Mary welaýatynda zorlugyň derňelmegini talap eden Jeren Altyýewanyň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi baradaky maglumat, şu günler köp türkmenistanlynyň arasynda ara alnyp maslahatlaşylýan esasy temalaryň birine öwrüldi.
Ýaşaýjylaryň, ýerli synçylaryň, intelligensiýa wekilleriniň ençemesi “häkimiýetleriň alyp barýan repressiw hereketlerine ilat arasynda aç-açan nägilelikleriň we göz ýummazlyk pikir alyşmalarynyň artandygyny, bularyň indi ymykly syýasy nägilelige öwrülmegiň bosagasyna ýetip barýandygyny” aýdýar.
“Halk sosial ulgamlarda şikaýat etse ýa-da arzyny ýetirmek islese, adaty medeniýet bilen sorasa, prezident we maşgala agzalaryna paýyş söz bilen ýüzlenmese, döwlet ýolbaşçylary diňläýmeli. Halkyň ynanyp, arzlaryny öz prezidentine aýtmagy gowy zat. Adamlaryň arzlaryny, şikaýatlaryny, kynçylyklaryny, ýerlerde çözülmeýän meselelerini ýurt ýolbaşçylary, prezident diňlemejek bolsa, onda kim diňlemeli, kime eşitdirmeli?!” diýip, türkmenistanlylaryň biri anonimlik şertinde aýdýar.
Degişli maglumat
Zorlugyň derňelmegini talap eden Jeren Altyýewa ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi - turkmen.newsBellesek, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy Jeren Altyýewa kezzapçylyk aýyplamasy boýunça ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip, garaşsyz turkmen.news neşiri 13-nji noýabrda habar berdi. Altyýewa öňki adamsyny özüne we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyna garşy jynsy zorluk etmekde aýyplapdy. Ol häkimiýetlere eden ýüz tutmalarynyň netije bermändigini aýdyp, bu barada sosial mediada birnäçe gezek çykyş edipdi. Hukuk goraýjylar Altyýewanyň şol çykyşlary sebäpli yzarlanan bolmagyndan alada bildirýärler.
Söhbetdeşlerimiz ýurtda TikTok, Instagram, IMO, Telegram ýaly sosial ulgamlarda ýa-da Azatlyk Radiosynda prezidente arzyňy, ýüzlenmäňi medeniýetli ýetirmek mümkinçiliginiň ýokdugyny, bu platformalarda çykyş edenleriň “watan dönügi” hasaplanýandygyna ünsi çekýärler.
“Syýasy nägilelige öwrülmegiň bosagasyna ýetip barýar”
Şeýle-de, olar adamlaryň ýerli häkimiýetlerde adalat tapyp bilmän, sosial ulgamlarda çykyş edýändigini belläp, “enäniň talabyna berk syýasy repressiýa bilen jogap berilmegi hem ýurtda kanunçylygyň işlemeýändiginiň nobatdaky subutnamasy” diýýärler.
“Onuň [Altyýewanyň] ykbaly ýurtda häkimiýetlere ynanyp bolmajakdygynyň, kanunçylygyň işlemeýändiginiň ýene bir alamaty. Ýöne adamlar özarasynda ‘indi her kimiň sabyr käsesi dolup barýar, bu ýagdaý ymykly syýasy potologa urup, syýasy nägilelige öwrülmegiň bosagasyna ýetip barýar diýýärler” diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Soňky ýyllarda, hususan-da, soňky aýlarda Türkmenistanda sosial ulgamlarda raýatlaryň öz duçar bolýan kynçylyklary, şol sanda döwlet tarapyndan berk gadagan edilen diýilýän meseleler boýunça öz arz-şikaýatlaryny we nägileliklerini aç-açan aýtmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Muňa sosial ulgamlarda ýaýraýan wideolar şaýatlyk edýär.
Ýaşaýjylaryň, ýerli synçylaryň, intelligensiýa wekilleriniň ençemesi raýat işjeňliginiň diňe sosial ulgamlarda däl, eýsem ilat arasyndaky janly gürrüňlerde hem göz-görtele artandygyny aýdýar.
Degişli maglumat
Ýerli synçy: Onlaýn ýüzlenmeler raýatlaryň ýerlerde adalat tapmak kynçylygyny görkezýär“Bu meseleleriň arasynda ‘mejbury pagta ýygymy’, ‘mejbury abuna, pul ýygnamak’, ‘mejbury döwlet çäreleri’, ‘ýurtda bar bolan ykdysady we sosial kynçylyklar hakynda dymmak’, ‘internet we maglumat ýapyklygy’, ‘wiza we hereket azatlygy’ ýaly mowzuklar bar. Soňky aýlarda bu meseleleriň ählisi diýen ýaly ilatyň agzyndan düşmeýär, adamlar aç-açan indi Serdar Berdimuhamedowy kakasynyň täsirinden çykyp, durmuş reallyklaryny boýun almaga çagyrýarlar” diýip, ýagdaýlara syn edýän ýerli synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu çykyşlarda raýatlaryň arasynda raýdaşlyk we birek-biregiň kynçylyklaryna aç-açan duýgudaşlyk bildirmegi, adamlaryň öz kynçylyklaryny dile getirmäge bolan hukugynyň elinden alynmagyny we häkimiýetleriň olary sem etdirmek syýasatyny ýazgarmagy hem göz-görtele artyp başlady.
“Olar munuň ahyrsoňy syýasy reňke geçmeginden aladalanýar”
“Häkimiýetler raýat işjeňliginiň, adamlaryň hak-hukuk talaplarynyň, bu baradaky diskussiýalaryň artmagyny syýasy howp görýär. Olar munuň ahyrsoňy syýasy reňke geçmeginden alada edýärler. Mundan häkimiýetleriň gaty gorkýandygyny diňe we diňe jynsy zorlugyň derňelmegini talap eden zenanyň, enäniň, Jeren Altyýewanyň türmä basylmagynda hem görmek bolýar” diýip, synçy pikirini paýlaşdy.
Degişli maglumat
Arzyny eşitdirmek üçin welaýatlardan paýtagta, prezident köşgüne gelýänler köpelýärTürkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär.
Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan, şol sanda giň ýaýran işsizlikde, azyk gymmatçylygyndan, işleýän adamlaryň azlyk gazançlarynyň pes bolmagyndan ejir çekýär.
Munuň bilen bir wagtda, ýurtda häkimiýetlere arz-şikaýatlar bilen ýüzlenýän, ýerli häkimlikleriň öňüne üýşýän ýa-da welaýatlardan paýtagta, prezident köşgüne gelýänler köpelýär.
Bu aralykda, häkimiýetler ilatyň arz-şikaýatlaryny diňlemegiň deregine, olary bu mümkinçilikden hem mahrum edip, “sem etmäge” çalyşýan ýaly bolup görünýär.
Geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda prezidentiň we döwlet edaralarynyň adyna elde ýazylan hatlary we arzalary kompýuterde çap edip bermek hyzmatyny hödürleýän merkezler ilatyň ýüzlenmeleri çap edip bermegi bes etdiler. Merkezleriň resmileri munuň sebäbini özlerine ilatyň ýazýan arzalaryny we hatlaryny çapdan çykaryp bermezlik barada Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri tarapyndan ýörite görkezmäniň berlendigi bilen düşündirdiler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.
Degişli maglumat
“MHM gadagan etdi”: Çaphanalar ilatyň häkimiýetleriň adyna ýazýan arza-şikaýatlaryny çap edip bermegi bes etdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.