Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýolbaşçy düzüm prezidentiň kakasynyň kyrky geçýänçä saç syrdyryp, tahýa geýmeli edildi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynda edara-kärhanalaryň ýolbaşçy düzümlerinden Gurbanguly Berdimuhamedowyň merhum kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky geçýänçä saç syrdyryp, tahýaly gezmek talap edilýär. Erkek ýolbaşçylara degişli bolan bu ‘düzgün’, prezidentiň bir aýdan gowrak wagt bäri tahýa geýip, kakasynyň ýasyny tutýan wagtyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda girizilen bu talabyň diňe bir döwlet-edara kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna däl, eýsem hususy firmalaryň dolandyryjylaryna-da degişlidigini aýtdy.

Prezidentiň kakasy 18-nji aprelde 88 ýaşda aradan çykdy. 28-nji maý, anna güni onuň ölümine 40 gün bolýar.

“Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky geçýänçä ýolbaşçy düzüme saç syrdyryp, kellesi tahýaly gezmek tabşyryldy” diýip, buýrukdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Kakasynyň ýedisi geçýänçä Berdimuhamedow köpçülige çykmady, döwlet telewideniýesinde görkezilmedi. Galyberse-de, prezidentiň kakasynyň ölüminiň yz ýanyna gabat gelen at we it baýramlary ýurtda dabaraly şowhun bilen bellenip geçildi we dabaralarda Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow öňe çykaryldy.

Kakasynyň ölüminden bäri prezident, onuň ogly Serdar we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylar jemgyýetçilikde tahýa geýýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, Lebapda aýal býujet işgärleri, şol sanda mekdep mugallymlary gara reňkli nagyşlar bilen bezelen ýas ýaglyklaryny dakynýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, prezident geçirilýän çärelere gara ulagda gatnaşýar. “Ýas günleri gara maşyn, tahýa, aýdym-saz düşüner ýaly däl” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen däp-dessurlarynda gara reňk ýas reňki bilen ilteşdirilýär we aýal-gyzlar ýakyn hossarlary aradan çykandan soň, ýas günlerinde köplenç gara reňkli nagyşlary bolan ýaglyklary dakynýar.

“Lebap welaýatynda kellesi tahýasyz MHM (Milli howpsuzlyk ministrligi) işgärleriniň ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň gözüne görünýän mekdep direktorlarynyň hem-de keselhana ýolbaşçylarynyň işden boşadyljakdygy duýduryldy” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagynyň yz ýany Maryda toý mekan eýeleri üç güne çenli toý toýlamagyň özlerine gadagan edilendigini aýtdylar. Toý gadagançylygy Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ýedi gün öz güýjünde galdy. Şeýle-de, häkimiýetler Mary we Lebap welaýatlarynda merhumyň ýas sadakalary üçin býujet işgärlerinden pul toplady.

Galyberse-de, 24-nji aprelde welaýatlaryň ýerli wekilleri, şol sanda etnik azlyklaryň wekilleri öz milli lybaslarynda prezidentiň kakasynyň bir ýas sadakasyna gatnaşmaly edildi.

Häkimiýetler merhumyň ýas sadakalary üçin maý aýynda hem býujet işgärlerinden pul toplamak işlerini dowam etdirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berdi.

Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Türkmenistanda býujet işgärlerinden ol ýa-da beýleki sebäbe salgylanyp, yzygiderli pul ýygnalýar. Mundan ozal, häkimiýetler “tebigaty goramak üçin”, “pagta ýygymy üçin”, “welosiped satyn almak üçin”, “prezidentiň portretlerini satyn almak üçin” we beýleki ýagdaýlar boýunça býujet işgärlerinden pul toplady.

Ýöne Maryda we Lebapda ilkinji gezek prezidentiň maşgala meselesi üçin býujet işgärlerinden pul ýygnaldy.

Galyberse-de, Türkmenistanda Mälikguly Berdimuhamedowyň ölüminden soňra, ýaňy-ýakynda prezidentiň ejesi Ogulabat Kürräýewanyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmak işleri täzeden ýaýbaňlandy.

Geçen hepde ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda we Maryda prezidentiň ejesiniň el işlerine bagyşlanyp sergiler we aýal-gyzlar bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ähli türkmen aýal-gyzlaryndan prezidentiň ejesine meňzemeklik talap edildi.

Türkmen režimi Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultyny yzygiderli dabaralandyrýar, munuň bilen baglylykda prezidentiň ene-atasy, ogly we agtyklary şöhratlandyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG