Studentleriň okuwdan boş wagtyny geçirişine, başy tahýaly bolmagyna gözegçilik edilýär

Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda häkimiýetleriň ilata, ilkinji nobatda ýaşlara gözegçiligi göz-görtele güýçlendirilýär. Soňky günlerde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan ýaşlaryň özlerini alyp barşy, okuwdan boş wagtyny geçirişi we hatda tahýa geýip-geýmezligi gözegçilik astyna alynýar. Bu aralykda köçelerde jemgyýetçilik transportynda ilatyň üst başyna polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýär, käbirleriň el goşlary hem barlanýar.

Okuw sagatlarynda ýa-da çärelere gatnaşýan wagtynda berk gözegçilik astyndaky türkmen studentleri indi boş wagtynda öz islegine görä wagt geçirmekden mahrum edilýär. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň işgärleri we okuw jaýynyň mugallymlary ýaşlaryň dynç we baýramçylyk günleri näme edýändigine, okuwdan soň agşamlaryna nähili wagt geçirýändigine, nirä barýandygyna doly gözegçilik edýärler we hatda islendik zerurlyk üçin, şol sanda dükana çykýan pursatlaryny hasaba alýarlar.

Degişli maglumat Aşgabadyň ÝOJ-ynda talyplardan Täze ýyl baýramçylygy geçýänçä umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak talap edilýär

"Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň komendantlary we gezek-gezegine nobatçylyk çekýän mugallymlar gün uzyn we tutuş gije gözegçilik alyp barýarlar. Bu ýagdaý ýaşlara örän erbet täsir edýär. Rahatsyzlyk döredýär. Olar özleriniň ruhy basyş astyndadygyny, şahsy durmuşyna ýol berilmeýändigini aýdýarlar. Olaryň ähli hereketlerini mugallymlar, dekanlar, rektor, prorektorlar, bölüm müdirleri, synp ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenýär" diýip, aşgabatly studentler bilen gürleşen habarçymyz aýdýar.

Şeýle-de, gözegçileriň aladasy oglan hem-de gyz okuwçylarynyň kellesinde tahýa geýip ýörmegini berjaý etmekden ybarat. Bu hem studentlerde garşylyk duýgusyny döredýär.

"Ýaşlara dumly-duşdan edilýan basyşlar we gadagançylyklar olara ýaramaz täsir edýär. Olar görkezmeleriň tersine hereket edýärler. Studentler okuw wagty arakesmä çykan wagtynda tahýasyny sypyrýarlar ýa-da umumy ýaşaýyş jaýyny terk edenden soň tahýasyny çykaryp, kiselerine salýarlar. Telefon gadagançylyklaryna garamazdan, gizlin ýerlerinde telefon göterýärler" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Habarçylarymyz bilen gürleşen ene-atalar we käbir mugallymlar gadagançylyklaryň studentleriň psihikasyna täsir edýändigini we doly gözegçilik astyndaky ýaşlarda agressiýanyň artmagyna sebäp bolýandygyny belleýärler.

"Kapasada saklanýan haldaky oglanlar daşarda özleri ýaly deň-duşlaryny görende zynjyrdan boşan ýyrtyjylar ýaly birek-biregine igenip, urşa baş goşýarlar, şikes ýetirýän ýakalaşyklar hem bolýar" diýip, habarçymyz belleýär.

Bu ýagdaý ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň "ahlak terbiýesine" bagyşlanan ýygnaklaryň köpelen wagtyna gabat geldi. Gyz okuwçylary mejbury ginekologiýa barlagyndan geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň mobil telefonlary yzygiderli barlanýar.

Degişli maglumat Polisiýa 'ahlak göreşini' güýçlendirýär, ýaş ýigitler 'hilebazlygyň gurbany' bolýar

Bu aralykda köçelerde we jemgyýetçilik transportynda polisiýa gözegçiligi güýçlendi. Aşgabatda awtobus duralgalarda ir sagat 7-9 aralygynda etrap polisiýasynyň işgärleri nobatçylyk çekýärler. Olar ilatyň üst başyna syn edýärler we käbirleriň el goşlaryny barlanýar.

"Olar esasan duralgalarda awtobusa garaşýan adamlaryň nähili geýnendigini, erkek adamlaryň sakgalynyň ösgün bolup-bolmazlygyny synlaýarlar. Şeýle-de polisiýa geçip barýan pyýadalaryň el goşlaryny synlap, uly göwrümli el goşy bolanlary saklap, sumkalarynyň içindäki düzümini barlaýar" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň ýene biri 20-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, eşikleri hor-homsy adamlar hem polisiýanyň ünsüni çekýär. Polisiýa olary gyra çekip, jübülerini çöwrüp barlaýar.

Ýoldan nädogry ýerde geçen adamlar hem saklanýar we jerimä sezewar edilýär.

Elinde üçden köp çörek alyp barýan adamlar bolsa polisiýa tarapyndan diňe bir saklanman, polisiýa bölümine alnyp barylýar.

Degişli maglumat "Türkmençilik" talaby güýçlenýär

Türkmen häkimiýetleriniň ýaşlaryň okuwdan boş wagtyna gözegçiligi güýçlendirmegi we tahýa geýmäge mejbur etmek boýunça alyp barýan hereketleri ýurtda adamlaryň şahsy durmuşyna goşulyşmagyň, hereket azatlygyny çäklendirmeginiň we millilik düşünjesini zor bilen ornaşdyrmak tagallalarynyň nobatdaky tapgyryna gabat geldi.

Ýurtda adamlaryň daş-keşbine, geýýän geýimlerinden başlap, ýüz-gözüne, saçyna we sakgalyna çenli gözegçilik edilip, täsir ýetirmek boýunça alnyp barylýan çäreler iki ýyl bäri dowam edýär.

Ýaňy-ýakynda BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetinde hasabat beren türkmen resmileri şeýle hereketleri raýatlaryň hak-hukuklarynyň depelenmegi hökmünde ykrar etmekden boýun gaçyryp, muny milli dessurlar bilen düşündirmäge çalyşdylar.

Degişli maglumat Umumy ýaşaýyş jaýlaryndan kwartira çykjak talyplardan 5 müň manat para soralýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.