Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Ýerleriň şorlaşmagy ekinleriň guramagyna getirýär


Daşoguz: Ýerleriň şorlaşmagy ekinleriň guramagyna getirýär

Daşoguzly ýaşy 60-a golaýlan Babajan aganyň ençeme ýyllap kemala getiren bagy şu günler gurap başlady. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwletli daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Babajan aganyň aýtmagyna görä, onuň onlarça agajynyň guramagyna soňky ýyllarda ýerleriň aşa şorlaşmagy we onuň öňüni almak üçin ýeterlik derejede alada edilmezligi sebäp bolýar.

“Arçynlykdan suw wagtynda berilmeýär. Suw wagtynda berilmeýändigi sebäpli ýeriň şoruny hem aýryp bolmaýar. Şeýlelikde, ençeme ýyllap ideg eden agaçlarym indi kökünden gurap başlady” diýip, Babajan aga aýdýar.

Döwletli daýhan birleşiginde ekinleri, baglary guran ýa-da eken ekinleri gögermedik diňe Babajan aga däl, bu ýerde başga-da onlarça daýhan ýerleriň şorlugy we oňa wagtynda suwuň goýberilmeýändigi sebäpli, göz öňünde tutan hasylyny alyp bilmän kösenýändiklerini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Ýerli ýaşaýjylar munuň sebäbini öňden hem şor ýerlere ýerli häkimlikler, arçynlyklar tarapyndan ýeterlik derejede suwuň we tehnikanyň berilmeýändigi bilen düşündirýärler.

“Welaýatyň şorlaşýan ekin meýdanlaryny gowulandyrmak üçin, hiç hili çäre görülmeýär. Üstesine, daýhanlara berilmeli ekerançylyk suwlary hem wagtynda goýberilmeýär. Arçynlyga ýüzlensegem, para berseň seniň arzyňy diňleýärler, para bermeseň-de müň bir bahana tapyp, yzyňa ugradýarlar” diýip, Babajan aga aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, Daşoguz welaýatynda ýerleriň şorlaşmagy indi ençeme ýyllaryň dowamynda esasy problema hökmünde saklanyp galýar. Şu ýylyň iýun aýynda Daşoguza eden saparynyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem welaýatda ýerleriň ýylsaýyn tapdan gaçýandygyny boýun alypdy.

Aral deňziniň täsiri

Käbir ýerli synçylar muňa bir tarapdan wagtynda ekin dolanyşygynyň geçirilmeýändigi sebäp bolýar diýse, beýleki tarapdan, Aral deňziniň gitdigiçe guramagy, onuň öňki ýatan hanasyndan ýokary galýan duzly tozanlaryň ýetirýän täsiri bilen düşündirýärler.

“Aral deňziniň ekologik betbagtçylygyndan topragy goramak babatynda edilýän işler juda az. Dilde berilýän hasabatlarda, geçirilýän halkara konferensiýalarynda göýä bu ugurda uly iş edilýän ýaly. Ýöne welin iş ýüzünde edilýän iş juda az. Muňa 2013-nji ýylda Aral deňziniň basseýnine iň golaý ýerleşýän ýerleriň biri bolan Sarygamyş kölüniň ýanynda toraňňy, igde, ýylgyn ýaly agaçlary ekmeklik planlaşdyrylypdy. Bu gury gürrüňligine galdy. Bu maglumatlar ýüze çykanda, köpçülikleýin iş edilýän ýaly habar berildi. Soňundan hem öz-özünden ýitip galdy” diýip, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýetmiş birinji sessiýasynda çykyş edip, Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek baradaky halkara fonduň başlyklygyny kabul edeninden soň, bu işi ilerletmek barada regionyň beýleki ýurtlary we BMG-nyň agentlikleri bilen maslahat etjekdigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG