Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Taýýar demir ýoldan peýdalanmaýarlar”


Türkmenistanyň demir ýol stansiýalarynyň biri.
Türkmenistanyň demir ýol stansiýalarynyň biri.

28-nji noýabrda Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana çekilmegi göz öňünde tutulýan demir ýol liniýasynyň birinji tapgyrynyň açylyşy boldy. Şeýlelikde, Owganystan tarapyndaky birinji stansiýa açyldy.

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow we Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Akina demir ýol stansiýasynda geçirilen dabara gatnaşyp, Gani bu wakany “Owganystan we onuň halky üçin taryhy gün” diýip atlandyrdy. Berdimuhamedow bolsa Ymamnazar-Akina demir ýolunyň “iki ýurduň arasyndaky söwda üçin esasy rol oýnap biljekdigini” aýtdylar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatda çykyş edip, durnukly ulag ulgamynyň döredilmeginiň döwletler, regionlar we tutuş kontinentler üçin ägirt uly mümkinçileri açýandygyny belledi.

Bilşimiz ýaly, soňky birnäçe ýyllykda Türkmenistanda Aşgabat-Tejen-Sarahs-Maşat (Eýran), Gazagystan-Türkmenistan-Eýran arasyndaky “Demirgazyk-gündogar” demir ýollary açyldy.

Eýse, bu demir ýollaryň häzirki günde halka hyzmat edişi nähili?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

“Taýýar demir ýoldan peýdalanmaýarlar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:31 0:00

XS
SM
MD
LG