Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Tehnika üçin goşmaça pul töleýäris”


Türkmenistanda ekin meýdany.
Türkmenistanda ekin meýdany.

17-nji awgustda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda gallaçylar güýzlük bugdaý ekişine başladylar. Resmi metbugatda bu çäräniň başlanmagy mynasybetli “prezident Gurbanguly Berdimuhamedow edermen gallaçylara ak pata berdi” diýilýär.

Ýurtda oba hojalygyň yzygiderli ösýändigi, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy maglumatda bellenilýär.

“Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökünleriň dürli görnüşleri, kämil oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda suw hem-de beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär” diýlip resmi metbugatda nygtalýar.

Emma şol bir wagtyň özünde, käbir daýhanlar oba hojalyk tehnikalarynyň ýeterlik däldigini, suw üpjünçiliginiň hem kadaly däldigini aýdyp, şikaýat edýärler.

Bu barada Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Dostluk daýhan birleşiginden özüni Aýpaşa diýip tanyşdyran kärendeçi zenan Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Kärendeçi zenan Aýpaşa “kärende ýeriňize oba hojalyk tehnikalary ýetýärmi? Ekiniňizi wagtynda ekip bilýärsiňizmi?” diýen soraga şeýle jogap berdi:

“Tehnika üçin goşmaça pul töleýäris”
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:10 0:00

XS
SM
MD
LG