Pekinden Aşgabada gelýän türkmen uçary Lebapda gondy, ýolagçylar karantinde saklanýar

Azatlygyň çeşmesi şu gün Pekinden Aşgabada gelmeli türkmen uçarynyň Lebap welaýatynda, Türkmenabatda gonandygyny habar berýär, onuň bortundaky ýolgaçylaryň öýlerine goýberilmän, 3 günläp karantin - gözegçilik ýagdaýynda saklanyljakdygy aýdylypdyr.

Azatlygyň Hytaýda okaýan türkmen studentleriniň arasyndaky çeşmesi kursdaşynyň bu reýs bilen Aşgabada gaýdandygyny, onuň ýany bilen alan azyk önümleriniň ählisini zyňdyrandyklaryny habar berdi.

Şu aralykda "Turkmen.news" neşiri, öz çeşmelerine salgylanyp, Hytaýdan dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem ýaýrap başlan wirus sebäpli, Lebap welaýatynyň durşuna karantin zonasy diýlip yglan edilendigini habar berdi.

Şeýle-de "Turkmen.news", uçuşlary yzlaýan "Flightradar 24" gullugyna salgylanyp, şu gün Hytaýdan gelen uçaryň Aşgabatda gonmaga derek, Türkmenabatda gonana meňzeýändigini belledi.

Şu aralykda, Hytaýda ýaýran wirus sebäpli, bu ýurtda okaýan türkmen studentleriniň maliýe ýagdaýlarynyň öňküsinden hem çylşyrymlaşandygy mälim boldy.

“Uniwersitetden daşyna çykaranoklar, banklar doly işlänok. Wiza kartlary bilen pul alyp bolmaýar. Eger kartyň bankomatda galsa, işiň gaýtdygy” diýip, Hytaýda okaýan türkmen studenti aýtdy.

“Western Union” arkaly ugradylan pullary hem häzir almak kyn, düýpden alyp bolanok diýsek-de bolar” diýip, student sözüni dowam etdirdi.

Şeýle-de ol studentleriň käbiriniň "hökümet WU arkaly iberilýän puluň möçberiniň biraz köpeltse-de, uly kömek etdigi, bize başga zat gerek däl" diýýändigini aýtdy.

Degişli maglumat BSG täze wirus sebäpli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi, türkmen prezidenti ýurtda howply kesellerden berk gorag goýuldy diýýär


Aýdylmagyna görä, studentelere ilçihana tarapdan goşmaça türkmen uçary bilen üpjün edilmek ähtimallygy agzalypdyr, ýöne munuň haçan boljakdygy belli däl.

Şeýle-de, çeşme beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň ewakuasiýa edilýändiginini eşidendiklerini belläp, türkmen ilçihanasynyň diňe wechat messenjer ulgamynda "emergency turkmenistan" diýen wechat toparyny açandygyny, onuň hem wechat toparlarynyň sany 500 adama ýetende dolup, başga adam goşmaz ýaly bolandygyny aýtdy.

IlçihanaTürkmenistana dolanasy gelýän studentler bilen uly bir iş geçirmeýär, şol bir wagtda ýurda dolanmakdan çekinýän, alada edýän studentler hem az däl diýip, çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, “Men ýurda baranymdan soň, Hytaýda ýagdaý gowulansa, yzyma dolanyp bilerinmi ýa-da bilmerin, bu belli däl” diýip, studentleriň köpüsi soňra okuwlaryny ýitirmekden alada galýar.

Çeşmäniň tassyklamagyna görä, Hytaýda häzir umumylykda alanyňda 300 töweregi türkmenistanly student yzyna dolanmak isleýär, olaryň 150 sanysy onuň ýaşaýan şäherinde ýerleşýär.

Türkmen hökümeti hiç hili maglumat bermänsoň, Azatlyk Hytaýda okaýan ýa işleýän türkmenistanlylaryň anyk sanyny aýdyp bilmeýär.

Degişli maglumat Türkmenistan howply wirusyň öňüni ýüzärlik bilen almaga synanyşýar


Bu maglumat “Türkmenhowaýollarynyň” Pekine we Bankoga uçar gatnawlaryny 2-nji fewraldan togtadýandygy barada çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň “Turkmenportal” neşiri 31-nji ýanwarda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Pekine we Bankoga bolan yzygiderli uçar gatnawlaryny näbelli möhlete çenli bes edýändigini habar berýär.

“Türkmenistan” awikompaniýasynyň uçarlary, düzgün boýunça, şu gün Taýlandyň paýtagtyna we Pekine uçdy, olar irden, ýagny 1-nji fewralda Aşgabada dolanyp geler diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, Bankok, Pekin we Aşgabat arasyndaky uçar gatnawy togtadylmazyndan öňki iň soňky reýsiň 2-nji fewralda, ýekşenbe güni boljakdygy bellenýär.

Neşiriň “Türkmen howaýollaryna” salgylanyp ýazmagyna görä, 6-njy fewralda Bankogo, 7-nji fewralda Pekine bolmaly uçar gatnawlary Hytaýda ýaýran koronawirus sepäpli goýbolsun edilýär, bu ýurtda galan türkmen raýatlary ýörite reýsler bilen alnyp gaýdylar.

Uçar gatnawlarynyň haýsy möhlete çenli togtadylýandygy häzirlikçe belli däl we gatnawyň dikeldilýändigi barada goşmaça habar berler.

Hytaýyň wirus ýaýran etraplaryndaky rus raýatlaryny ol ýerden çykarmak üçin Orsýet şun günden ýurduň Harby-kosmos gýüçleriniň uçarlaryny ulanyp başlýaýar. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bu baradaky buýrugy prezident Wladimir Putiniň berendigini aýtdy.

Şu aralykda Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) dünýäniň hökümetlerini koronawirusyň ýerli şertlerde ýaýramak ähtimallyklaryna taýýar bolmaga çagyrdy.

1-nji fewralda edilen çagyryş Hytaýyň ýurtda bu wirusdan ölen adamlaryň sanyny 259 adama galdyran wagtyna gabat geldi.