Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Daşary ýurt diplomly ýaşlar işsizlikden kösenýärler


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Ýokary bilimini daşary ýurtda tamamlan daşoguzly Resul indi dört ýyldan gowrak wagt bäri öz okan ugry boýunça işe ýerleşip bilmän, hususy taksiçilik bilen meşgullanýar. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy 27 ýaşyna golaýlan Resulyň (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýtmagyna görä, muňa welaýatda işsizligiň giňden ýaýramagy sebäp bolýar.

“Men 2012-nji ýylda Belarusyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde ykdysadyýetçi-hasapçy bolup okuwymy tamamladym. Şondan soň Türkmenistana dolanyp, daşary ýurt diplomymy tassyklatdym we öz okan hünärim boýunça iş gözlegine çykdym. Ilki bilen öz dogduk etrabymdaky banklarda we edara-kärhanalarda iş gözledim. Bu ýerde iş tapman, welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerine aýlanyp, iş tapmaga synanyşdym, emma maňa tutuş welaýatda-da iş tapmak başartmady” diýip, Resul gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşoguzly ýaşlaryň başga-da ençemesi daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okuwyny tamamlap, ýurda dolananlaryna birnäçe ýyl bolsa-da, iş tapmakda uly kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Tanyş-bilişler

Bu kynçylyklaryň sebäpleriniň näme bilen baglanyşyklydygy dogrusynda anyk bir zat aýtmak kyn. Emma daşoguzly ýaşlaryň käbirleri özlerine wada berlen iş orunlaryna başga adamlaryň, hususan-da, ýokary derejeli hökümet resmileriniň tanyş-bilişleriniň işe alynýandygyny aýdýarlar.

“Nirä barsaň şol bir jogaby eşidýäris. “Pensiýa çykmaly iki-üç sany işgärimiz bar. Iş ýeri boşasa hökman habar ederis” diýýärler. Emma aradan birnäçe aý, hatda ýyl geçse-de, olardan habar-hatyr bolmaýar. Soňam şol boşan iş ýerlerine häkimiň ýa-da prokurorlaryň tanyş-bilişleriniň işe alnanyny bilip galýarys” diýip, Resul aýdýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda adamlaryň işe ýerleşmek üçin para bermeli bolýandyklary, munuň bolsa tanyş-bilişleriň ýa-da üçünji şahsyň üsti bilen amala aşyrylýandygy barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýygy-ýygydan maglumat gelip gowuşýar. Käte işe ýerleşen käbir türkmenistanlylaryň beren parasyny işläp yzyna almanka, işden kowulýan halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.

Her ýyl 100 müň okuwçy mekdebi tamamlaýar

Häzirki wagtda Resul we onuň ýaly ýokary bilimini daşary ýurtda tamamlap gelen ýaşlaryň ençemesi öz sebitlerinde iş tapman, käbirleri öz kakasynyň köne awtoulagyny alyp, hususy taksiçilik bilen meşgullanýarlar, käbirleri bolsa gurluşykda işleýär ýa-da obada mal bakyp, gün-güzeranyny dolaýarlar.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, ýurtda her ýyl 100 müň çemesi okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Ýöne ýurduň ýokary okuw jaýlaryna her ýyl 7 müňden gowrak student kabul edilýär.

Türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi ýokary bilimini dünýäniň dürli döwletlerinde, esasan Türkiýede, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Hytaýda we Birleşen Şatlarda we beýleki ýurtlarda dowam etdirýär.

Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi maglumatyna görä, 2013-2014-nji okuw ýylynyň dowamynda Ukrainada 14 müňden gowrak türkmenistanly student bilim alypdyr.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, ýokarda gürrüňi edilen mesele dogrusynda, Azatlyk Radiosyna degişli türkmen resmilerden kommentariý almak başartmady.

XS
SM
MD
LG