Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy "Nowaýa Gazetanyň" redaktoryna we filippin-amerikan žurnalistine berildi


“Nowaýa Gazeta” neşiriniň baş redaktory Dmitriý Muratow

Parahatçylyk boýunça şu ýylky Nobel baýragy Russiýanyň garaşsyz gazetiniň "Nowaýa gazetanyň" baş redaktory Dmitriý Muratowa we filippin-amerikan žurnalisti Mariýa Ressa "söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary üçin" berildi.

“Hanym Ressa we jenap Muratow, Filippinlerde we Russiýada söz azatlygy ugrundaky gaýduwsyz göreşleri üçin Parahatçylyk baýragyny alýarlar "- diýlip baýragy gowşurýan Norwegiýanyň Nobel Komiteti 7-nji oktýabrda aýtdy.

"Şol bir wagtyň özünde, olar dünýäde demokratiýanyň we metbugat azatlygynyň barha ýaramaz şertlere duçar bolan döwründe bu idealy goramak üçin çykyş edýän žurnalistleriň wekilleridir, " diýlip maglumatda aýdylýar.

Abraýly Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy “halklaryň arasyndaky doganlyk üçin iň köp ýa-da iň gowy iş eden” şahsyýetleri ýa-da guramalary hormatlamak üçin niýetlenendir.

Geçen ýylky baýrak, bütin dünýäde açlyga garşy göreşmek üçin Rimde ýerleşýän BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasyna berilipdi.

Baýrak altyn medaldan we 1,14 million dollardan gowrak puldan ybarat. Baýrak ony esaslandyran 1895-nji ýylda aradan çykan şwesiýaly Alfred Nobeliň galdyran wesýeti esasynda berilýär.

Maria Ressa
Maria Ressa

Muratow özüne berlen baýragy "Nowaýa Gazeta" we alyp baran işleri üçin wepat žurnalistlere bagyşlady.

Ol alýan pulunyň bir böleginiň agyr ruhy hassalygy bolan çagalaryň bejerilmegine we žurnalistika sarp ediljekdigini aýtdy.

Ressa, parahatçylyk baýlygynyň "faktsyz hiç zat edip bolmajagyny" aýtdy we "faktsyz dünýäde hakykatyň we ynamyň bolmajakdygyny" belledi.

Norwegiýanyň Nobel komiteti derňeýji žurnalistika ugrunda işleýän Rappler atly dogital media kompaniýa ýolbaşçylyk edýän Ressanyň öz ýurdunda "häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanylmagyň, zorlugyň we barha güýçlenýän awtoritarizmiň üstüni açmak üçin söz azatlygyndan peýdalanýandygyny" aýtdy.

59 ýaşly Muratow, 1993-nji ýylda "Nowaýa Gazetany" esaslandyranlaryň biridir we 24 ýylyň dowamynda neşire baş redaktor bolýar.

Nobel Komiteti "Nowaýa gazetany" "şu günki gün Orsýetdäki iň erkin gazet" diýip atlandyrdy we onuň barha agyrlaşýan şertlerde söz azatlygyny goraýandygyny aýtdy.

Anna Politkovskaya: A Journalist Silenced
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:59 0:00

"Nowaýa gazeta" döredilen gününden bäri "azar, haýbat, zorluk we adam öldürmek" ýaly basyşlar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Neşiriň žurnalistleriniň altysy, şol sanda Anna Politkowskaýa öldürildi. Politkowskaýa Orsýetde ýokary derejelerdäki korrupsiýa we Demirgazyk Kawkaz respublikasy Çeçenistanda adam hukuklaryň bozulmagyny ýüze çykardy.

Anna Politkowskaýanyň Moskwanyň merkezindäki ýaşaýyş jaýynda öldürilenine 7-nji oktýabrda 15 ýyl boldy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi zulumkeşleriň jogapkärçilige çekilmegi baradaky çagyryşlaryny täzeledi.

Öldürmelere we haýbatlara garamazdan, Muratow “gazetiň garaşsyz syýasatyndan ýüz öwürmejegini” aýty we “žurnalistleriň professional we ahlak kadalaryna laýyk islän zadyny ýazmak hukugyny yzygiderli gorady”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG