Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda ‘tankydy bellikleri üçin tussag edilen’ raýat azatlyga goýberildi


Aşgabadyň ýaşaýjysy Galina Esenowna Wertýakowa. “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinden alnan surat.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan adamdan gorkuzyp pul almakda aýyplanyp tussag edilen, hakykatda, sosial ulgamlarda eden tankydy kommentariýalary üçin ýörite gulluklar tarapyndan yzarlanan, Aşgabadyň ýaşaýjysy Galina Esenowna Wertýakowa azatlyga goýberildi diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Bu neşiriň 18-nji dekabrda ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, 62 ýaşly pensioner Wertýakowa Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli yglan edilen günä geçişligiň çäginde geçen hepde tussaglykdan boşadyldy.

Ol türkmen häkimiýetleri tarapyndan oktýabr aýynyň 7-ne öýünden alnyp gidilýär we şondan soň öýüne goýberilmeýär. Ony etrabyň öý dolandyryş edarasyndan (domuprawleniýeden) gorkuzyp pul almakda aýyplap, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edýärler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýöne onuň oglunyň sözlerine görä, Wertýakowanyň tussag edilmegine pensioneriň “Odnoklassniki” ýaly sosial ulgamlarda hökümetiň käbir çärelerine garşy eden tankydy kommentariýalary sebäp boldy. Polisiýa resmileri hatda Wertýakowanyň maşgalasyndan onuň kompýuterini getirmegini yzygiderli talap edipdirler.

Ähli mesele kommentariýler bilen ‘baglanyşykly’

“Biziň goňşularymyzyň ählisini soraga çagyrdylar. Mundan başga-da, biziň bilen resmi däl görnüşde habarlaşyp, ähli meseläniň ejemiň sosial ulgamlarda ýazan kommentariýalary bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar” diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Wertýakowanyň Russiýada ýaşaýan ogluna salgylanyp habar berdi.

Maglumatda pensioneriň bir ýylyň dowamynda Türkmenistany terk etmegine gadaganlyk girizilendigi aýdylýar, emma bu gadagançylygyň kim tarapyndan we nämä esaslanyp girizilendigi nämälim bolmagyna galýar.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň müdiri Ruslan Mätiýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Galina Wertýakowanyň saglyk ýagdaýy barada anyk maglumat ýok. Onuň telefonyna hem jaň edip, jogap alyp bolmaýar.

“Mende onuň birnäçe telefon belgisi bar. Onuň el, öý nomerine jaň edýän, ýöne hiç haýsyna düşüp bilemok. Jan saglygy barada aýdanymda, tussag edilmezden ozal onuň jan saglygy oňat däldi. Onuň ýürek agyrysy, şekeri (diabet) bar eken” diýip, Ruslan Mätiýew aýdýar.

Aşgabatly aktiwist Galina Wertýakowanyň tussag edilip, häzirki wagtda azatlyga goýberilmegi barada, Azatlyk Radiosyna degişli türkmen resmilerinden kommentari almak başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, soňky aýlarda Türkmenistanda “Line” we “Odnoklassniki” sosial ulgamlarynyň ulanyjylary Milli howpsuzlyk ministrligine “söhbetdeşlige” äkidilýändigi aýdylýar.

Allaşowyň tussaglygy dowam edýär

“Söhbetdeşlige” çagyrylan adamlara garaşsyz habar çeşmeleriň, şol sanda Azatlyk Radiosy, “Türkmenistanyň hronikasy”, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” saýtlaryň we Orsýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşriniň Türkmenistandaky wakalar baradaky maglumatlaryny alyp, gaýtadan çap edýän toparlara agza bolmakda günä bildirilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussaglygy bolsa, indi 16 gün bäri dowam edýär. Häzirki günde onuň özüniň we maşgala agzalarynyň ykbaly nämälim bolmagynda galýar.

27 ýaşly Allaşow 3-nji dekabrda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda güýç gulluklarynyň işgärleri tarapyndan, öz öýünden alnyp gidilip, 11 kilogram nasy saklamakda aýyplandy.

Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow.
Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow.

Wakanyň şaýatlarynyň we Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky howpsuzlyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Hudaýberdi Allaşow polisiýada elhenç urlup-ýenjildi we gynamalara sezewar edildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Hudaýberdi Allaşowy tussag etmeginiň düýp sebäbini onuň žurnalistik işi bilen baglanyşdyrýar.

ABŞ-nyň resmileri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitet, düýbi Fransiýada ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar gurmasy, "Amnesty International" guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň adam gynamalara garşy komiteti we adam hukuklaryny goraýan guramalaryň ençemesi türkmen hökümetinden Hudaýberdi Allaşowy dessine azat etmegi we Azatlyk Radiosynyň beýleki habarçylaryny yzarlamakdan el çekmegi talap etdiler.

Türkmenistan adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary tarapyndan, dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG