Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina agyr rus zarbasynyň pidalarynyň ýasyny tutýar

Çagalar 28-nji awgustda Kiýewde rus raketa hüjüminiň bolan ýerinde.
Çagalar 28-nji awgustda Kiýewde rus raketa hüjüminiň bolan ýerinde.

Ukrainalylar Russiýanyň amala aşyran iň iri raketa zarbalarynyň yz ýany, hüjümde wepat bolan adamlaryň ýasyny tutýar, bu aralykda, harabaçylyklarda aman galan adamlary halas ediş işleri dowam edýär. Bu hüjüm Russiýanyň 42 aý bäri dowam etdirýän urşuny togtatmak boýunça gowşak tagallalaryň alnyp barylýan wagtynda bolup geçdi.

Resmiler 29-njy awgusty Kiýewde ýas güni yglan etdi, bir gün ozal bolan rus hüjüminde 23 adamyň ölendigi tassyk boldy.

Hüjümde 600-den gowrak dronlardan we raketalardan peýdalandy. Ol Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň iki hepde çemesi mundan ozal geçiren sammitinden soň amala aşyrylan iň agyr hüjüm boldy.

ABŞ resmileri ýüzbe-ýüz duşuşyk uruşlaryň bes edilmegine, hem-de Putin bilen Zelenskiniň arasynda ikiçäk duşuşygyň guramalaşdyrylmagyna ýol açar diýip, optimizm beýan edipdiler.

Kiýewde Russiýanyň hüjüminden soň düşürilen suratlar uly weýrançylygy görkezýär

Çagalar hüjümde zeper ýeten jaýyň golaýynda ýorgana bürenip otyrlar. Olaryň öý iti hem ýanynda.
1/24 Çagalar hüjümde zeper ýeten jaýyň golaýynda ýorgana bürenip otyrlar. Olaryň öý iti hem ýanynda.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Halas edijiler rus hüjüminiň bolan ýerinde harabalygyň aşagynda adamlary gözlemegi dowam etdirýärler. Häkimiýetler ölenleriň arasynda dürli ýaşdaky dört çaganyň bardygyny aýdýarlar.
2/24 Halas edijiler rus hüjüminiň bolan ýerinde harabalygyň aşagynda adamlary gözlemegi dowam etdirýärler. Häkimiýetler ölenleriň arasynda dürli ýaşdaky dört çaganyň bardygyny aýdýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Aýal maşgala hüjüm edilen jaýyň harabalyklarynda halas edilen pişigi alyp barýar.
3/24 Aýal maşgala hüjüm edilen jaýyň harabalyklarynda halas edilen pişigi alyp barýar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Paýtagtyň Darnytskiý etrabynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Halas edijiler zeper ýeten binanyň ýokarky gatyna çykmak üçin ýörite enjamlary we tehnikany ulanýarlar.
4/24 Paýtagtyň Darnytskiý etrabynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Halas edijiler zeper ýeten binanyň ýokarky gatyna çykmak üçin ýörite enjamlary we tehnikany ulanýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewiň şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Timur Tkaçenko 28-nji iýul gijesi bolan rus hüjüminde azyndan 15 adamyň wepat bolandygyny aýtdy.
5/24 Kiýewiň şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Timur Tkaçenko 28-nji iýul gijesi bolan rus hüjüminde azyndan 15 adamyň wepat bolandygyny aýtdy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewde weýran edilen binanyň golaýynda aglap duran gyz.
6/24 Kiýewde weýran edilen binanyň golaýynda aglap duran gyz.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewde 28-nji awgustda daň atanda partlamalar zerarly ýüze çykan ýangyn sebäpli paýtagtyň asmany tüsse bilen örtüldi.
7/24 Kiýewde 28-nji awgustda daň atanda partlamalar zerarly ýüze çykan ýangyn sebäpli paýtagtyň asmany tüsse bilen örtüldi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewli aýal harabalyklaryň arasynda kirpini tutup dur.
8/24 Kiýewli aýal harabalyklaryň arasynda kirpini tutup dur.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Lukmançylyk işgärleri hüjümde ýaralananlara kömek edýärler. Häkimiýetleriň habar bermegine görä, Kiýewiň 38 ýaşaýjysy dürli agyrlyk derejesinde ýaralanypdyr.
9/24 Lukmançylyk işgärleri hüjümde ýaralananlara kömek edýärler. Häkimiýetleriň habar bermegine görä, Kiýewiň 38 ýaşaýjysy dürli agyrlyk derejesinde ýaralanypdyr.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Jaýyň töweregi zeper ýeten kwartiralardan uçup düşen galyndylardan doldy. Binanyň öňünde duran awtoulaglara zeper ýetdi.
10/24 Jaýyň töweregi zeper ýeten kwartiralardan uçup düşen galyndylardan doldy. Binanyň öňünde duran awtoulaglara zeper ýetdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Lukmançylyk işgärleri Kiýewiň merkezinde ýaralanan adamy göterip barýarlar.
11/24 Lukmançylyk işgärleri Kiýewiň merkezinde ýaralanan adamy göterip barýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Darnytsiýa etrabynda göni urgy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Halas edijiler häzirki wagtda harabalygyň aşagynda galan adamlary boşatmaga synanyşýarlar. Rus ýolbaşçylary rus goşunynyň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna gönükdirilen hüjümleri amala aşyryp, parahat ilaty öldürýändigini inkär edýär. <br><br>Ukrain häkimiýetleri we halkara guramalary bu hüjümleri Russiýanyň uruş jenaýaty diýip häsiýetlendirýärler.
12/24 Darnytsiýa etrabynda göni urgy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Halas edijiler häzirki wagtda harabalygyň aşagynda galan adamlary boşatmaga synanyşýarlar. Rus ýolbaşçylary rus goşunynyň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna gönükdirilen hüjümleri amala aşyryp, parahat ilaty öldürýändigini inkär edýär.

Ukrain häkimiýetleri we halkara guramalary bu hüjümleri Russiýanyň uruş jenaýaty diýip häsiýetlendirýärler.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewde zyýan çeken ýaşaýyş bolmadyk binanyň fonunda duran skuterli ýaşaýjy.
13/24 Kiýewde zyýan çeken ýaşaýyş bolmadyk binanyň fonunda duran skuterli ýaşaýjy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Hüjümde onlarça awtoulaga zeper ýetdi.
14/24 Hüjümde onlarça awtoulaga zeper ýetdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Kiýewiň Žylýanski köçesinde birnäçe bina zeper ýetdi, döwülen penjireler zeper ýeten binanyň öňündäki meýdany örtdi.
15/24 Kiýewiň Žylýanski köçesinde birnäçe bina zeper ýetdi, döwülen penjireler zeper ýeten binanyň öňündäki meýdany örtdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Rus raketasy bilen urlan jaýda ýaşan adamlaryň goş-golamlary töwerek-daşa pytrady. Olaryň arasynda çagalaryň öýunjaklary bar.
16/24 Rus raketasy bilen urlan jaýda ýaşan adamlaryň goş-golamlary töwerek-daşa pytrady. Olaryň arasynda çagalaryň öýunjaklary bar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Itler gyssagly kömek gullugynyň işgärlerine harabalykdaky adamlary gözlemäge kömek edýär.
17/24 Itler gyssagly kömek gullugynyň işgärlerine harabalykdaky adamlary gözlemäge kömek edýär.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Käbir awtoulaglar doly ýandy.
18/24 Käbir awtoulaglar doly ýandy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Paýtagtyň etraplarynyň birinde weýran edilen ýaşaýyş jaýy.
19/24 Paýtagtyň etraplarynyň birinde weýran edilen ýaşaýyş jaýy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Azatlyk Radiosynyň ofisine raketanyň düşen pursady gözegçilik kameralary tarapyndan ýazga alyndy.
20/24 Azatlyk Radiosynyň ofisine raketanyň düşen pursady gözegçilik kameralary tarapyndan ýazga alyndy.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Russiýanyň Kiýewe eden hüjümi zerarly Azatlyk Radiosynyň edara jaýyna zeper ýetdi.
21/24 Russiýanyň Kiýewe eden hüjümi zerarly Azatlyk Radiosynyň edara jaýyna zeper ýetdi.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Zarbanyň tolkuny Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň redaksiýasynyň penjirelerini döwdi. Azatlyk Radiosynyň işgärleriniň arasynda hiç kim ýaralanmady.
22/24 Zarbanyň tolkuny Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň redaksiýasynyň penjirelerini döwdi. Azatlyk Radiosynyň işgärleriniň arasynda hiç kim ýaralanmady.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Rus goşunlary raýat ýolagçy gatnawyna, hususan-da, şäherara ýokary tizlikli otlylara hüjüm etdiler.
23/24 Rus goşunlary raýat ýolagçy gatnawyna, hususan-da, şäherara ýokary tizlikli otlylara hüjüm etdiler.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
“Ukržaliznytsia” demirýol edarasynda hiç bir reýsiň ýatyrylmajakdygyny belläp, goşmaça ulaglaryň işe giriziljekdigini aýtdylar.
24/24 “Ukržaliznytsia” demirýol edarasynda hiç bir reýsiň ýatyrylmajakdygyny belläp, goşmaça ulaglaryň işe giriziljekdigini aýtdylar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
Previous slide
Next slide

Ýöne rus resmileri, şol sanda Putin özleriniň gaty talaplaryndan, şol sanda Ukrainanyň ep-esli territoriýasyndan yza çekilmek babatynda hiç hili yşarat beýan etmediler.

“Russiýa indi dünýäde parahatçylyk isleýän hemmelere zarba urýar” diýip, Zelenski 28-nji awgustda özüniň gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

“Bu Ukraina garşy urlan zarbadyr... We bu Russiýa tarapyndan prezident Trampa garşy hem urlan zarbadyr” diýip, ol aýtdy.

Ak tamyň metbugat sekretary Karolin Liwit öten agşam urlan zarbalaryň Trampy ynjalyksyzlandyrandygyny aýtdy.

“Ol bu habara şat bolmady, ýöne geňem görmedi. Bu iki ýurt uzak wagtdan bäri urşup gelýärler” diýip, ol 28-nji awgustda habarçylara aýtdy.

Kiýewde iň agyr zarba urlan ýerleriň biri hem Darnytsýa etraby boldy. Ol ýerde bäş gatly jaýyň bir bölegine göni zarba uruldy.

Tramp Alýaskada 12-nji awgustda bolup geçen sammitde Kiýewiň howpsuzlyk kepillikleri boýunça haýyşnamasyna Waşingtonyň açyk bolandygyny yşarat etdi.

Ýewropaly ýaranlar ok atmak bes edilen halatynda, ABŞ-nyň hem gatyşmak ähtimallygy esasynda, Ukrainanyň howpsuzlygyny üpjün etjek çäreleri wada berdiler.

Ýewropa, ABŞ we BMG liderleri öten agşam Kiýewe garşy amala aşyrylan hüjümleri ýazgardylar. Britaniýa we Ýewropa Bileleşigi gahar gazap beýan etmek üçin, rus diplomatlaryny çagyrdylar.

Zelenski ýewropa liderleri bilen geçiren konferensiýa jaňynda “prezident Trampyň urşy soňlamakdaky aýgytlylygymyz babatynda bizi, Ýewropany jebis halda görmegi möhümdir” diýdi.

Ýokary derejeli ukrian liderleriniň Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff bilen Nýu Ýorkda duşuşyp, Ukraina ýardam bermegiň has köp ugurlaryny maslahat etmegine garaşylýardy.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen Ýewropa Bileleşiginiň ýakynda wagtda täze sanksiýalar bukjasyny, Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa girişeli bäri tassyklanan 19-njy sanksiýa bukjasyny kabul etjekdigini yglan etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Ukrainanyň haýyşy boýunça 29-njy awgustda howa zarbalary babatynda gyssaglyk duşuşyk meýilleşdirdi.

Bulardan başga-da, ABŞ-nyň Döwlet departamenti Ukraina ERAM (Extended Range Attack Munition), uzaklygy giňeldilen uçar raketalarynyň ok-därilerini we degişli enjamlary, takmynan 825 million dollarlyk ýaragy satmak baradaky ylalaşygy tassyklady.

Forum

XS
SM
MD
LG