimiň kalby bir dürli ýaraly.
– Öz taslamaňyz üçin gahrymanlary nädip tapdyňyz?
– Elbetde, bu işleriň barysyny bir özüm edip bilemok, kömekçiler bilen hyzmatdaşlykda işleýärin. Iň gowusy, multiplikatorlara ýüzlenmek. Olar başgalara garanda, kimleri surata düşürmegi aýdyp, mundan beýläk maslahat berip bilýän adamlardyr. Düzgün boýunça, şeýle multiplikatorlar ukrain bosgunlarynyň ýerleşdirilen merkezlerinde, ýatakhanalarda çykyş edýärler. Siziň tanaýan maşgalaňyzyň arasynda, öz tanyşlary hakda gürrüň berýän halatlary-da bolýar. Şeýdip, maglumat toplanýar. Maglumat gitdigiçe köpelýär, köp adam seni tanaýar we proýekte gatnaşmaga razylyk berýär.
– Dürli ýurtlardaky ukrain bosgunlary öz aralarynda tapawutlanýarmy?
– Men ýurtlaryň arasynda aýdyň tapawut bar diýip bilmerin. Adamyň ýa-da maşgalanyň [gaýtmazdan öň] nähili ýagdaýda bolandygy; olaryň maddy esaslary nähilidi, olar kim bolup işläpdirler, başga dillerde gürläp bilýärlermi, başga ýurtlarda bolup görüpdirlermi – şolar möhüm. Eger adamda nähilidir ýygnap-ýygşyrany bolsa, belli derejede mümkinçilik tapsa, başga ýurtlar hakda tejribesi ýa-da syýahata giden bolsa, dilleri bilse, düzgün boýunça beýle adamlar has uzagraga – Ýewropa ýa-da has alysdaky ýurtlara aşýarlar. Mysal üçin, obada ýaşap, halkara syýahatçylyk tejribesi bolmadyk adamlar başyny gutarmak üçin, iň ýakyn ýurtlara, mysal üçin, Moldowa gidýärler. Ýöne men başga bir zada takyk üns berdim, ýüzleşen ukrainlarymyň ählisi; bary diýen ýaly, hatda ýaşlar-da yzlaryna dolanmak isleýärler. Olar: "Biz öýümize dolanmak isleýäris, biziň Ukrainamyz bar, biz ol ýere dolanmak isleýäris" diýýärler.
– Bu taslama siziň özüňizi nähili özgertdi? Bosgunlar bilen aragatnaşygyňyz sebäpli urşa ýa-da umuman dünýägaraýşyňyzda üýtgeşiklik boldumy?
– Adamlaryň başdan geçirenleri hakyndaky gürrüňler netijesinde, interwýularda olaryň aýdyp berenleri we suratlarda görýän zatlarymyz uruş barada has anyk düşünjämi we abstrakt göz öňüne getirmelerimiň has azalandygyny aýdyp bilerin. Bularyň bary urşuň hakyky keşbini hem onuň adamlaryň durmuşyndaky ýagdaýy görkezýär. Men urşuň bar aýylgançlygyna hem onuň agramyna has gowy düşünip başladym.
– Siziň taslamaňyzyň jemleýji netijesi nähili bolmaly?
– Taslamanyň netijesi birnäçe sergä çykmak, dürli suratçylar dürli kontekstlerde we dürli sergilerde sergilenýär. Belki-de, dürli ýerlerde görkeziljek hereket ediji sergisi bolar. Galyberse-de, men kitap barada hem oýlanýaryn.
– Russiýany gowy öwrenen adam hökmünde, Orsýetiň bu urşy näme üçin başladandygy baradaky soraga sizde jogap barmy?
– 2017-2018-nji ýyllarda men Russiýada täze keşbiñ döreýändigine syn etdim. Beýik Watançylyk urşy temasynyň peýdalanylmagy, harby-watançylyk propagandasynyň ýokarlanmagy, häkimiýetiň ýokary syýasy gatlak tarapyndan artykmaç köp ulanylmagy – bularyň bary gaty howpludy. Orsýetiň bu urşy näme üçin başlandygy baradaky sowala jogabyny Kremlden gözlemeli. Men muňa derek, ilatyň şeýle uly böleginiň bu urşy näme üçin goldaýandygy barada sorag bererdim. Elbetde, soňky ýyllaryň propagandasy, şeýle hem oňa garşy çykýanlaryň ählisine garşy döwlet zorlugynyň dowam etmegi muňa gürrüňsiz ýardam etdi. Meniň pikirimçe, rus halky nesilden-nesle öz hökümdarlary, goý, ol Stalin bolsun, [başga] kommunistik ýolbaşçylar ýa-da Putin tarapyndan aldanyp gelýär diýip pikir edýärin. Ýalan esasynda ýaşaýan halky aldaw bilen dolandyrmak aňsatdyr.
– Siz haýsydyr bir görnüşde uruş boljakdygyny duýduňyzmy, sebäbi siz ençeme ýyllap Russiýada surat aldyňyz?
– Möhüm tapgyr 2018-nji ýyl, Russiýada prezident saýlawlarynyň geçirilen döwri boldy. Onuň möhleti Krymyň anneksiýa edilmeginiň ýyl dönümine gabat geler ýaly üýtgedildi. Men şol gün Rewolýusiýa meýdançasynda [Moskwada] geçirilen konserte barypdym. Şol ýerde "Russiýa – Krym – Sewastopol" diýen şygar asylgy durdy. Dogrusyny aýtsam, şol wagt özümde ilkinji gezek gorky duýdum, sebäbi awtobuslar bilen köp sanly ýaş ýigitleri getirdiler, olaryň ählisi baýdaklary galgadýardylar. Meniň üçin nemes hökmünde milli nyşanlaryň şeýle görkezilmegi, häkimiýetleriň agressiýany goldamagy hem milletparazlygy görmek asla ýeňil däl. Bularyň bary meni gaty gorkuzdy. Olar nähilidir elhenç zatlara ukyply ýaly, ählisi häzir urşa gidip biljege meňzeýärdi. Ýöne men, elbetde, Donbasda bolýan zatlary bilsem-de, hakyky uruş başlanar öýtmeýärdim.
Russiýada bolýan ähli sosial-syýasy wakalar mydama egri ösdi, kä ýokary, kä aşak; soňra 2014-nji ýylda, ylaýta-da 2018-nji ýylda hemme zat çalt pese düşdi. Bu meniň üçin örän uly lapykeçlik boldy, Russiýa üçin bu örän erbet meýildi. Eger-de biz Russiýada ýaşaýan adamlar barada gürrüň edýän bolsak, onda ruslar kim? Olar diňe berýozany söýýänler däl. Öz ýurduň raýaty diýmek – onda demokratiýany nädip gurmagyň manysyna düşünmek, jemgyýetçilik durmuşyna has köp gatnaşmak, graždan ýagdaýlary barada köpräk bilmek hem oňa dahylly bolmak. Gynansak-da, Russiýada demokratiýany öwretmek prosesi geçirilmedi. Şoňa görä-de, soňky ýyllarda men [filosof Aleksandr] Duginiň beýik pikirler bilen deňeşdireniňde, adamyň şahsy durmuşynyň ähmiýetsizdigini aýdýan çykyşlaryny eşidenimde, göwnüme bolmasa, bu aň-düşünjäniň betbagtlygydy. Gynansak-da, bu häzir Russiýada bolup geçýär.
– Siz diňe öz watanyňyzda däl, eýsem örän belli fotosuratçy. Siz web-saýtyňyzda Sowet Soýuzynda we Russiýada alnan birnäçe suraty tapgyrlaýyn çap etdiňiz. Sizde nädip Sowet Soýuzyndan soňraky giňişlige şeýle gyzyklanma bar?
– GDR-de doguldym, meniň önüp-ösen ýerimde bolsa, sowet goşunlarynyň örän uly bazalary bardy. Eger sen GDR-de ýaşan bolsaň, dünýä aýlanmaga köp mümkinçiligiň ýokdur. Şonuň üçinem Sowet Soýuzy, elbetde, gidip, özüň üçin täze bir zat görüp boljak mümkinçilikleriň biridi. 1988-nji ýylyň tomsunda GDR-iň studentlerine Perm şäheriniň golaýyndaky Çaýkowskiý şäherçesinde, gaz geçirijiniň gurluşygynda işlemäge mümkinçilik boldy. Rugsat döwründe ol ýerde 6-8 hepde gurluşykçy bolup işledim.
1991-1994-nji ýyllarda Sowet goşunlarynyň Gündogar Germaniýadan çykarylyşyny surata düşürdim. Biz Germaniýadan Klaýpeda çenli üsti tankly parom bilen ýüzdük, Klaýpedadan Peterburga çenli maşynly gitdik. Rus goşunynyň yza çekilýän döwründe, 1992-nji ýylyň sentýabrynda men Peterburgdadym, ol döwür rus jemgyýetini sarsdyran wagtlardy. Bu jemgyýeti tanamadym, ol başgaçady. 1988-nji ýylda gaz geçirijisiniň gurluşygyna giden döwrümde Moskwada bolupdym, soňra 1989-njy ýylda student alyş-çalyş programmasy boýunça, ol ýerde bolanymda, adamlar ýylgyrýardylar, entek durmuş kadalydy. 1992-nji ýylda düýbünden başga jemgyýet bardy. Weýrançylyk aşa köpdi, köçeler çalajan adamlardan doludy, alkogolly içgiler köpdi. Men olaryň ýüzlerinde, adamlaryň nähili özgerendigini, indi ýylgyrmaýandyklaryny, nähilidir agyr alada batandygyny gördüm. Ol jemgyýet bir hili döwlüpdir, men döwülmäniň şekilini surata almalydygyma düşündim. Jemgyýetde ýüze çykan bu güýçsüzlik hem biperwaýlyk duýgusy onuň mundan beýläk-de nähili ösjekdigini görkezýärdi.
– Siziň pikiriňizçe, otuz ýyldan gowrak wagt bäri Sowet Soýuzyndan soňky giňişlik nähili özgerdi?
– Meniň ýatlap bilşime görä, jemgyýetiň döwülmeginiň birnäçe tapgyry bolup geçdi. Ol ýüzugra birnäçe nesilleri aşa garyplyga iterdi. [1990-njy ýyllaryň başlarynda] men Peterburgda bir gartaşan aýalyň öýünde ýaşadym. Ol maňa sowetler döwründe birneme pul süýşürip bilendigini, onuň maşyn satyn almaga ýetjekdigini gürrüň berdi, soňra bolsa şol pula zordan iki taýak kolbasa satyn alyp boljakdygyny aýdýar. Az sanly adam baýady. Şol döwürde häkimiýet üstünden we şahsy pudaklara degişli bolan emlägiň bölünmegi babatda köp jenaýat işi gozgaldy. Soňra köp özgerişler boldy, 2000-nji ýyllarda ykdysady ösüş döredi. Soňky tapgyr – 2014-nji ýyl, Krymyň anneksiýa edilmegi, meniň göwnüme bolmasa, şol pursatdan jemgyýetde örän möhüm özgerişler ýüze çykyp başlady. Owaly bilen, gitdigiçe güýçlenýän syýasy çäklendirmeler, şahsy demokratik azatlyklaryň azalmagy. Ikinjiden, Beýik Watançylyk urşy mowzugynyň has-da artdyrylyp, onuň töwereginde milli aýratynlyklary ösdürip, adamlaryň ünsüni iň möhüm taryhy waka hökmünde oňa çekmek boldy. Üçünjiden bolsa, propagandanyň ösdürilmegi we onuň adamlara täsiri.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum