Russiýa 30-njy maýda Kiýewe pilotsyz uçarlaryň täze hüjüm tolkunyny gurnap, azyndan bir adamyň ölmegine we birnäçe adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, ukrain resmileri aýtdy. Dronlaryň köpüsiniň howa goragy tarapyndan urlup ýykylandygy aýdylýar.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko telegramda paýtagtyň birnäçe etrabynda ýangyn dörändigini, dron galyndylarynyň gaçmagy netijesinde Kiýewiň Holosiýiwskiý etrabynda bir beýik binanyň oda gaplanandygyny aýtdy.
"Bir adam öldi. Dört ýaraly Holosiýiwskiý etrabyndaky keselhana ýerleşdirildi. Saglyk işgärleri wakanyň bolan ýerinde hem kömek berdiler" diýip, Kliçko 20 adamyň ewakuasiýa edilendigini sözüne goşdy.
Ukrainanyň Milli polisiýasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýän Iwan Wihiwskiniň telegramda ýazmagyna görä, ölen ýaş aýaldan başga, Kiýewe we onuň töweregine edilen hüjüm wagtynda 13 adam ýaralandy.
"Kiýewde dokuz adam ýaralandy, 33 ýaşly bir aýal öldi. Kiýew sebitinde bolsa dört raýat ýaralandy" diýip, Milli polisiýanyň metbugat gullugy Wihiwskiniň sözlerine salgylanyp aýtdy.
Ukrain goşuny bu hüjümiň diňe Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň ulanylmagynda gurnalandygyny we ýarygijeden öň başlanyp, ýerli wagt bilen ir sagat 4:30-a çenli dowam edendigini aýtdy.
"Demirgazykdan we günortadan jemi 31 sany kamikadze drony hüjüm etdi. Howa goranyş güýçleri 29 pilotsyz uçary ýok etdi" diýip, harbylar aýtdy.
Pilotsyz uçarlaryň hemmesi diýen ýaly Kiýewiň eteklerinde we paýtagtyň asmanynda urlup ýykyldy.
Günbatar ýurtlarynyň beren çylşyrymly enjamlar bilen güýçlendirilen ukrain howa goragy Russiýanyň edýän howa hüjümlerini puja çykarmagyň, pilotsyz uçarlary we uçar raketalaryny urup gaçyrmagyň barha kän hötdesinden gelýär.
Paýtagtyň harby administrasiýasy 30-njy maýda, şu aýda Kiýewe edilen 17-nji hüjümde diňe Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň ulanylandygyny aýtdy.
Şu aralykda, 30-njy maý güni irden Moskwa dron hüjümi edildi diýip, Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin telegram kanalynda aýtdy.
Hüjüm netijesinde "birnäçe bina ýeňil-ýelpaý zeper ýetirildi" diýip, Sobýanin aýtdy."Häzirki pursatda agyr ýaralanan adam ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Telegram kanallary 30-njy maý güni irden Moskwa sebitinde ondan gowrak pilotsyz uçaryň urlup ýykylandygyny habar berdiler.
Gyssagly kömek gullugynyň wekili Russiýanyň “Nowosti” habar gullugyna dronlaryň Moskwada iki ýaşaýyş jaýyna zarba urandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, pida bolan ýok.
Bu maglumat özbaşdak ýagdaýda barlanyp bilinmedi.
Sobýanin pilotsyz uçarlaryň hüjüminden soň iki jaýda birnäçe girelgäniň ýaşaýjylarynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
Ol ýaşaýjylaryň ýörite gulluklaryň bu ýerdäki işleri tamamlanan badyna öz kwartiralaryna baryp biljekdigini hem sözüne goşdy.
Russiýanyň Derňew komiteti hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy.
Kiýewe garşy edilen soňky hüjüm rus goşunlarynyň 29-njy maýda ukrain paýtagtyna gündizine eden howa hüjümleriniň bir gün soňundan amala aşyryldy.
Şaýatlar Kiýewde azyndan 10 partlamanyň sesini eşidendiklerini, şäher asmanynyň partlama bulutlary we tüsse örtükleri bilen örtülendigini aýtdylar.
Şäheriň harby administrasiýasy howa goraglarynyň gündizki hüjümde atylan 11 Iskander raketasynyň ählisini urup gaçyrandygyny aýtdy. Bu aýdylýany garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Kiýewiň Podil etrabyndaky metro stansiýasynyň golaýynda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar howa hüjümleriniň indi uruş başlanaly bäri gündelik durmuşyň bir hakykatyna öwrülendigini aýtdylar.
"Bu hüjümler biziň bu uruş sebäpli çözmeli melelerimiziň ýene biri bolup durýar" diýip, pensioner Iwan Çihir aýtdy.
Öz adynyň efirde tutulmagyny islemedik bir harby ofiser bolsa, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Russiýanyň Kiýewe eden soňky hüjüminiň "şowsuz" bolandygyny, sebäbi Ukrainanyň goranyş ulgamynyň ony doly puja çykarmagy başarandygyny aýtdy.
"Bu Russiýanyň soňky demi" diýip, ol sözüni jemledi.
Russiýanyň Ukrainanyň Harkow sebiti bilen serhetleşýän Belgorod sebitiniň gubernatory 29-njy maýda ukrain güýçleriniň serhetýaka şäherçeleriniň birnäçesini topa tutýandygyny aýtdy.
Häkim Wýaçeslaw Gladkow telegramda serhetýaka Şebekino şäherindäki senagat desgalarynyň ikisiniň topa tutulandygyny, dört işgäriň ýaralanandygyny aýtdy.
Topa tutmalardan soň birnäçe oba elektriksiz galdy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina çozaly bäri Belgorod ukrain güýçleriniň birnäçe hüjümine sezewar boldy.
Forum