Türkmenistanda ilata koronawirusa garşy waksina etmek işine görülýän taýýarlygyň çäginde saglyk edaralarynyň işgärleri üçin türgenleşik geçirildi. Bu döwürde saglyk edaralarynda sanjym üçin talap edilýän resminamalary almakçy bolýanlaryň uly nobatlary emele geldi. Waksina ediljek raýatlara elektron saglyk kitapçasy bolmadyk halatynda COVID-19 sanjymynyň edilmejekdigi duýduryldy.
Türkmenistanyň gündogar sebitindäki saklyk edaralarynda uly nobatlar emele geldi. Ýüzlerçe adam keselhanalarda ýygnanyp, koronawirusa garşy waksina etmek üçin zerur bolan elektron saglyk kitapçasyny almak üçin birnäçe sagat nobata durýarlar. Azatlygyň ýerli habarçylary bu barada 2-nji fewralda habar berdiler.
Hususan-da, Farap, Dänew we Darganata etraplarynyň ýaşaýjylaryna waksina üçin saglyk kitapçalarynyň talap ediljegini ýerli saglyk öýleriniň lukmanlary habar beripdir.
Degişli maglumat Türkmenistan öz ilatyna waksinasiýa etmäge taýýarlanýarTürkmenistandaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Orsýetiň koronawirusa garşy "Sputnik V" waksinasynyň edilip başlanmagyna 15-nji fewralda garaşylýar. Waksinasiýa ilkinji nobatda ediljek raýatlaryň taýýarlanan sanawlaryna ýaşy 60-dan geçen adamlar, lukmanlar, mugallymlar we hroniki keselleri bolan adamlar girýärler.
Koronawirusa garşy waksinalar ýerli saglyk öýlerinde ediler. Sanjym etmek işini ýerine ýetirjek saglyk işgärleri ýörite tälim alýarlar. Habarçylar, hususan-da, ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda sebit şepagat uýalary üçin COVID-19 sanjymy boýunça okuwlaryň geçirilendigini habar berdiler.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzir saglyk kitapçasyny almak talaby goşmaça maliýe çykdajylary göz öňünde tutýar we ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän halk köpçüligine uly agram salýar.
Saglyk kartasynyň bahasy 51 manat, bank hyzmatlary üçin ýene 53 manat alynýar. Türkmenistanyň ilaty birnäçe ýyl bäri azyk, derman we nagt ýetmezçilik şertlerinde ýaşaýar.
Koronawirus pandemiýasy döwründe girizilen çäklendirmeler döwlet sektorynda köpçülikleýin iş orunlarynyň azaldylmagyna, hususy kärhanalaryň ýapylmagyna we ilatyň aglaba köpçüliginiň beýleki girdeji çeşmelerden mahrum bolmagyna getirdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusa garşy waksinasiýa üçin taýýarlyk barada resmi düşündiriş bermeýärler.
Degişli maglumat COVID-19: “Sputnik V” sanjymlary başlaýar, çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýarAzatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň habar bermegine görä, ilaty waksinasiýa üçin taýýarlamagyň çäginde 60 ýaşdan uly adamlaryň arasynda gan barlaglary geçirilýär. Gan barlagynyň üsti bilen antitela ýagny organizmiň kabul etmeýäniniň bar ýa-da ýokdugyny anyklamak işi geçirilýär. Azatlygyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmelerine görä, ganynda antitela tapylmadyklara waksina ediler, tapylan ýagdaýynda edilmez. Emma çeşmeler, koronawirusyň ýokdugyny resmi taýdan yglan edýän ýurduň ilatynda bu keseliň başdan geçirilendigini görkezýän antitela jisiminiň nädip tapylyp bilinjekdigini düşündirip bilmediler.
Öz territoriýasynda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik Türkmenistan, ýylyň başyndan bäri birbada iki sany rus sanjymyny hasaba aldy.
Sişenbe güni "The Lancent" halkara lukmançylyk žurnalynda çap edilen soňky kliniki synagyň netijelerine görä, Orsýetiň "Sputnik V" waksinasynyň adamlara COVID-19 keseliniň ýokaşmagynyň öňüni almakda 91,6% täsiri anyklanypdyr. Bu barada Reuters agentligi 2-nji fewralda habar berdi. Maglumata görä, alymlar III tapgyr synag netijeleriniň dünýäde ölüm howply pandemiýa garşy göreşmek üçin ýene bir täsirli ýaragyň bardygyny aňladýandygyny belleýärler.
Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistana günbatar ýurtlarynda öndürlen Pfizer-BioNTech sanjymynyň hem getirilendigini aýdýarlar, ýöne onuň ýurtda hasaba alynmagy barada hiç hili anyk maglumatyň ýokdugyny belleýärler.
28-nji ýanwarda türkmen ýolbaşçylary beýleki daşary ýurt sanjymlaryny öwrenmek we hasaba almak niýetini resmi derejede tassykladylar.
Degişli maglumat COVID-19: Lebapda üçünji karantin zonasy esaslandyryldy, waksina sanjymlaryna taýýarlyk görülýärÝurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan maslahat berilýän daşary ýurt waksinalaryny we medisina önümlerini öwrenmek hem hasaba almak barada görkezme berdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurtlara gidýän talyplara we raýatlara şol ýurtlarda ulanylýan waksinalar bilen sanjym etmegiň zerurdygyny we Türkmenistana gelýän daşary ýurtlularyň waksina şahadatnamalarynyň bolmalydygyny mälim etdi.
Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ýolbaşçylary ilatyň köpçülikleýin kesellemegi we COVID-19 alamatlary bolan kesellerden ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly ýagdaýy agzamaýarlar we resmi düşündiriş bermeýärler.
Ýurtda berk çäklendirmeler we hökmany maska geýmek talaplary berjaý edilýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri öz talaplarynyň "ýokanç keselleriň öňüni almak çäreleriniň çäginde" durmuşa geçirilýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.