Talyplar ‘döwlet dilegçiliginden halys bolandyklaryny' aýdýarlar

Mary sebiti. Çärä gatnaşdyrylýan talyplar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar, studentleriň ene-atalary ‘döwlet dilegçiliginden, bikanun pul ýygnalmagyndan we çärelerden halys bolandyklaryny’ aýdýarlar. Anonimlik şertinde gürleşen talyp ÝOJ ýolbaşçylarynyň 'iýjek çöregine el urýandygyny, ýarym aç bolýandygyny' aýtdy. Magaryf işgärleri döwletiň bu meselä hemme taraplaýyn seredip, ýurduň geljegine wehim salýan ‘bilim meselesini basymrak çözmelidigini' belleýärler.

Synçylaryň käbiri, anonimlik şertinde gürleşen pedagoglar türkmen ÝOJ-laryndaky okuw, bilim derejesiniň hökümet çäreleriniň ‘birinji orunda goýulmagy’, ýaşlaryň ‘hemişe bergili ýaly edilip saklanmagy’ netijesinde gaty pese gaçandygyny öňe sürýärler.

Türkmen ÝOJ-lary ýaşlary daşary ýurda 'itekleýär'

ÝOJ-larda emele gelen çylşyrymly ýagdaý barha köp raýatyň çagasyny daşary ýurtlarda okatjak bolmagyna, dowam edýän ‘beýni göçüniň ulalmagyna’ sebäp bolýar.

“Diňe Orsýetde 57 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar. Bu ýagdaý ýurduň her ýyl ýüzlerçe ‘beýnisini we köp puluny ýitirmegine, döwletiň geljeginiň sorag astyna düşmegine’ sebäp bolýar” diýip, aşgabatly professor aýtdy.

Degişli maglumat

Mekdep üpjünçiligi 'kynlaşýar', 'tölegsiz bilime' näme boldy?

Talyplary aljyradýan ‘döwlet dilegçiligi’ baradaky habar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenýän wagtyna gabat geldi. Bu gurama öňki Komsomol guramasynyň ýerine döredildi we sowet, propaganda usulynda işleýär diýip, synçylar aýdýar.

“Bu gurama ýaşlaryň okuw, iş meseleleri, ýurt içinde ýa daşynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary bilen düýpden gyzyklanmaýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran synçy döwlete degişli guramalardan beýle alada garaşyp bolmajakdygyny hem sözüne goşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çap eden gutlagynda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ‘giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy” aýdylýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly pedagogyň pikiriçe, ýurduň bilim pudagynda ‘giň gerimli işler däl, ýykgynçylyk amala aşyrylýar’.

Bu pikiri Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen talyplar hem tassyklaýar.

“Her talyba aýda azyndan 5-6 müň manat pul gerek bolýar. Bu çykdajylar ýokary okuw jaýlaryndaky gündelik aladalar, dürli bahanalar bilen ýygnalýan pullary hem öz içine alýar. uniwersitetde, kafedralarda, auditoriýalarda lampoçka çalyşjak bolsalar hem, hökmany suratda talyplardan pul ýygnaýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran talyp aýtdy.

Okuwa berilmeli üns 'pul tygşytlamaga gidýär'

Onuň sözlerine görä, diňe okuwyň özi üçin günde 80-100 manat töwereginde pul çykýar, ýasalýan okuw esbaplary, stendler, mugallymlaryň ulanýan kagyzlary, ruçkalary hem ‘studentleriň boýnuna’, gurply maşgaladan bolmadyk oglan-gyzlar hemişe pul tyşytlap, 'ýarym aç ýaşaýar, okuwyna gowy üns berip bilmeýär'.

Azatlyk talyplaryň ‘emeli çykdajylary’ barada aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.

Aşgabatly pedagogyň tassyklamagyna görä, türkmen ÝOJ-laryna girýän ýaşlaryň aglaba köplügi gurply diýilýän maşgalalardan bolup, olaryň ene-atalary ‘diplom alsa bolýar, barybir bilimlä orun ýok’ diýen pikirden ugur alýar.

“Ýönekeý, güzeranyny zordan aýlaýan maşgalalar, çagalary mekdepde gowy okan, bilim almaga höwesli bolsa-da, pullary bolmansoň, ÝOJ-laryň golaýyna gelmeýär. Bu ýagdaý türkmen ÝOJ-larynda okamak isleýän zehinli ýaşlaryň ýyl-ýyldan azalmagyna getirýär.”

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, türkmen ÝOJ-laryna girjek bolýan ýaşlaryň azalmagy ‘okajak, ýöne para berip bilmeýän ýaşlaryň käbirine ýol açýar’.

“ÝOJ-larda talyplardan ýygnalýan bikanun pullar esasan pukara maşgalalardan bolan talyplara agyr düşýär. Üstesine, professorlar gurply maşgalalardan bolan çagalara gaty-gaýrym söz aýtmaýar, pukara talyplara yzgytsyz çemeleşýär” diýip, ozalky magaryf işgäri aýtdy.

Degişli maglumat

ÝOJ-larda pul ýygnamak işleri başlandy, talyplar bäşinji kursa ýetmegiň kyn boljakdygyny aýdýar

Türkmen talyplary ýaşaýyş jaýlary üçin hem ‘köp çykdajy’ etmeli bolýar we, pul tygşytlamak üçin 'ýaramaz şertlerde ýaşaýar'.

Umumy ýaşaýyş jaýlary diňe 1-nji kursda okaýan talyplara berilýär, ikinji kursa geçenler ol ýerden çykmaly we şäherden we onuň eteklerinden jaý gözlemeli.

Tölegli fakultetde, ene-atasynyň puluna okaýan talyplara umumy ýasaýyş jaýy asla berilmeýär.

Sebitlerden gelen talyplar dar jaýlarda, 'gysylyp ýaşaýarlar'

“Aşgabatda her talyp kwartira üçin ortaça 1 müň manat pul töleýär. Talyplar bir otagda 4-5 adam bolup ýaşaýarlar. Bir kwartirada 10-15 talyp ýaşaýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen talyp aýtdy.

Onuň sözlerine görä, pully okan talyplar okuwy tamamlanlaryndan soň iş tapyp bilmän kösenýär.

Iki ogluny pully okadan aşgabatly ene bu aýdylýanlary tassyklap, 'döwlete bilimli, hünärli adam gerek däl ýaly, Berdimuhamedowlar özlerini öwdürmän, iş orunlary barada pikir etse gowy bolardy' diýdi.

Türkmen ÝOJ-laryndaky okuw we her dürli bahana bilen ýygnalýan pullara gyzlara has agyr düşýär.

“Okuw jaýlarynda gyzlaryň geýjek donlary, köýnekleri ÝOJ-uň beren [satan] materiallaryndan, görkezen tikinçilik öýlerinde tikdirilmeli” diýip, talyp gyz bu talabyň pukara maşgalalardan bolan gyzlara has gymmat düşýändigini belledi.

Azatlygyň habarçylary 2021-nji ýylyň awgustynda ÝOJ-laryň talyplaryndan sport egin-eşikleri üçin 3400 manat pul ýygnalýandygyny habar berdiler.

Resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlara görä, köpçülikleýin çäreler, welosiped, bag ekmek we beýleki işler üçin ýygnalan pullardan başga, şol ýylyň maýynda paýtagtdaky ÝOJ-laryň mugallymlaryndan we talyplaryndan "prezidentiň merhum kakasynyň anna agşamyny geçirmek üçin hem 50 manatdan pul toplandy.

Azatlygyň habarçylarynyň öňki ýyllarda beren maglumatlaryna görä, býujet hasabyna bilim aljak dalaşgärlerden alynýan paranyň möçberi 300 müň manatdan 2 million 500 müň manada çenli aralykda saklanýar.

Görülýän çäreler 'ýarty, ýagdaý gowulyga tarap üýtgemeýär'

Türkmenistanyň öňki prezidenti-de, häzirki prezidenti hem ýurduň bilim pudagyndaky meseleleri bölekleýin boýun alýar. Ýöne görülýän çäreler para alýan resmileriň we pedagoglaryň käbiriniň jogapkärçilige çekilmeginden, bilim ministriniň we rektorlaryň täzelenmeginden aňryk geçmeýär diýip, magaryf hünärmeni aýtdy.

Degişli maglumat

ÝOJ-lara 'para kabul ediş möwsümi' tamamlandy, paranyň möçberleri bu ýyl '15-25 % çemesi azaldy'

Onuň pikiriçe, döwlet bu meselä hemme taraplaýyn seredip, ýurduň geljegine wehim salýan ‘bilim meselesini basymrak çözmäge çalyşmaly’.

Türkmenistan ýurtda saklanyp galýan bilim meseleleri sebäpli daşary ýurtlarda okaýan we soňra ýurda gelmeýän, ýa-da gelip, soň ýene daşary ýurda işlemäge gidýän raýatlarynyň sanyny aýtmaýar, daşary ýurtlara hünärini ýokarlandyrmaga iberilip, soň yzyna gelmeýän hünärmenleri barada açyk gürrüň etmeýär.

Azatlyk bilim resmileri habarlaşyp, ÝOJ-lardaky ‘döwlet dilegçiligi’ diýilýän we beýleki meseleler barada düşündiriş alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.